«Saýatly-Hemra» dessanynyň gahrymany Balsaýadyň gupbasy üçin birinji baýrak

eye
5471
«Saýatly-Hemra» dessanynyň gahrymany Balsaýadyň  gupbasy üçin birinji baýrak

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň sergi zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Gözbaşy gadymdan gelýän gözellik» ady bilen şaý-sepleriň sergi-bäsleşigi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinden zergärleriň 65-si gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşýanlaryň ýaşyna, bilimine we işleýän döwrüne parh goýulmaýardy. Esasy zat – teklip edilen işleriň ýokary çeperçiligidi.

Bu çäräniň sungatyň beýleki görnüşlerinden aýrylykda geçirilen ilkinji sergi-bäsleşikdigini bellemek gerek. Çäräniň guramaçylary – Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy onuň türkmen zergärleriniň iň gowy işleriniň sergilerini her ýyl geçirmek üçin başlangyç bolmagyny göz öňünde tutýarlar.

Bäsleşik – milli zenan şaý-sepleri, at bezegleri, dürli görnüşli häzirki zaman şaý-sepleri ugurlarda geçirildi. Sergide goýlan eksponatlar şeýle bir gözeldi welin, adaty adama olaryň saýrysyny saýgarmak mümkin däldi. Şaý-sepleriň hersi belgilenendi, bu hem olaryň kimiňkidigini gizlin saklamaga we emin agzalaryna adalatly netijä gelmäge mümkinçilik berýärdi.

Birinji ugurda Çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Aýjemal Çaryýewa, ikinji ugurda Möwlamberdi Annaýew, üçünjide – Mary welaýatyndan gelen zergär Atamyrat Hommadow birinji orna mynasyp boldular. Ikinji we üçünji orny eýelänlere diplomlar hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Biz ýeňiji Aýjemal Çaryýewa bilen söhbetdeş bolanymyzda ol şeýle diýdi:

Men döredijilik adamlarynyň maşgalasynda kemala geldim, kakam bilen ejem – žiwopisçi, agam – zergär. Çagalykdan agamyň ussahanasyna baryp, onuň işine syn ederdim. Ýyllarboýy zergärlige höwesim artyp ugrady. Indi men Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy. Şu sergide maňa «Saýatly-Hemra» dessanynyň gahrymanynyň ady ýaly «Balsaýat» atly bäş şaý-sepden ybarat kompozisiýam üçin birinji baýrak berildi. Men Saýada häzir ulanyşdan galan zümmek gupba geýdirdim. Men ýitip barýan görnüşleri saklap galyp, olara täzelik girizmegi niýet edinýärin.

Men şadessanlaryň we dessanlaryň zenan gahrymanlary üçin şaý-sepleri döretmegi gowy görýärin. Şunda olaryň keşbini göz öüňne getirenimde, ylhamym joşýar, täze tilsimlerdir pikirler döreýär. Elbetde, olar şalar ýa-da barjamlylar maşgalasyndan bolan gyzlara niýetlenipdir. Şeýle gupba döretmek pikiri mende muzeýde duş gelen fotosuraty görenimden soň döredi.

2019-njy ýylda Özbegistanyň Kokand şäherinde geçirilen amaly-haşam sungatynyň halkara sergisinde men türkmen zergärlik işleri bölümine wekilçilik edenimde dürli ýurtlardan sergä gelenleriň biziň sungatymyza haýran galyp syn edýändiklerini gördüm. Biziňkiler nepisligi, görnüş özboluşlylygy bilen saýry gelýär. Şonuň üçinem bize gadymdam gelen milli baýlygymyzy saklap galmak gerek.

Ýeňijilere sylaglar gowşurylandan soňra «Gözbaşy gadymdan gelýän gözellik» at bilen döredijik maslahaty geçirildi.

Tamara Glazunowa
Suratçy: Alekseý Gimalitdinow