Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça giňişleýin maslahat geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça giňişleýin maslahat geçirdi

view-icon 5941
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda mundan beýläk-de guruljak binalaryň taslamalary bilen tanyşdyrylyş dabarasy tamamlanandan soňra, “Awazany” ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine we şu ugurda bellenilen ähli meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk wezipelere bagyşlanan giňişleýin maslahat geçirdi.

Maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, welaýatyň häkimlikleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Şonda Hazar deňziniň türkmen kenarynda batly depgin bilen döredilýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ähli amatlyklary bolan binalaryň we desgalaryň nobatdaky tapgyryny gurmak, şol sanda şu günki tanyşdyrylyş dabaralarynda hödürlenen täze taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz maslahatyň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowa söz berdi. Ol milli Liderimiziň garamagyna “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlaryň sanynyň artýandygyny we çäginiň giňelýändigini göz öňünde tutup, Türkmenbaşy şäheriniň düzüminde täze etraplaryň ikisini – Awaza we Kenar etraplaryny döretmek boýunça teklibi hödürledi.

Taslama laýyklykda umumy meýdany 9660 gektara barabar bolan Awaza etrabynyň düzümine “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, Halkara howa menzili we kiçeňräk şäherçeleriň birnäçesi goşular. Etrap merkeziniň Kiçi şäherçesiniň günbatar tarapynda ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu ýerde etrap häkimligiň, jemagat hojalygy müdirliginiň binalaryny, orta mekdebi, şeýle hem beýleki düzümleriň binalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Umumy meýdany 7262 gektara barabar bolan Kenar etrabynyň düzümine Türkmenbaşy şäheriniň galan bölegi we Kenar şäherçesiniň çägi goşular. Täze etraplaryň dördilmegi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny we onuň düzümini mundan beýläk-de ösdürmek, dynç alýanlara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak boýunça maksada okgunly işiň guralmagyna mümkinçilik berjekdigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu teklibi göz öňünde tutup, täze etraplaryň döredilmegini kanunçylyk arkaly esaslandyrmak üçin resminamalary taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisine hat iberilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy A.Nurberdiýewa Mejlis tarapyndan Türkmenistanyň häzirki zaman döwründe döwlet ösüşiniň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň nukdaý nazaryndan ýurdumyzda kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän işler barada habar berdi. Hususan-da, kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň toplumlaýyn maksatnamasyna laýyklykda deputatlar tarapyndan milli bähbitlerden ugur alyp we halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryny hasaba almak arkaly täze kanunlaryň taslamalarynyň taýýarlynylyşy boýunça işler işjeň alnyp barylýar.

Parlamentiň ýolbaşçysy şu ýylyň 5-njäi iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Başutanymyz tarapyndan kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, şeýle hem Balkan welaýatynyň häkiminiň Türkmenbaşy şäherinde täze etraplary döretmek baradaky haýyşyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan bu şäheriň düzüminde tjäze etraplaryň ikisini —Awaza we Kenar etraplarynyň döredilmegine degişli Kararyň kabul edilendigini habar berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşy diňläp, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň möhüm ugurlarynyň ösüşiniň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegi boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti milli parlamentiň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirmegine ýardam edýän birnäçe möhüm wezipeleriň çözülmegine ünsi çekdi.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde täze etraplary döretmek hakyndaky meseläniň üstünde durup geçip, döwlet Baştutanymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ösdürilmegi netijesinde, deňziň ýakasynda ýerleşýän şäheriň çäkleri has-da giňeldi, şäheriň ilatynyň sany hem artdy diýip nygtady. Şoňa görä-de, bu uly hojalygy dolandyrmagy has-da gowulandyrmak maksady bilen, milli Liderimiz ähli gulluklary bilen bilelikde, dolandyryş düzümleriniň ikisini – «Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň we Kenar etrabynyň häkimliklerini döretmek hakyndaky» karara gol çekdi.

Soňra wise-premýerler B.Hojamuhammedowa, S.Toýlyýewe, Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowa ýüzlenip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olara birnäçe tabşyryklary berdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň özboluşly aýratynlygyny göz öňünde tutup, bu ýerde guruljak etrap häkimlikleriniň we olaryň gulluklarynyň, saglyk öýleriniň, ýangyn howpsuzlyk gulluklarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň we beýleki edaralaryň owadan we döwrebap binalarynyň taslamalaryny taýýarlamak gerek diýip belledi. Şeýle hem işgärler üçin ýaşaýyş jaý we myhmanhana toplumyny gurmagy göz öňünde tutmak, şeýle hem köne etrapçanyň durkuny täzelemek zerurdyr.

