07.03.2023
8970
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti
Şu gün Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Watanymyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlanan konsert boldy.
07.03.2023
9689
Türkmenistanyň ýaşlary bagtly geljege ynamly gadam urýar
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň ikinji sany okyjylara ýetirildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň gönüden-göni öz miwesi bolan «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň ikinji sany okyjylara gowuşdy. Mälim bolşy ýaly, žurnalyň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda döredildi.
07.03.2023
7423
Baýramçylyk mynasybetli guralan sergi
Daşoguz welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde ýerleşdirilen çagalar suratlarynyň täze sergisinde dürli ugurlardan suratlar görkezildi.
07.03.2023
13040
Türkmen zenanlarynyň belent sarpasy
Türkmen zenanlarynyň umumylaşdyrylan keşbini döretmeli bolsa, onuň esasy häsiýetiniň asyrlarboýy saklanyp galdy, ýöne wagtyň geçmegi bilen olarda täze häsiýetlerdir başarnyklaryň peýda bolandygyna göz ýetirse bolar.
07.03.2023
6421
Nakgaş zenanlaryň işleriniň sergisi
Paýtagtymyzyň Sergi merkezinde 8-nji mart – Halkara zenanlar güni mynasybetli her ýyl zenan suratkeşleriň sergisi guralýar. Indi bu çäre yzygiderli geçirilip, meşhurlyga eýe bolýar: şu ýylky sergä diňe bir Aşgabat şäherinden däl, eýsem welaýatlardan hem 200 suratkeş gatnaşdy.
06.03.2023
8119
Türkmen talyplary Gazagystanda geçirilen olimpiadada baýrakly orunlara mynasyp boldular
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplarynyň ikisi Almaty şäherindäki K.I.Satpaýew adyndaky Gazagystan milli ylmy-barlaglar tehniki uniwersitetiniň we onuň düzümindäki T.K.Basenow adyndaky Binagärlik we gurluşyk institutynyň guran Respublikan talyplar onlaýn olimpiadasynda baýrakly orunlary eýelediler.
06.03.2023
7148
Täze spektaklyň ilkinji görkezilişi boldy
A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň sahnasynda Semýon Zlotnikowyň «Erkek kişi geldi bir zenanyň ýanyna» diýen spektaklyň ilkinji görkezilişi boldy.
06.03.2023
5896
Türkmenistanda howa +30 gradusa çenli maýlar
Hepdäniň dowamynda ýurdumyzda bahar paslynyň maýyl howasy bolar. Çaklamalara görä, ýurdumyzda howanyň ortaça temperaturasy +30 gradus bolar.
06.03.2023
6755
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.
06.03.2023
7538
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere seredildi.