26.04.2023
3745
Ýaşlar syýasaty ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda öňe sürlen Türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
26.04.2023
4695
ABŞ-da türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri geçirildi
2023-nji ýylyň 24-nji aprelinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentinde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň dokuzynjy tapgyry geçirildi.
25.04.2023
3943
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme foruma gatnaşyjylara
Siziň ähliňizi Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadançylyk, forumyň işine bolsa üstünlik arzuw edýärin.
25.04.2023
5651
Watanymyzy gülledip ösdürmegiň bähbidine ynamly ýol bilen
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ösüşiň, abadançylygyň täze sepgitlerine tarap ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.
25.04.2023
5704
Daşoguzyň teatrynda täze spektakl taýýarlanylýar
2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň işgärleriniň öňünde anyk wezipeleri kesgitledi. Häzirki wagtda teatryň režissiýory Guwanç Baýmedow Aşyr Mämiliýewiň «Älemgoşarly tomus» atly eseri esasynda täze spektaklyň üstünde işleýär.
25.04.2023
4641
Türkmen filmleri Koreýada geçiriljek Merkezi Aziýa filmleri festiwalynda gatnaşar
Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň üç filmi - Arslan Eýeberdiewiň «Istärin», Sahysalyh Baýramowyň «Gyzyl kürte» we Hekim Alowowyň «Gyzyl alma» filmleri «2023-nji ýylda Yýjonbudaky Merkezi Aziýa filmleri festiwalyna» gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasyna iberildi.
25.04.2023
4734
Lýudmila Nabirkina: sýurrealizm elementli tapmaça-suratlaryň awtory
Paýtagtymyzyň Sergi merkezinde Lýudmila Nabirkinanyň işleriniň şahsy sergisi açyldy.
25.04.2023
5951
Paýtagtymyzdaky «Rus öýi» «Ýeňiş Diktantyna» gatnaşmaga çagyrýar
1941-1945-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Rossotrudniçestwonyň Türkmenistandaky wekilhanasy paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin «Ýeňiş Diktantyna» gatnaşmaga çagyrýar.
24.04.2023
4477
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
24.04.2023
3207
Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň ýolbaşçylaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Ishak Gersoga we Premýer-ministr Binýamin Netanýahuwa Ysraýyl Döwletiniň Garaşsyzlygynyň şanly 75 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.