Iş maslahatynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe ýüzlendi hem-de oňa geçiriljek gurluşyk işlerini maliýeleşdirmegiň çeşmelerini kesgitlemek bilen bagly meseläni öwrenmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz bu işiň bir aýyň dowamynda amala aşyrylmalydygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty dowam edip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda täze binalary we desgalary gurmak barada birnäçe resminamalaryň taslamalarynyň taýýarlanandygyny belledi hem-de degişli ýolbaşçylara hasabat bilen çykyş etmek üçin söz berdi.

Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan ýokary derejeli myhmanhananyň meýdanyny giňeltmegi we onuň gurluşygyny tamamlamagy göz öňünde tutýan kararyň taslamasyny döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi. Taslama laýyklykda gurulýan desganyň binagärlik keşbini üýtgetmek hem-de myhmanhananyň göwrümini öň meýilleşdirilen 110 orna derek 320 orna çenli artdyrmak göz öňünde tutulýar, şonuň netijesinde bu ýerde dynç alýan adamlaryň sany has-da artar.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, üstünlikli gulluk etmek, şeýle hem, göwnejaý durmuş we dynç alyş üçin harby gullukçylara ähli zerur şertleriň döredilmegine döwletimiziň geljekde-de uly ähmiýet berjekdigini nygtady. Milli Liderimiz hödürlenen taslamany makullap we degişli resminama gol çekip, goranmak ministrine işleriň ýokary hilli alnyp barylmagyny we binanyň bellenilen möhletde ulanmaga berilmegini üpjün etmek üçin myhmanhananyň gurluşygynyň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy P.Taganowa wezipe borçlaryny berjaý etmän, işde goýberen kemçilikleri üçin käýinç yglan etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalarynyň barşy, gurluşygyň hiline gözegçilik etmek boýunça amala aşyrylýan işler hakyndaky hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, wise-premýer syýahatçylyk zolagynda 300 orunlyk bäş ýyldyzly myhmanhanany gurmak boýunça geçirilýän işler hakynda hasabat berdi.

Çykyşyň barşynda 12 gatly myhmanhananyň umumy meýdanynyň 56120 inedördül merte barabardygy bellenildi. Bu ýerde ýapyk we açyk suw howdanlaryny, oýun oýnalýan awtomatlar bilen zallary, billiard we tennis oýnalýan stollary, endamy owkalamak üçin otaglary, saunany, şeýle hem degişli gulluk jaýlaryny ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Tutuşlygyna alnanda binanyň dürli derejelerinde 140 otaglar ýerleşer, olaryň dördüsi apartamentlerdir, 18-si lýuks derejesindäki otaglardyr, 118-si iki orunly otaglardyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşy diňläp, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda häzirkizaman syýahatçylyk industriýasyny döretmäge, dürli dynç alyş merkezleriniň we şu ugra degişli beýleki binalaryň gurmagyna maksatlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini nygtady.

Häzirki wagtda Hazar deňziniň kenarynda eýýäm syýahatçylyk düzüminiň birnäçe häzirki zaman desgalar guruldy we işleýär, ony biz geljekde-de işjeň ösdüreris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Türkmenistanyň Prezidenti "Awaza milli syýahatçylyk zolagynda 300 orunlyk bäş ýyldyzly myhmanhanany gurmak hakyndaky” Karara gol çekip degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary bermek bilen, Awazanyň özboluşly binagärlik toplumynyň onuň ajaýyp ýeri bolmalydyr, şonda binagärleriň we bezegçileriň täzeçil çözgütleri, öňdebaryjy inžener- tehniki pikir we milli binagärligiň iň oňat ýörelgeleri sazlaşykly utgaşdyrylmalydyr diýip aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli taslamalaryň göwnejaý hilli amala aşyrylmagyny üpjün etmegiň zerurdygy barada aýdyp, dynç alýanlara dürli hyzmatlaryň hödürlenmeginiň we ýokary derejede hyzmat edilmeginiň Hazar deňiziniň türkmen kenaryndaky zolagyň özboluşly aýratynlygyna öwrülmelidigini nygtady.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda binalary we desgalary gurmak boýunça bäsleşiklere gatnaşmak üçin ýurdumyzyň potratçylarynyň—ýerli gurluşyk kom paniýalarynyň çekilmelidigini aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Hojamuhammedow çykyş edip, gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagday barada hasabat berdi hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 350 orunlyk ýokary derejeli myhmanhanany we medeni-dynç alyş merkezli akwaparky gurmagyň taslamalaryny hödürledi.

