17.03.2023
5088
Türkmenistanyň kazylarynyň V maslahaty
Şu gün Adalat köşgünde Türkmenistanyň kazylarynyň V maslahaty geçirildi. Oňa Ýokary kazyýetiň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleri, welaýat, etrap we şäher kazyýetleriniň kazylary gatnaşdylar. Sanly ulgam arkaly geçirilen forumyň gün tertibine ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler girizildi.
17.03.2023
9107
Aşgabatda senagatçylaryň hem-de telekeçileriň sergisi we maslahaty geçirilýär
Şu gün paýtagtymyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady. Şeýle-de bu waka mynasybetli maslahatyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
17.03.2023
7680
Türkmenistana täze ýük göteriji uçar gelip gowuşdy
Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalandyrylýar. Hususan-da, milli raýat awiasiýasynyň uçar tehnikalarynyň täzeleri satyn alnyp, olaryň üsti ýetirilýär. Paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gowşan ýük göteriji uçar ulgamyň tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
17.03.2023
4797
Türkmenistanyň DIM-nde Hindistanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2023-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Widhu P.Nair bilen gepleşikleri geçirildi we onuň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň gün tertibininde durýan wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
17.03.2023
4635
Okuw merkeziniň işgärleri resminamalaryň howpsuzlygy boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň işgärleri resminamalaryň howpsuzlygy boýunça wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web-saýtynda habar berilýär.
17.03.2023
5121
Aşgabatda türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Lusia Waýld bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
17.03.2023
16711
“Ýigit” hojalyk jemgyýeti “GLOBAL G.A.P SERT” güwänamasyna eýe boldy
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ýigit» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ilkinji bolup «GLOBAL G.A.P.» (Good Agricultural Practice — GAP) güwänamasyna eýe boldy. Bu öndürilýän oba hojalyk önümleriniň howpsuzlygyny üpjün edýän, şeýle hem hil taýdan we tehniki talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýan bütin dünýä boýunça ykrar edilen standartlar ulgamydyr.
17.03.2023
5530
Türkmen hokkeýçileri ýetginjekleriň (U18) arasynda geçirilýän Aziýa we Okeaniýa çempionatynda Mongoliýanyň toparyny utdy
Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndy toparynyň hokkeýçileri Ulan-Batorda 18 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda dowam edýän Aziýa we Okeaniýa çempionatynda Mongoliýanyň toparyny 6:4 hasabynda utup, ikinji orny eýeledi.
17.03.2023
6648
Milli bahar baýramyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi
Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Nowruz – Gündogar halklarynyň medeniýetinde» atly ylmy maslahat geçirildi.
17.03.2023
10070
Nowruzy garşy alýarys!
Aşgabadyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep internatynyň okuwçylary Nowruz baýramyny aýdym, tans we ýaşlyk hyjuwy bilen garşy alýarlar. Bu ýerde konsert seýrek zat däl, ýöne deň-duşlaryňy we mugallymlaryňy köp garaşylan baharyň gelmegi bilen gutlamak mümkinçiligi uly şatlyga eýe edýär.