13.10.2022
4917
Paýtagtymyzda geçiriljek medeni çäreler we teatrlarda görkeziljek oýunlar
Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, 14-15-nji oktýabrda Aşgabatda Ýaponiýanyň ilçihanasy tarapyndan medeni çäreler geçiriler.
12.10.2022
5527
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat
Ermenistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Şu döwürde biziň ýurtlarymyzyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklar kemala geldi. Halklarymyzyň arasynda taryhy taýdan emele gelen dostluk we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri geljegi uly maksatnamalary netijeli durmuşa geçirmekde pugta binýatdyr.
12.10.2022
8339
Türkmenistanda halkara festiwal geçirilýär
Şu gün Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň dabaraly açylyşy boldy.
12.10.2022
5719
Türkmenistanyň Daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi
2022-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
12.10.2022
8156
Türkmenistanly talyplar F.F. Martens adyndaky Halkara bäsleşiginde ýeňiş gazandylar
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary F.F. Martens adyndaky 23-nji Halkara bäsleşiginde halkara ynsanperwer hukugy boýunça birinji orny eýelediler. Bäsleşigi Halkara Gyzyl Ýarymaý komiteti Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde oktýabr aýynyň birinji ongünlüginde geçirdi.
12.10.2022
8832
Önümleriň görnüşleri artýar
Daşoguz şäheriniň Zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasy önüm görnüşleriniň üstüni täzeleri bilen doldurdy. Bu ýerde dokalmadyk matadan tikilen stamotologik öňlügiň önümçiligi özleşdirildi. Bu täze önüm diş bilen baglanyşykly dürli amallar we bejergiler, barlaglar ýa-da gözden geçiriliş pursadynda ulanmak üçin niýetlenendir.
12.10.2022
8860
Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna
10–11-nji oktýabrda ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi.
11.10.2022
5676
«Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala gatnaşyjylara
Sizi «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.
11.10.2022
6273
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI Ispaniýa Patyşalygynyň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
11.10.2022
6136
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Aleksandr Wan der Bellene Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.