Nebitgaz toplumyna degişli ministrleriň we pudak edaralarynyň buýurmasy boýunça bular “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni tarapyndan 2016-njy ýylyň iýun aýyna çenli gurlar.

Ýene-de bir taslama Balkan welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy boýunça taýýarlandy, onda arassalanan lagym suwlaryny ýygnaýjy suw howdanyny gurmak göz öňünde tutulýar. Bu gurluşygyň amala aşyrylmagyny “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernine tabşyrmak hem-de 2014-nji ýylyň oktýabrynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli kararlary umuman oňlap we olara gol çekip, ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna bu kararlary ýerine ýetirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz täze kaşaň myhmanhananyň binagärlik taýdan gurluşyna we içerki interýeriň dizaýnyna aýratyn üns berilmelidigini, bularyň özboluşly bolmadygyny, “Awazada” eýýäm gurlan binalardan tapawutlanmalydygyny aýtdy.

Milli Liderimiz çagalaryň, şeýle hem olaryň ata-eneleriniň türkmen topragynyň bu ajaýyp künjeginde gyzykly, işjeň ýagdaýda dynç almagy hem-de ajaýyp täsirleriň döredilmegi üçin, dynyç alyş merkezinde akwaparkdan daşgary, oýun oýnalýan we sporta degişli dürli attraksionlaryň bolmagynyň göz öňünde tutulmalydygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda durmuş üpjünçiliginiň ähli ugurlary degişli inžener-tehniki düzümi hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhümdigini, şunda öňdebaryjy serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalaryň, täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň giňden ulanylmalydygyny aýtdy. Döwrebap suw arassalaýjy desgalaryň toplumy hut şu maksatlar üçin niýetlenendir, “Awazada” agaç nahallaryny suwarmakda ulanyljak suwy saklamak üçin niýetlenen desga bu toplumyň düzümine goşular.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew “Ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bäş ýyldyzly döwrebap myhmanhanasyny gurmak hakyndaky” kararyň taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen iş barada hasabat berdi hem-de bu taslamany Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, maliýe-ykdysady we bank ulgamynyň bazar ykdysadyýetiniň talaplaryna hem-de häzirki döwrüň anyk ýagdaýlaryna laýyk getirilmegi bellenilen ähli meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm şerti bolup durýar diýip belledi. Bu ulgamyň edaralarynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleriň çözülmegine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysady, maliýe we bank ulgamynyň ???? buýurmasy boýunça bina edilýän kottežler toplumynyň meýdanynyň giňeldilmegini maksada laýyk hasaplaýandygyny nygtady. Täze toplumy “Ýelken” merkezine meňzedip gurmak gerek. Häzirki wagtda bu merkez dynç alýanlara ýokary hilli hyzmaty alyp barýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Milli Liderimiz zerur bolan halatynda, kottežler toplumynyň gurluşygy üçin goşmaça ýer böleginiň beriljekdigini belläp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda seýilgähi gurmak hakyndaky” Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi. Taslama laýyklykda täze bagy-bossanly dynç alyş zolagynyň umumy meýdany 5,5 gektardan gowraga barabardyr, ol "Awaza" myhmanhanasynyň we “Arzuw” sagaldyş merkeziniň arasynda ýerleşer.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, bagy-bossanly zolaklaryň we seýilgäh toplumlarynyň döredilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi, olar "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň tebigy we binagärlik keşbi bilen sazlaşykly utgaşmalydyr. Döwlet Baştutanymyz bu Karara gol çekip, seýilgähi bezemäge, onuň çäklerini abadanlaşdyrmaga oýlanyşykly çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady. Bu ýerde agaç nahallary oturdylan mahaly, ýerli toprak-howa şertlerine has ýaramly agaç nahallarynyň seçilip alynmagynyň zerurdygyny nygtap, Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere bu taslamanyň durmuşa geçirilişine berk gözegçiligi üpjün etmäge degişli birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan BMG-niň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, beýleki iri halkara forumlarynda öňe süren halkara başlangyçlary bilen baglylykda, daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy we biologik taýdan dürlüligi hem-de Hazar deňziniň täsin galdyrýan tebigy serişdelerini aýawly saklamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer döwlet Baştutany tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek, şeýle hem deňziň ýakasyndaky ýerleriň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna Awaza derýasynyň iki tarapyndaky umumy meýdany 53,5 gektara barabar bolan ýerde bag ekilen ýodalaryň, pyýada gezelenç etmek üçin niýetlenen ýodaly we seýilgähli dynç alyş zolagynyň, şeýle hem ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan köpçülikleýin oturdyljak iňňe ýaprakly we beýleki görnüşdäki agaç nahallaryndan ybarat boljak täze tokaý zolaklarynyň döredilmegini göz öňünde tutýan kararlaryň taslamalary hödürlendi. Bularyň umumy meýdany 243,4 gektara barabar bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşky gurşawy goramagyň, tebigaty aýawly garamagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýandygyny belledi. