Ï Laý wulkanlary (patlawuklar)—Zeminiň dirilik demidir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Laý wulkanlary (patlawuklar)—Zeminiň dirilik demidir

view-icon 5735
Gojaman Hazaryň kenary... Owadan jülgelerdir dag etekleri alysda galdy. Güwwüldili şaglawuklardyr çeşmeler çöldäki salgym deýin ýitip gitdi. Arçadyr bahar gülleri bilen gözel görke giren kert gaýalar-da indi göze ilmeýärdi. Käte bir ho-ol alysda deňiz inçejik zolak bolup görünýär diýäýmeseň, daş-töweregiň ýüzlerçe kilometre uzap ýatan birmeňzeş çägelik...

Emma birki sagat geçenden bu uç-gyraksyz düzlükde hem üýtgeşik zatlaryň duş gelýänine göz ýetirýärsiň. Sende Ýeriň jümmüşinden çogup çykýan Zemin demini eşitmäge hem görmäge mümkinçilik döreýär. Çünki Hazar deňziniň kenarynda ýurdumyzdaky iň gadymy geologik jynslar—laý wulkanlary hereket edýär. Onalarça, hatda ýüzlerçe million ýyl ozal bu ýerlerde ýerasty tebigy hadysalar möwç urupdyr. Häzirki wagtda olar özüni düýpsiz uçuda gapgaran jynslary süýşürip, ýazylyp erkinlige çykmaga amatly pursadyna garaşyp ýatan ertekilerdäki jynlara meňzeýär.

„Wulkan“- gadymy grek miflerinde –ot taňrysy. Ot çabraýan daglaryň ählisine wulkan diýilýär. Biziň döwrümizdäki gyzgyn suwly ýerlerdir patlawuklaryňam şeýle magma wulkanlar hereketi bilen ýakyn baglanşygy bar.Dogrusy, hereketi we möçberi taýdan olary dag wulkanlary bilen deňeşdirip bolmaz. Ýogsa olar daş görnüşi boýunça magmaly wulkanlara meňzeýärlerem. Bularda-da ýokarlygyna inçelýän agzy bolup, ondan mahal-mahal ýokaryk laýdyr gaz, köplenç gyzgyn suwdyr nebit atylyp çykýar.


Häzirki wagtda hereket edýän patlawuklar hemişe üýtgäp durýarlar. Olarda ýokarsyna inçelýän agzyna derek kiçeňräk erezler ýada kraterler bolup, olar suwly, suwuk laýly we nebitli bolýar. Gadymy wulkanlardan atylyp çykan jynslardan emele gelen daşa dönen depeler galypdyr.

Hereket edýän patlawuklar (olar ýurdumyzdaky wulkanlaryň ýarysyna golaýydyr), ylym üçin hemişe täzelenip durýan maglumatlar çeşmesidir. Başgaça aýdanyňda, olar—mezozoý gatlaklar toplumyna baryp ýetýän öte çuň tebigy burawlardyr. Geologlar A. A. Alizade we N. O. Nazarow dagy ençeme ýyllaryň dowamynda günbatar Türkmenistanyň laý wulkanlaryna barlag geçirip, olaryň sebitiň nebit-gazlydygyny gönüden-göni görkezýän nyşanlarydygyny kesgitlediler.

Türkmenistanyň günorta-günbatarynda uzynlygy 300 km we ini 100 km meýdanda şu kysmy wulkanlar ýerleşendir. Patlawuklar näme üçin hut şu ýerlerde döredikä? Sebäbi, bu ýerlerde neogen zamanynda laý, gumdaş, palçyk bilen hek garyndysy, kirşen, çägesöw toprak ýaly deňiz çökündilerinden ybarat, çuňlugy on kilometre golaý ägirt uly çöketlik emele gelipdir. Hut şonuň üçinem, Günbatar-Türkmen çöketligi wulkanlaryň kemala gelmegi üçin amatly ýer bolupdyr. Şeýle kuwwatly çökündiler emel gelende, adatça, ýokarky gatlaklarda ýokary basyş döreýär. Suw siňen laýdyr çäge herekete gelýär. Ýokary gyzgynlyk, gazyň, kondensatyň, nebitiň, düzüminde her hili elementler bolan gömülen suwlar suwuklanan maddalaryň maýyşgak toplumlarynyň hereketlenmegine getirýär. Basyş netijesinde şol maddalar ýolunda duş gelýän jynslary weýran edip, jaýryklardan flýuid görnüşinde ýokaryk okdurylýarlar. Şeýdibem, wulkanlar döreýär. Emma wulkan döremegi bilen çuň gatlaklarda nebit flýuidleriniň hereketi togtamaýar. Gazdyr nebit brekçiýalaryň öýjükli gatlagyna dolýarlar, netijede nebtiň we gazyň iri ýataklary kemala gelýär.


Günbatar Türkmenistanyň patlawuklary günortada Esenguly şäherçesinde başlanyp, Çelekende (Hazarda) tamamlnaýan bölek-bölek baýyrlar ulgamyny emele getirýärler. Ondan soň ol deňziň içi bilen Apşeron ýarym adasyna tarap gidýär. Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň üýtgemegi bilen patlawuklar suwuň üstünde-de, teýinde-de gabat gelýärler.

