10.03.2023
6331
Bugdaýa ideg işleri gyzgalaňly dowam edýär
Tutuş Diýarymyzda bolşy ýaly, Balkan welaýatynyň babadaýhanlary hem mukaddes topraga göreldeli hyzmat edip, bitginli hasyly kemala getirmek ugrunda has-da tutanýerli zähmet çekýärler. Olar ýylyň-ýylyna bugdaýdan bol hasyl alyp, halkymyzy öz ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli, tebigy taýdan arassa, azyk önümleri bilen ygtybarly üpjün etmeklige mynasyp zähmet goşantlaryny goşýarlar.
10.03.2023
6325
Teoretiki mehanika boýunça II Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşyjylary hasaba almak tamamlanyp barýar
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin «Teoretiki mehanika» dersinden II Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga haýyşnamalaryň kabul edilmegi tamamlanyp barýar.
10.03.2023
6532
Täsirli geçen duşuşyk
Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynyň 5-nji orta mekdebinde Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleri bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
09.03.2023
6112
Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk
Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň oba hojalyk ministrleriniň duşuşygy boldy.
09.03.2023
6349
GDA-dan synçylar saýlaw möwsümine syn etmäge girişdiler
Türkmenistanyň çakylygy boýunça gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary şu günler saýlaw möwsümine syn etmäge girişdi.
09.03.2023
4945
Duşenbede türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 8-9-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Täjigistan Respublikasyna sapary boldy.
09.03.2023
4764
Türkmenistanyň DIM-nde GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary I.Nematow bilen duşuşyk
2023-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Aşgabada Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň meýilleşdirilýän saýlawlaryna syn etmek üçin GDA-nyň synçylar toparynyň ştabyny açmak boýunça iş toparynyň ýolbaşçylygynda gelen GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Ilhom Nematow bilen duşuşygy geçirildi.
09.03.2023
4390
Türkmenistanyň DIM-nde türkmen-german hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mihael Uwe Birhoff bilen duşuşygy geçirildi.
09.03.2023
4206
Türkmenistanyň DIM-nde BAE-niň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Şu gün, 2023-nji ýylyň 9-njy martynda, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hameliniň arasynda gepleşikler geçirildi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşyldy.
09.03.2023
6006
Lebap welaýatynyň sazly-drama teatrynyň artistleri Aşgabatda çykyş ederler
11-nji martdan 18-nji mart aralygynda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatry Aşgabatda çykyş eder.