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň gerimli maksatnama amala aşyrylýar, onuň çäklerinde Aşgabadyň daş-töwereginde we welaýatlarda uly tokaýlyklar döredildi, ähli şäherlerde we obalarda seýilgähler gurulýar, munuň özi Türkmenistanyň ekologik abadançylygynyň üpjün edilmegine, ilatyň ýaşaýşy üçin amatly şertleriň döredilmegine degişli meseleleri çözmekde netijeli ädim bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň bagy-bossanlyga öwrülmegine aýratyn üns bermegiň möhümdigi, ýakyn geljekde bu zolagyň Hazaryň ekologik taýdan arassa kenar ýakasynda gülläp ösýän ýere öwrüljekdigi barada aýdyp, Hazaryň kenar ýakasynda döredilýän zolagyň abadanlaşdyrylmagyna toplumlaýyn çemeleşilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde döredilýän täze baglyk ýerlerde dynç almak üçin amatly künjekleriň döredilmelidigini, seýilgählerde oňaýly oturgyçlaryň goýulmalydygyny we özboluşly yşyklandyryjylaryň oturdylmalydygyny, gülli ösümlikleriň ekilmeldigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti degişli Kararlara gol çekip, wise-premýer A.Ýazmyradowa bu ýerde oturdyljak agaç nahallaryny saýlap almak barada anyk tabşyryklary berdi hem-de olaryň ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan bolmalydygyny, şeýle hem ösümliklere göwnejaý ideg edilmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Hazar deňziniň kenarynda deňiz suwuny süýjediji desgany gurmak boýunça halkara bäsleşigini bir aý möhletde geçirmegi tabşyryp, bu wajyp ähmiýetli desgany döwrebap enjamlar, agyz suwuny arassalamak boýunça täze tehnologiýalar we agyz suwunyň hiline gözegçilik etmek üçin niýetlenen ulgam bilen üpjün edilmelidigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda oýun oýnalýan attraksionlar bilen seýilgähi gurmak boýunça görülýän çäreler hakyndaky hasabat bilen çykyş etdi. Hususanda, wise-premýer seýilgähiň umumy meýdanynyň 10 gektara barabardygyny habar berdi. Bu ýerde ýaş we uly ýaşly çagalar üçin dürli oýun oýnalýan attraksionlary, balygyň şekilindäki restorany, çagalar üçin oýun oýnalýan awtomatlar bilen binany, iki sany kafeni, awtoduralgany, söwda nokadyny (dükany ?), dolandyryş binasyny we tehniki gulluklar üçin binany gurmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp “Awazany” döretmegiň esasy maksady ýurdumyzyň özboluşly tebigy dürdänesi bolan deňiz ýakasynyň ägirt uly dikeldiş mümkinçiligini durmuşa geçirmek, türkmenistanlylar üçin göwnejaý, has oňaýly danç alyş şertlerini üpjün etmek bolup durýandygyny, çünki adamlar, olaryň abadançylygy we saglygy hakyndaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugrudygyny nygtady. Şol bir wagtyň özünde türkmen topragynyň iň ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşen "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy dünýä derejesindäki sagaldyş zolagy we halkara hyzmatdaşlygynyň merkezi bolmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseläni dowam edip, ösüp gelýän ýaş nesil, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş türkmenistanlylaryň abadançylygy hem-de saglygy hakyndaky aladanyň döwletimiziň aýratyn üns berýän meselesidigini we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady. Milli Liderimiz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda oýun attraksionly seýilgähi gurmak hakyndaky” Karara gol çekip, beýleki şular ýaly çagalar dynç alyş zolaklarynda bolşy ýaly, täze seýilgähde çagalaryň göwnejaý dynç almaklary, boş wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertleriň döredilmelidigini nygtady we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýer A.Ýegeleýewe täze myhmanhana gurmak boýunça halkara bäsleşigini bir aýlyk möhletlde geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Italmazowa sport desgalaryny gurmak boýunça halkara bäsleşiginiň hem bir aýlyk möhlede geçirilmelidigini hem-de bu desgalary gurmak boýunça işleri wise-premýer S.Toýlyýew bilen bilelikde alnyp barylmalydygyny tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnanlara ýüzlenip, häzirki döwürde Türkmenistana diňe bir uglewodorod serişdelerine örän baý, ykdysady taýdan kuwwatly ýurt hökmünde däl-de, eýsem halkara syýahatçylygynyň täze, geljegi uly ugurlaryna eýe bolan döwlet hökmünde hem dünýä bileleşigi tarapyndan gyzyklanma barha artýandygyny belledi.

