Ï Bagtyýarlygyň çeper keşbi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bagtyýarlygyň çeper keşbi

view-icon 18654
Bagtyýarlygyň çeper keşbi
Bagtyýarlygyň çeper keşbi
Bagtyýarlygyň çeper keşbi
Bagtyýarlygyň çeper keşbi
Bagtyýarlygyň çeper keşbi
Bagtyýarlygyň çeper keşbi

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Medeniýet ministrligi bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda suratkeşleriň we nakgaşlaryň arasynda yglan edilen «Bagtyýarlyk döwrümiziň çeper keşbi» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu geçirilen sergide 200-den gowrak sungat eserleri görkezildi.

Bu geçirilen sergide Türkmenistanyň Lebap welaýatyndan heýkeltaraş Eminjan Şaýmardanowyň «Alaw guş-kaknus» atly eseri 1-nji orna mynasyp boldy.

Lebap welaýatynyň Talhanbazar obasynda (Amul galasynyň boýunda) Eminjan Şaýmardanow 1954-nji ýylyň 21-nji iýulynda eneden dogulýar. Çagalygyndan Amyderýanyň – ýagny däli Jeýhun diýilýän derýanyň Garabekewül şäherçesine golaý bolanlygy sebäpli çagalygyndan tebigatyň gözelliklerine söýgüsi artyp başlapdyr.

Eminjan şol derýanyň ördekdir-gazlaryna, şeýle-de golaýyndaky tokaýlyklarynda bolmak onuň gündelik durmuşuna öwrülip, ol şol tebigaty wasp edip ony janlandryp akwarel suratlary çekmegi gowy görüpdir. Ol ilki – ilkiler palçykdan özboluşly täsin heýkelleri ýasamaga başlapdyr.

Eminjan 1972-nji ýylda Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň «Heýkeltaraşlyk» bölümine okuwa girýär. Soňra heýkeltaraş 1973-nji ýylda Watan goragyna çagyrylýar. Gulluk etmek bilen Eminjan öz kärine gaty köp üns beripdir, ol Daşkendiň muzeýlerine birnäçe gezek baryp, şol ýerde geçirilýän sergilerde ýasalan heýkellere uly höwes bilen tomaşa eder ekeni.

Bu käre bar ukybyny siňdiren Eminjan Türkmenistanyň ussat heýkeltaraşy Saragt Babaýew ýaly ussat halypalar bilen gürrüňdeş bolup öz tejribesini artdyrýar.

1989-nji ýylda Daşkendiň Ostrowskiý adyndaky teatr we çeperçilik institutynyň monumental heýkeltaraşlyk bölümine okuwa girýär. Ol ýokary okuw jaýynyň profesor mugallymlarynyň, ussat halypalaryň elinde tälim alýar. Okuwy üstünlikli tamamlanyndan soň öz dogduk mekanyna dolanyp gelip, 1995-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň häzirki Seýitnazar Seýdi adyndaky sazly drama teatrynda baş suratkeş bolup işläpdir.

Häzirki döwürde Eminjan Şaýmardanow erkin dörediji bolup, ol ýurdumyzda geçirilýan sergidir ýaryşlara uly höwes bilen gatnaşyp, diňe baýrakly orunlara mynasyp bolýar.

Azady Myradow