Durdyýew Arslan Atageldiýewiçi, işde goýberen kemçilikleri üçin, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Hukuk namalary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, Permana gol çekdi.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen, asyrlar aşyp gelýän milli atşynaslyk ýörelgesi döwrebap derejede ösdürilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Guwançmyrat Orazmyradowiç Ýazmyradow Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmelere hem-de “Türkmenistan–Türkiýe–Azerbaýjan” üçtaraplaýyn dialogyň çäklerinde geçiriljek daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin, 2021-nji ýylyň 22-24-nji fewraly aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde gulluk iş saparynda bolar.