Milli Liderimiz gürrüňini dowam edip, ýurdumyzda syýahatçylygyň we myhmanlary kabul etmegiň häzirki zaman hem-de bäsleşige ukyply ulgamy çalt depginler bilen emele getirilýär diýip aýtdy. Pudagyň üpjünçilik ulgamlarynyň gerimi giňelýär, öwreniş, sport, işewürlik we dynç alyş syýahatçylygynyň barha köp sanly desgalary gurlup, ulanmaga berilýär. Geçirilýän pudaklaýyn halkara maslahatlaryna we sergilerine yzygiderli gatnaşmagy döwletimiziň bütindünýä syýahatçylyk bazaryna çalt goşulmagyna ýardam edýär. Milli taryhy-medeni mirasymyzyň örän baýdygy we tebigatymyzyň özboluşly gözel ýerleriniň bolmagy bu ugurda ýurdumyzyň esasy artykmaç taraplarynyň biridir. Dünýä bazarynyň syýahatçylyk pudagynda ýurdumyzyň derejesini ýokarlandyrmakda, elbetde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna uly orun degişlidir. Biz halkara ölçeglerine laýyklykda döredýän deňiz şypahanamyz – «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bilen örän uly maksatlarymyzy baglanyşdyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Häzirki döwürde bu syýahatçylyk zolagynyň 2020-nji ýyla çenli döwre niýetlenen taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu ýerde gurlan we gurulýan desgalaryň umumy bahasy iki milliard amerikan dollaryndan hem gowrakdyr. Şu ýylyň ahyryna çenli – oktýabr aýynda bu ýerde häzirki zaman myhmanhana ulgamynyň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýän ýene-de birnäçe myhmanhanalar we köpugurly dynç alyş merkezleri gurlup, ulanmaga berler. Milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy ýerleşdirilen beýik sütün hem gurlar.

Bu baradaky meseläni dowam edip, döwlet Baştutanymyz «Awazada» gurluşygy şu ýyl başlanan desgalaryň hatarynda 300–350 orunlyk bäş ýyldyzly myhmanhanalaryň dördüsini, akwaparky we oýun attraksionly seýilgähi, köp derejeli ýene-de bir awtoduralgany, şeýle hem, ýaşaýyş jaý toplumlaryny görkezmek bolar diýip belledi.

Şu gün biz täze desgalaryň ýene-de 10-a golaýyny gurmak baradaky resminamalara gol çekdik diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy. Bu zolakda myhmanhanalaryň, dynç alyş merkezleriniň gurluşygy dowam eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýerler B.Hojamuhammedowa, A.Ýazmyradowa, Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowa «Awazada» açyk dynç alyş zolaklaryny, gezelenç edilýän ýerleri bagy-bossanlyga öwürmek we abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy. Şeýle hem bu zolakda uly seýilgähi we dürli agaçlar ekilen meýdançany ýa-da güller seýilbagyny döretmek meselesini öwrenmek gerek.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa ýüzlenip, oňa öz döredijilik işgärleri bilen täze heýkelleriň we suratlaryň üstünde işlemegi hem-de bu işleri A.Ýazmyradow bilen bilelikde geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, “Awazanyň” abadanlaşdyrylmagynda bag-seýilgäh sungatynyň we tebigat bilen sazlaşýan gözelligi döretmegiň häzirki zaman däpleri öz beýanyny tapmalydyr.

