Ï “Mir 24” teleýaýlymy Türkmenistanyň taryhyny we medeniýetini beýan edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Mir 24» döwletara teleradiokompaniýasy Türkmenistanyň taryhyny we medeniýetini beýan edýär

view-icon 8515

«Mir 24» döwletara teleradiokompaniýasy «Mediaholdingiň» döredilmeginiň 29 ýyllygyny belleýär.

Bu möhüm waka mynasybetli «Mir 24» döwletara teleradiokompaniýasynyň başlygy Radik Batyrşin 2021-nji ýylda teleradiokompaniýasy şahamçalarynda amala aşyrylan gyzykly taslamalary bellemek bilen, göwrümli gepleşik alyp bardy. Şolaryň arasynda «Merkezi Aziýanyň rowaýatlary» gepleşikler topary-da bar. Şu ýyl şol gepleşikleriň biri ilkinji gezek Türkmenistana bagyşlandy.

«Seljuklar orta asyr imperiýasynyň mirasydyr» atly gepleşikde orta asyr Seljuk dinastiýasynyň gadymy Parfiýa şalygynyň arheologik şa eserleri barada gürrüň berildi. Gadymy siwilizasiýalaryň iň baý mirasdary Türkmenistan biziň günlerimizde-de döwletimiziň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşykly arheologik ýadygärlikleri saklap dur.

– Häzirki Mary welaýatynda ýerleşýän gadymy Merw Merkezi Aziýanyň iň gadymy şäherleriniň biridir. Öň dört gadymy siwilizasiýa merkezi: Mesopotamiýa, Müsür, Hindistan we Hytaý belli bolan bolsa, indi şeýle merkeziň bäşinjisi hökmünde Margiana ykrar edildi. Ol, eýeleýän meýdany boýunça, Merkezi Aziýanyň iň uly arheologik desgalaryň biridir – diýip, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri Kakajan Baýramow düşündiriş berdi.

Seljuk imperiýasy Garahanlylar we Gaznalylar bilen bir hatarda Türkmenistanyň taryhynda uly yz galdyrdy.

Seljuk nesilşalygynyň düýbüni tutujy oguz taýpasyndan meşhur söweşiji Seljuk bolupdyr. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri Juma Orazgylyjowyň sözlerine görä, Beýik Seljuk imperiýasy XI-XII asyrlarda ýer ýüzünde iň kuwwatly döwlet bolupdyr.

Seljuklara bagyşlanan teleýaýlym görkezilişinde Gündogaryň köp bölegini eýelemegi we gülläp ösýän, güýçli döwlet gurmagy başaran Seljuk söweşijileriniň edermenligi hakda-da aýdylýardy.

Yzygiderli taslamalaryň geografiýasyny giňeldip, «Mir 24» döwletara teleradiokompaniýasy giň teletomaşaçylar köpçüligini gyzyklandyrmaga çalyşýar. Häzirki wagtda «Mir 24» döwletara teleradiokompaniýasy gepleşikleri 14-den gowrak ýurtda ýaýylýar.

2020-nji ýylyň güýzünde «Mir 24» döwletara teleradiokompaniýasy we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi maglumat syýasaty pudagynda hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdy we şol ýylyň dekabryndan başlap «Mir 24» teleýaýlymy Aşgabat şäher telefon ulgamy (AŞTU) türkmen operatorynyň ulgamynda ýaýlyma başlady. Türkmenistandan gelen habarlar telekanalyň degişli bölüminde yzygiderli berlip durulýar.

Swetlana Çirsowa