17.02.2023
5418
Türkmen-awstriýa onlaýn gepleşikleri geçirildi
2023-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Aleksander Şallenberg bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
17.02.2023
14565
Eýrandan gelen türkmen halylary
Türkmen halylary Eýranyň serhetýaka Gülüstan welaýatynyň Kümmethowuz şäherinden telekeçi Pygamberguly Saadat Nežat Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisine getiripdir. Bu welaýatda türkmenler ýaşaýarlar we ol ýerde beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň hem-de onuň kakasy nusgawy şahyr Döwletmämmet Azadynyň aramgähi bar.
17.02.2023
15135
Türkmenistanda diplomatik işgärleriniň güni belleniler
Her ýylyň 18-nji fewralynda ýurdumyzda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bellenip geçilýär. Esasy dabaralaryň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde baýramçylyga bagyşlanan çäreler guralýar.
16.02.2023
4184
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona ýurduň Daglyk-Badahşan awtonom oblastynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine, weýrançylyklara getiren gar süýşgünleri zerarly gynanç hatyny iberdi.
16.02.2023
3190
Daşary ýurtlaryň wezipä täze bellenen ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa birnäçe döwletleriň wezipä täze bellenen ilçilerinden — Şwesiýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Danestaddan, Niderlandlar Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Andre Karstensden, Mongoliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Doržiýn Baýarhuudan ynanç hatlaryny kabul etdi.
16.02.2023
3539
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Sizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size möhüm döwlet ähmiýetli işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin.
16.02.2023
9337
Türkmenistanyň Prezidentiniň T.A.Nurow hakynda Permany
Toýguly Allanurowiç Nurowy Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine bellemeli.
16.02.2023
7890
Türkmenistanyň Prezidentiniň M.I.Gurbanow hakynda Permany
Meretdurdy Isgenderowiç Gurbanowy, saglyk ýagdaýy sebäpli, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
16.02.2023
8246
Köneürgenç etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek M.Atakeýewiň üstüne ýüklenildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň häkiminiň orunbasary Merdan Tirkeşowiç Atakeýewiň üstüne ýüklenildi.
16.02.2023
11741
Türkmenistan — ÝUNESKO: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk
Şu gün paýtagtymyzda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Medeni miras: geçmişden geljege” hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” atly ÝUNESKO kafedralaryny döretmek hakynda Ylalaşyklara gol çekmek dabarasy boldy.