Dynç alyş we syýahatçylyk maksatlaryndan başga-da, «Awaza» taslamasy dünýäniň binagärlik we inžener - tehniki pikiriniň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemlär. Innowasiýalara esaslanýandygy bu taslamanyň özboluşly aýratynlygydyr we daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen özara arkalaşykly gatnaşyk etmegiň derejesini görkezýän mysallaryň biridir. Şeýle hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi daşary ýurt kompaniýalarynyň beýleki bilelikdäki taslamalara hem gatnaşmagyna itergi berýär. Biz türkmen bazarynda işlemäge gyzyklanma bildirýän işewürleriň ählisini giň möçberli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda iş alyp barýan firmalaryna we kompaniýalaryna salgyt hem-de gümrük ýeňillikleriniň berilýändigini belledi. Şeýle ýeňillikler şypahana-dynç alyş we durmuş-ykdysady maksatly desgalaryň gurluşygyna, myhmanhana işewürligine hem-de hyzmatlar ulgamyna maýa goýýan maýadarlara hem berilýär.

Şunda hormatly Prezidentimiz Hazar deňziniň kenarynda gurulýan desgalaryň taslamalary taýýarlananda we bu desgalar gurlanda hem-de ulanylanda, öňküsi ýaly, ekologiýa howpsuzlygyna we daşky gurşawy goramaga berk talaplaryň bildirilýändigini nygtady . «Awazada» häzirki zaman syýahatçylyk ulgamyny döretmek bilen, biz ýurdumyzyň halk hojalygynyň möhüm, ýokary girdejili pudagyna öwrüljek syýahatçylyk pudagynyň esaslaryny emele getirýäris. Häzirki zaman syýahatçylyk ulgamynyň döredilmegi beýleki pudaklaryň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilmegine, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesiniň hiliniň ýokarlanmagyna öz oňyn täsirini ýetirer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Daşary ýurtlaryň neşirlerinde «Awazany» eýýäm «Gündogaryň şypahanalar merjeni» diýip atlandyrýarlar diýip, sözüni dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň syýasy, ykdysady we medeni taýdan ýokary göterilmeginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Häzirki döwürde «Awazada» döwlet baştutanlarynyň, Hökümet wekiliýetleriniň duşuşyklary, işewürler maslahatlary we döredijilik festiwallary, halkara sergileri we maslahatlary şeýle hem, daşary ýurtlaryň estrada «ýyldyzlarynyň» çykyşlary, möhüm jemgyýetçilik çäreleri yzygiderli geçirilýär. «Awaza» ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleri we ornaşdyrylýan täze usullary, reformalaryň ileri tutulýan ugurlaryny, türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatyny aýdyň görkezýän möhüm ähmiýetli çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 2013-nji ýylyň sentýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek Halkara syýahatçylyk kongresini geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu maslahat dünýäniň syýahatçylyk bazarynda esasy orunlary eýeleýän guramalary we kompaniýalary ýurdumyzyň halkara syýahatçylyk ulgamyndaky mümkinçilikleri bilen tanyşdyrar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu maslahatyň geçirilmeginiň dünýäniň syýahatçylyk we jahankeşdelik ulgamyna döwletimiziň goşulmagyna uly itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.

Umuman, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň täze döwrüň – türkmen halkynyň Berkarar döwletiniň bagtyýarlyk döwrüniň dabaralanmasyna, mähriban halkymyzyň ajaýyp umyt-arzuwlarynyň hasyl bolýandygynyň we eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljeginiň aýdyň nyşanyna öwrülendigini ynam bilen aýdyp bileris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Maslahaty dowam edip we onuň gün tertibiniň indiki meselesine geçmek bilen döwlet Baştutanymyz sentýabr aýynda geçiriljek birnäçe ähmiýetli çäreleriň üstünde durup geçdi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 1–30-njy sentýabry aralygynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça çäreler geçiriler. Däp bolşy ýaly, 1-nji sentýabrda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenip geçiler. Sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak we ýaş nesle döwrebap terbiýe bermek maksady bilen, 1-nji sentýabrda paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşylara söz berdi. Olar ýokarda agzalan çärelere taýýarlyk boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdiler

