Hyzmatdaşlyk

06.01.2023
2054
Türkmenistan bir Hytaý ýörelgesine eýerýär
Türkmenistan bir Hytaý ýörelgesine eýerýär diýlip, Pekinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn gol çekilen Bilelikdäki beýannamada aýdylýar.

20.12.2022
3195
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary BMG-niň Statistika müdirliginiň Demografiýa statistikasy bölüminiň başlygy bilen duşuşyk geçirdi
2022-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen BMG-niň hünärmenleriniň wekilýetiniň ýolbaşçylygyndaky BMG-niň Statistika müdirliginiň Demografiýa statistikasy bölüminiň başlygy jenap Srdjan Mrkiç bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

16.12.2022
2694
Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Bilelikdäki dolandyryş komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi
2022-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda gibrid görnüinde, 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Bilelikdäki dolandyryş komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

15.12.2022
2885
Pirli Kepbanow: Ynam we düşünişmek hyzmatdaşlygy berkidýär
Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramynyň 27 ýyllygynyň bellenilmeginiň öňüsyrasynda, Merkezi Aziýa sebitinde howanyň üýtgemegi, suwdan peýdalanmak, azyk howpsuzlygy, maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça sebitde hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler forumy geçirildi.

13.12.2022
3178
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ýokary derejedäki üçtaraplaýyn gepleşikleriň öňýanynda geçirilen duşuşygyň dowamynda üç döwletiň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

11.12.2022
3330
“Dialog — parahatçylygyň kepili” — halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat geçirildi.

10.12.2022
2343
Bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler forumy
Şu gün paýtagtymyzda “Merkezi Aziýa sebitinde howanyň üýtgemegi, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary bilen baglanyşykly meseleler boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary” ady bilen, bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler maslahaty geçirildi. Forumy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň goldaw bermeginde gurady.

07.12.2022
2967
Daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-rus hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.

06.12.2022
3159
Bakuda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny berkitmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2022-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjana iş sapary bilen bardy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Wise-premýeri, Daşary işler ministri Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýew tarapyndan kabul edildi.

02.12.2022
3085
Türkmenistanyň wekiliýeti HMG-niň Geňeşiniň 113-nji sessiýasyna gatnaşdy
29-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilýeti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen Halkara Migrasiýa Guramanyň (HMG) Geňeşiniň 113-nji sessiýasyna gatnaşdy.