mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK
Arhiw
news-photo

16.04.2024

total-veiw

1701

Türkmen talyplary Rumyniýada geçirilen matematika olimpiadasynda 17 medal gazandylar

Türkmenistanly talyplar 9-njy aprelden 14-nji aprel aralygynda Rumyniýanyň Ýassy şäherinde geçirilen 18-nji Halkara Günorta-Gündogar Ýewropa «SEEMOUS-2024» matematika olimpiadasynda dürli medallaryň 17-sini eýelediler.

news-photo

16.04.2024

total-veiw

1457

«Galkanyň» hokkeýçileri Omanyň toparyny uly hasap bilen ýeňdiler

Türkmenistanyň «Galkan» toparynyň hokkeýçileri şu gün Aşgabatda geçirilýän halkara ýaryşynda ikinji uly ýeňşini gazandylar. Bahreýniň topary bilen ilkinji oýunda 8:1 hasabynda ýeňişden soň Andreý Makarowyň we Meýlis Kulyýewiň şägirtleri Omanyň «Oman Nationals» toparyny 15:1 hasabynda utdular.

news-photo

16.04.2024

total-veiw

1389

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-Habitat-yň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji M.Mlynaryň ýolbaşçylygyndaky BMG-Habitat-yň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

news-photo

16.04.2024

total-veiw

1616

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeler geçirildi

2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde Daşkent şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.

news-photo

16.04.2024

total-veiw

1591

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti mekdep okuwçylary üçin iňlis dili olimpiadasyny geçirer

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda iňlis dili olimpiadasyny geçirer.

news-photo

16.04.2024

total-veiw

1476

Behişdi bedew şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşinde

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda milli baýrama – Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan şekillendiriş we amaly-haşam sungaty işleriniň sergisi açyldy. 

news-photo

16.04.2024

total-veiw

1361

ÝHHG-niň maslahatynda telekeçi hukugyny goramakda biznes-adalatçynyň orny ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu ýylyň 15-nji aprelinde Aşgabatda ÝHHG tarapyndan guralan biznes-adalatçynyň edarasynyň döredilmegine we telekeçilik işini alyp barýanlaryň hukuklaryny hem kanuny bähbitlerini goramaga bagyşlanan maslahat bolup geçdi. 

news-photo

16.04.2024

total-veiw

1497

Türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 15-nji aprelinde Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» Daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygynyň maksatnamasynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi.

news-photo

16.04.2024

total-veiw

1443

Türkmenistanyň konsuly bilen Astrahan oblastynyň gubernatorynyň arasynda duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 15-nji aprelinde Astrahan oblastynyň administrasiýasynyň binasynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsuly (Astrahan ş.) G.Ilamanow bilen Astrahan oblastynyň gubernatory I.Babuşkiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

news-photo

16.04.2024

total-veiw

1352

Ýeralma we sogan ekinlerine ideg işleri alnyp barylýar

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda şu oba hojalyk ýylynda 1400 gektar ýerde ýazlyk ýeralma ekilip, ondan 19 müň 600 tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. 

...2491