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy H.Muhammedow öz ýolbaşçylyk edýän ulgamlarynda işleriň barşy, şeýle hem gözegçiligindäki düzümleýin edaralaryň işini kämilleşdirmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň barşynda, türkmen döwletiniň Baştutany tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, şol sanda 1-nji sentýabrda göz öňünde tutulan çäreler üçin welosipedleri satyn almak barada aýdyldy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu çäräniň geçirilmeginiň adamlaryň saglygynyň berkidilmegine, ekologiýanyň abadançylygyna degişli meseleleriň çözülmegine we ýurdumyzda welosiped sportunyň wagyz edilmegine gönükdirilendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bellenen çärä ykjam taýýarlanmak barada görkezme berdi we ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin hemme çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşýan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýewe hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Abaýewe ýüzlenip, olaryň 1-nji sentýabrda geçiriljek köpçülikleýin welosipedli ýörişe taýýarlyk görmek boýunça geçirilen işler bilen gyzyklandy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyza sport welosipedleriniň satyn alnyşy hem-de telekeçileriň we söwda ulgamynyň işgärleriniň ýurdumyzyň raýatlarynyň sagdyn durmuş ýörelgesine giňden eýermegine ýardam berjek çäräniň geçirilmegine taýýardygy barada hasabat berdiler.

Öz gezeginde Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy B.Orazow şu ýylyň iýunynda döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda 2013-2017-nji ýyllarda welosiped sportuny ösdürmegiň maksatnamasynyň” durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu maksatnama laýyklykda Sport baradaky döwlet komitetiniň ýanynda welosportuň Milli tehniki merkezi, şeýle hem ýurduň welaýatlaryndaky, şäherlerindäki we etraplaryndaky sport mekdeplerinde çagalar welosiped sportuny ösdürmeklige gönükdirilip, bellenilen çäreleriň meýilnamasyny ýerine ýetirmek boýunça ýörite işçi topary döredildi.

Türkmenistanyň welosport boýunça milli ýygyndy toparynyň täze düzümi döredildi, häzirki wagtda türgenleri halkara ýaryşlaryna gatnaşdyrmak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hasabatyň çäklerinde 1-nji sentýabrda köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirmäge görülýän taýýarlyk barada jikme-jik habarlar aýdyldy. Sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, bu iri möçberli sport çäresine tutuş ýurdumyz boýunça müňlerçe adamlar gatnaşar. Welosipedli ýörişe paýtagtymyzda Köpetdag we Çandybil şaýollarynyň çatrygynda badalga berler.

Mundan başga-da, her ýekşenbe gününde welosport boýunça türgenleşdirijileriň we hünärmenleriň gatnaşmaklarynda sport çäresine gatnaşjak raýatlar üçin türgenleşikleri geçirmek bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sportuň dünýäde iň giňden ýaýran görnüşleriniň birini ösdürmegi höweslendirmäge, ulagyň bu ekologik görnüşine ilatyň ünsüni çekmäge gönükdirilen öňde boljak bu çäräniň ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikowa söz berildi. Ol paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramak, şeýle hem 1-30-njy sentýabr aralygynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy” atly şygar bilen ýol hereketiniň howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly çäreleriň geçirilmegine taýýarlyk görmegiň barşy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, bellenilen çäreleriň ählisiniň guramaçylykly, giň jemgyýetçiligiň işjeň gatnaşmagynda geçirilmegi üçin bu çärelere ykjam taýýarlyk görülmegine degişli meselelere jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz sentýabryň birinji gününde geçiriljek welosipedli ýörişi barada ýene-de bir gezek durup geçip, bu köpçülikleýin çäräniň jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, ýurdumyzda welosiped sportunyň, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanylmagynyň wagyz edilmegine degerli ýardam berjekdigini aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sentýabrda ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça geçiriljek bir aýlygynyň möhüm ähmiýetlidigini belläp, degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, abadançylyk hem-de işde we öňde goýlan wezipeleri berjaý etmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

* * *

Şu gün milli Liderimiz gysga wagtlaýyn dynç alyşdan soňra Aşgabada ugrady.