Ï Puşkiniň haly portreti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Puşkiniň haly portreti

view-icon 10516

«Könürgenç» Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäginde ýerleşýän «Daş metjit» halk senetleri muzeýi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem onuň çäklerinden daşarda-da bellidir. Muzeýde türkmen halkynyň gadymy durmuşyny we medeniýetini beýan edýän dürli artefaktlar aýawly saklanylýar. Halk ussatlarynyň el hünäri bolan ençeme eksponatyň arasynda rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň hala salnan şekili ünsümizi özüne çekdi. Onsoň bu portretiň awtory, onuň muzeýe nähili ýol bilen düşenligi barada sowallar döredi.

Muzeýiň eksponatlarynyň hasabaty kitabynda artefaktlaryň köpüsiniň Könürgenç etrabynyň ilatyndan 1985-nji ýylda açylan muzeýe peşgeş berlendigi ýazylypdyr. Şeýle-de dürli adamlaryň hem-de guramalaryň sowgat beren gymmatlyklary-da bar. 1987-nji ýylda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginden muzeýe berlen Puşkiniň haly portreti-de şolaryň biridir.

Bu halyny baryp uruş ýyllary – 1943-nji ýylda «Türkmenhaly» çeper eksperimental ussahanasynyň işgärleri Ene Hydyrowa bilen Jeýran Ahmedowa dokapdyrlar. Näme üçin gazaply uruş gidip durka, jeň meýdanynda gaýduwsyzlyk görkezen gahrymanyň däl-de, şahyryň keşbi hala geçirildikä? Belkii, parahat durmuşa çalt ýetilmegi arzuwlanandyr.

Puşkiniň haly portretiniň şahyryň şeýle žanrda ýerine ýetirilen keşbiniň ilkinji we ýeke-täk nusgasy bolmagam mümkin.

Boýy – 1,28 m, ini – 1,3 metr bolan haly diňe bir tebigy reňkler ulanylan goýun ýüňünden däl, eýsem düýe ýüňünden hem dokalypdyr. Çeper elli zenanlar onda gadymy «pürdek gül», «söýnek» we beýelki gölleri ulanypdyrlar.

Haly dokalyş tilsimi onuň Pendi sebitine, ýagny Mary welaýatyna degişlidigini görkezýär.

Basym portretiň dokalanyna 80 ýyl, «Daş metjit» muzeýine goýlanyna hem 40 ýyl dolýar. Ýöne eskiziň awtory we halyçylar barada anyk maglumat tapylmady.

«Könürgenç» Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýolbaşçysy Mämmetnepes Batyrow:

-Muzeýde halkymyzyň taryhy-medeni mirasyna degişli dürli artefaktlar bar. Olaryň arasynda şahyryň baky ýaş döredijiligini we türkmen halkynyň umumadamzat gymmatlyklaryna söýgüsini görkezýän Puşkiniň eksklýuziw portreti hem bar. Biz bu bibaha eksponatymyza aýratyn buýsanýarys – diýdi.

Meretgylyç Ýagmyrow