13.10.2022
6648
Halkara festiwal öz işini dowam edýär
Şu gün Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Senetçilik we amaly – haşam sungaty dünyä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly öz işini dowam etdi. Welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde guralan senetçilik işleriniň we amaly-haşam eserleriniň Halkara sergisi festiwalyň ikinji gününde hem köp adamly boldy.
13.10.2022
6415
GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň Mejlisi
2022-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Astana şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky Mejlisine gatnaşdy.
13.10.2022
10276
Innowasiýalar we halkara hyzmatdaşlyk ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhüm ugurlarydyr
Ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudagydyr. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy innowasion esasda senagatlaşdyrmak, halk hojalyk toplumyny sanly ulgama geçirmek, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek boýunça wezipeleri çözmek, döwletimiziň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça durmuşa geçirýän strategiýasynda aýratyn orny eýeleýär.
13.10.2022
8268
Türkmen samboçylary Aktauda geçen Aziýanyň açyk kubogynda 11 medal gazandylar
Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde tamamlanan Aziýanyň açyk kubogynda türkmen samboçylary biri altyn, ikisi kümüş we sekizisi bürünç bolmak bilen, 11 medal gazandylar.
13.10.2022
8779
ÝHHG Aşgabatda geljekki žurnalistleri okadýar
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi 11-nji oktýabrdan 14-nji oktýabr aralygynda «Žurnalistleriň we kommunikasiýa boýunça hünärmenleriň bilimini döwrebaplaşdyrmaga ýardam» maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň syýasy kommunikasiýa we žurnalistika fakultetleriniň talyplary üçin dört günlük onlaýn-okuwlar geçirýär.
13.10.2022
6183
22-nji noýabrda Türkmenistanyň halk suratkeşi Solmaz Muhammedowanyň şahsy sergisi geçiriler
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi merkezinde şu ýylyň 22-nji noýabrda sagat 15:00-da ýurdumyzyň meşhur küýzegäri, Türkmenistanyň halk suratkeşi Solmaz Muhammedowanyň şahsy sergisi geçiriler.
13.10.2022
9421
Çagalar Puşkiniň eserlerini okaýarlar
12-nji oktýabr Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus orta mekdebiniň başlangyç synp okuwçylary üçin Boldino güýzüne bagyşlanan gün boldy. Beýik şahyryň ömründe döredijilik işiniň iň gülläp ösen döwri ̶ 1830-njy ýyl şeýle atlandyrylýar.
13.10.2022
7571
Türkmen şahyrynyň goşgusy «Edebiýat dostlugy – halklaryň dostlugy-2022» edebi terjimeler bäsleşigine gatnaşdy
Şu güýzde tamamlanan «Edebiýat dostlugy – halklaryň dostlugy-2022» edebi terjimeler bäsleşiginde sözme-söz terjimeden rus diline terjime etmäge hödürlenen milli şahyrlaryň eserleriniň arasyna belli türkmen şahyry, terjimeçi, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň hem bir goşgusy bar.
13.10.2022
7518
Döwletimiz ilaty arzan ýangyç bilen üpjün edýär
Türkmenistan benzindir dizel ýangyjyny ilat üçin iň arzan bahadan berilýän ýurtlaryň onlugyna girýär.
13.10.2022
20010
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Goşmaça we üznüksiz bilim» okuw merkezi
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň garamagynda «Goşmaça we üznüksiz bilim»okuw merkezi öz işine başlady.