07.10.2022
6792
Tennis muşdaklary Olimpiýa şäherçesiniň meýdançalaryna çagyrylýar
Öňümizdäki günler Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde uly tennisiň alamaty astynda geçiriler.
07.10.2022
7488
Teatrlaryň sahnasynda
Ýurdumyzda 2022-nji ýylyň güýzüne birnäçe möhüm medeni çäre meýilleşdirilipdir.
07.10.2022
6700
«Altyn asyr» paýtagtymyzda «Aşgabat» bilen duşuşdy
«Altyn asyryň» futbolçylary paýtagtymyzda «Aşgabat» bilen duşuşykda 0:0 hasabynda deň oýnap, Türkmenistanyň çempionlygy ugrunda bäsleşikde iki utugyny giderdi.
07.10.2022
5579
Türkmenistanyň wekiliýeti II Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy
2022-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ikinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy.
07.10.2022
12602
Senetçilik we amaly-haşam sungatynyň Halkara festiwaly geçiriler
Şu ýylyň 11–15-nji oktýabrynda Türkmenabat şäherinde “Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly dabaraly Halkara festiwaly geçiriler.
07.10.2022
4454
Ideg işleri guramaçylykly alnyp barylýar
Watanymyzyň Balkan welaýatynyň ene topraga göreldeli hyzmat edýän babadaýhanlary ondan bol hasyl alyp, halkymyzy öndürilýän ekologik taýdan arassa azyk önümleri bilen üpjün etmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
06.10.2022
35607
Hormatly Prezidentimiz Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
Şu gün — Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralaýarlar. Paýtagtymyzdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
06.10.2022
5264
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine 70 ýaş ýubileýi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
06.10.2022
23059
Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hyzmatdaşlyk — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ýörelgeleri
Mälim bolşy ýaly, sentýabr aýynda Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasy açyldy. BMG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek Watanymyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milletler Bileleşigi bilen yzygiderli alnyp barylýan köpýyllyk dialogyň strategik häsiýete eýe bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
06.10.2022
10885
«Ahal» topary öňdeligi eýeleýär
«Ahal» toparynyň futbolçylary Türkmenistanyň çempionatynyň 12-nji tapgyrynyň jemleýji oýnunda paýtagtymyzyň «Köpetdagyny» 4:2 hasabynda utup, öz ýakyn bäsdeşi «Altyn asyr» bilen 5 utuk aratapawut gazandylar.