mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

news-photo

26.08.2022

total-veiw

4490

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalaryny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän türkmen-özbek geňeşmelerine gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji W.Norowy we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça ýörite wekili A.Kamilowy kabul etdi.

26.08.2022

total-veiw

17676

Türkmenistanyň Prezidentiniň W.I. Norowy Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permany

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin, şeýle hem iki ýurduň arasynda dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge, köp ýyllaryň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Wladimir Imamowiç Norowy Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen sylaglamaly.

26.08.2022

total-veiw

7858

Türkmenistanyň Prezidentiniň A.H. Kamilowy Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permany

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin, şeýle hem iki ýurduň arasynda dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge, köp ýyllaryň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk Geňeşiniň Sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça ýörite wekili Abdulaziz Hafizowiç Kamilowy Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen sylaglamaly.

26.08.2022

total-veiw

10742

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Mämmedow Toýgeldi Baýrammyradowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

news-photo

26.08.2022

total-veiw

2909

Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Moldowa Respublikasynyň Prezidenti hanym Maýa Sanduwa Moldowa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

26.08.2022

total-veiw

2630

Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat

Ýerewan şäherindäki “Surmalu” söwda merkezinde bolup geçen partlamanyň netijesinde emele gelen pajygaly ýagdaý zerarly iberen gynanç hatyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

news-photo

26.08.2022

total-veiw

4691

Türkmen we owgan lukmanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

2022-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri bilen Owganystanyň Hyrat şäherindäki “Loqman Hakim Complex Hospital” köpugurly hususy hassahanasynyň lukmanlarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmnenistanyň DIM-niň resmi web-saýtynda habar berilýär.

news-photo

26.08.2022

total-veiw

8460

Ependi, Aladdin, Demir aýal we beýleki teatr oýunlary

Türkmenistanda täze teatr möwsüminiň açylyşyna taýýarlyk işleri dowam edýär.

news-photo

26.08.2022

total-veiw

6824

Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna taýýarlyk görülýär

Daşoguz welaýatynda jogapkärli çärä – ýetişdirilen bol pagta hasylyny ýygmaga taýýarlyk görülýär. 2022-nji ýylyň hasylyny ýokary depginde ýygnamaga degişli ähli ulgamlarda taýýarlyk işleri geçirilýär.

news-photo

26.08.2022

total-veiw

13393

Bamiýa ösümligi öwrenilýär

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň biologiýa barlaglary we tohum gaznasy laboratoriýasynyň hünärmenleri Botanika bagynda üýtgeşik hasyl aldylar.

...3291