Ï Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Prezidentine we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Prezidentine we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

view-icon 2935

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa Menzelinsk şäheriniň golaýynda adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren “L-410” kysymly uçaryň heläkçilige uçramagy zerarly, gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.