11.03.2023
7055
Daşoguzda ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygy dowam edýär
“Türkmen çarwa” hususy kärhanasy öňümizdäki ýyllarda Daşoguz şäherinde ýedi sany köp gatly iri panelli jaý gurar. Bu jaýlar şäheriň S.Türkmenbaşy şaýoluna ýanaşyk etrapçalaryň biriniň ýaşaýyş jaý gorunyň üstüni ýetirer. Dört gatly täze binalar 32 we 24 öý üçin niýetlenendir. Häzirki wagtda bu täze jaýlaryň ilkinjisiniň gurluşygy başlandy, ýöriteleşdirilen kärhanada bolsa diwar panellerini we binalar üçin beýleki zerur desgalary öndürmek boýunça işler alnyp barylýar.
11.03.2023
7929
Ylym-bilim ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlyk ösdürilýär
2019-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Milanyň Politehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy. Şol Ähtnamanyň çäginde ýokary okuw mekdepleriň arasynda netijeli işler alnyp barylýar.
11.03.2023
8566
Tehnikalaryň abat işlemekleri – suw üpjünçiliginiň kepili
Häzirki wagtda ýurdumyzyň suw hojalyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek, derýalarda, akabalarda yzygiderli arassaçylyk we çuňlaşdyryş işlerini geçirmek, suwdan tygşytly peýdalanmak, şonuň bilen birlikde zeý suw akabalaryny gazmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.
11.03.2023
7753
HJ «Aýly şöhle» täze gatlakly panel önümçiligini özleşdirdi
«Aýly şohle» hojalyk jemgyýeti paneliň täze görnüşleriniň önümçiligini özleşdirdi. «Aýly şöhle» HJ penopoliuretandan (PUR) we penopoliizosianuratdan (PIR) üç gatly panel öndürýän enjam satyn aldy.
10.03.2023
6191
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi hem-de beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
10.03.2023
11771
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmekligi belledi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem Türkmenistanda 2023-nji ýylda bag ekmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda çykaran 457-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2023-nji ýylyň 18-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi.
10.03.2023
4637
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady.
10.03.2023
7079
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady.
10.03.2023
5282
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary ÝB-niň Ilçisi bilen duşuşdy
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýewropa Bileleşiginiň Ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
10.03.2023
5058
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda MHG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alşyldy
2023-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy jenap Zeýnal Gajiýew bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi web-saýtynda habar berilýär.