mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

news-photo

23.03.2023

total-veiw

4511

«Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň institusional potensialyny ýokarlandyrmak» atly bilelikdäki taslamasynyň netijeleri jemlendi

Adalatçynyň edarasynda Türkmenistanyň Adalatçysy  Ýazdursun Gurbannazarowanyň we BMGÖM-üň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Narine Saakýanyň gatnaşmagynda Taslama Geňeşiniň «Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň institusional potensialyny ýokarlandyrmak» atly bilelikdäki taslamasynyň üstünlikli tamamlanmasyna bagyşlanan jemleýji mejlisi geçirildi. Duşuşykda esasy maksatlara we wezipelere ýetmegiň, şeýle hem 2021-2022-nji ýyllarda taslama boýunça geçirilen işleriň netijeleri jemlendi. Bu barada Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň saýtynda habar berildi.

news-photo

23.03.2023

total-veiw

5154

Balkan welaýatynda täze gidrotehniki desga işe girizildi

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda dabaraly ýagdaýda täze gidrotehniki desga işe girizildi.

news-photo

23.03.2023

total-veiw

6278

Türkmenistanda demokratik saýlawlar we gender deňligi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek ählumumy demokratik saýlawlarda ýurdumyzda erkekleriň we zenanlaryň konstitusion deňhukuklylygyny görkezýän maglumatlary çap etdi. Hususan-da, saýlawlara gatnaşýanlaryň:

news-photo

23.03.2023

total-veiw

9282

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda teoretiki mehanika boýunça olimpiadanyň netijeleri jemlenildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda teoretiki mehanika boýunça geçiren Olimpiadasynda 4 ýeňiji we baýrakly orunlary eýelänleriň 19-sy kesgitlenildi.

news-photo

23.03.2023

total-veiw

5099

Futzal boýunça zenanlar toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş başlandy

Aşgabatdan we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan sekiz topar paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde zenanlaryň arasynda futzal boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryşa girişdiler.

news-photo

22.03.2023

total-veiw

4159

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä, Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

22.03.2023

total-veiw

7525

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdiren atçylyk sungatyny mundan beýläk hem ösdürmek, halk seçgisi esasynda döredilen, ynsan kimin duýgur we gözelligiň nusgasyna öwrülen, ýelden ýüwrük behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmek, olaryň seçgi-tohumçylyk işlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

news-photo

22.03.2023

total-veiw

10000

Merkezi saýlaw toparynyň başlygy GDA-nyň synçylar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna syn etmek boýunça GDA-nyň toparynyň ýolbaşçysy hökmünde Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.

news-photo

22.03.2023

total-veiw

7693

Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndy topary täze baş tälimçiniň ýolbaşçylygynda Malaýziýada ilkinji oýnuny oýnar

Türkmenistanyň futbol milli ýygyndysy Malaýziýa ugrady, futbolçylarymyz 23-nji martda 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşyna taýýarlygyň çäklerinde bu ýurduň topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

22.03.2023

total-veiw

7564

Türkmenistanyň Kanuny Brýussel şäherinde kabul edilen we Üýtgetme girizmek baradaky Teswirnama arkaly üýtgetme girizilen Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň sazlaşdyrylan ulgamy hakyndaky halkara Konwensiýa goşulmak hakynda

1983-nji ýylyň 14-nji iýunynda Brýussel şäherinde kabul edilen we 1986-njy ýylyň 24-nji iýunynda Üýtgetme girizmek baradaky Teswirnama arkaly üýtgetme girizilen Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň sazlaşdyrylan ulgamy hakyndaky halkara Konwensiýa goşulmaly.

...3291