Sarmat eýýamynyň ortasynda, takmynan mundan 10-12 million ýyl ozal tutuş Türkmenistanyň we goňşy ýerleriň ählisini eýelän äpet deňiz kiçelip başlaýar. Şol tektoniki hereketleriň netijesinde ýurduň günortasynda, häzirki Hazar döwlet goraghanasynyň ýerleşýän ýeri bolan Keýmir-Çekişler sebtinde tutuş wulkanlar topary emele gelýär. Olaryň arasynda Gaýnag depe, Çekişler, Akpatkawuk, Kaliskiý wulkany, Tüýnükli, Porsy, Keýmir wulkanlar topary bar. Şol ýerlere aýlanamyzda Akpatlawugyň has işjeň wulkandygyna göz ýetirdik. Ol, gürrüňsiz, dünýä derejesindäki tebigy geologik ýadygärlikdir. Onuň hereket edýän krateri gyralary südürli depelikdir. Onuň depesinde güýçli akymlardan emele gelen gümmez kysmy beýiklik bar. Düzlük ýerden 100 metr töweregi ýokary galyp duran gümmeziniň gyralary çuň käldir çuňluk döreden akymlar tarapyndan bölünipdir. Esasy depesiniň merkezinde ini 200 metr bolan krater köli henizem gaz-läbik akymlydyr. Meselem, Gaýnag depe wulkanyndan läbik akýan kiçeňräk ýeke baýyr galypdyr.


Demirgazykda, Çekişler şäherçesiniň golaýynda „göçýän wulkan“ bar. 2006-njy ýylda ol kenardan 150-200 metr deňziň içindedi. Indi Hazaryň suwy onuň günbatar eňňidini ýuwýar, depäniň erňegi deňizden 5-6 metr ýokary çykýar. Çekişler wulkany beýlekilerden ini 60 metr bolan dürs tegelek krateri bilen tapawutlanýar. Wulkanyň agzynda kemala gelen kölçäniň suwy sarymtyl-mele reňklidir.

Şeýle dürs tegelek, ýöne ullakan krater Çekişlerden birnäçe kilometr daşdaky Keýmir sebtinde-de duş gelýär. Hereketli bu wulkan konusly däldir. Ol ini 200 metre, beýikligi 10 metre golaý eňňitli giň guýguç şekillidir.

Ekerem (gömülen) we çägesöw düzlükde 150 metrden-de ýokary galyp duran Gök patlawuk wulkanlary Keýmir-Çekişler sebitiniň demirgazyk toparyna degişlidir. Bu wulkan üýtgeşik özboluşly, ol durşuna çuň „ýygyrtly“, eňňitleri güýçli gazly we gaýnan läbik netijesinde dörän posly joýalyk bolup dur. Çökündi örtüginden çen tutsaň, ol patlaýan ýerini iki gezek üýtgedipdir. Gökpatlawuk we Akpatlawuk wulkanlary Kerç ýarym adasynyň läbikli baýyrlaryna meňzeýär. Olarda hem ýapgyt eňňitleri we tegelek kölçeler bolup, olaryň derejesi hemişe üýtgäp durýar.


Parahat wulkanlar birden- birden möwç alyp ugraýar. Olar atylyp başlanda läbikler birki metr belende zyňylýar. Bu ýagdaýy gözi bilen görenleriň aýtmagyna görä, has güýçli atylmalar-da bolup, olada ýoddur bromuň möçberi juda köp bolýar. Patlawuklaryň bejeriş häsiýetlidigini hem bellemek gerek. Bu ýerlerde ýod-bromly suwlaryň iri ýataklary tapyldy. Gumdagdan birnäçe kilometr gündogardaky Boýadag wulkanynyň golaýynda ýod we brom almak boýunça kärhana işleýär.

Boýadag—hakyky boýalar dagy. Tebigatyň ajap gözellik eçilen bu ýeri seni biparh goýmaýar. Wulkanlar ulgamynda bu gadymy wulkan iň gündogarkysydyr. Häzirki wagtda Boýadag ini 20 kilometrden-de uzaga uzap gidýän bölek-bölek baýyrlykdyr. Ol ençeme ýajryklara bölünendir. Olardan läbik akypdyr we depe- lerden brekçiýa atylyp çykypdyr.

Bu dagyň sütüne meňzeýän Garaburun depesi ençeme kilometrden-de göze ilýär, ol wulkanyň agzynda tutuşlygyna gatap, daşa dönen belli bir şekilsiz brekçiýadyr. Duzlaryň berkidip, bitum ornan brekçiýa wulkanyň pytrap giden konusynyň materialyndan berk eken, onuň beýikligi 40 metrden-de belent daşa dönen agzy iri wulkanyň güýçli atylmalaryna kaşaň ýadygärlik bolup galypdyr. Boýadagyň eňňitleri çal we açyk çal palçykdan emele gelipdir. Ol ýerdäk bar zat goýy gyzyl-goňur reňklidir.

Laý wulkanlarynyň şahasy Balkanabadyň üstünden Çelekene çenli göni günbatara uzap gidýär. Alygül wulkanynyň iň gýüçli patlamalary hut şu ýerde bolýar. Dag magdanlarynyň has çuňluklardan atylyp aýry-aýry bölekleriniň ini 2-3 metre ýetýär. Beýleki wulkanlar—Günbatar Porsyköl we Gyzyl Porsyköl krater kölleridir.


Türkmenistanyň günbatarynda häli-häzire çenli wulkanlaryň atylyp durýanlygyny biýän az bolsa gerek. Hereket edýän wulkanlary öwrenmegiň özi geologiýanyň ençeme meselesiniň çözgüdini tapmaga ýardam edýär. Iň gadymy döwürlerden bäri wulkanlaryň we wulkan jynslarynyň gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň ýataklary bilen jebis baglanşyklylygy tötänden däldir. Ady dünýä dolan alym I. M. Gubkin Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň laý wulkanlaryny öwrenip, nebit ýataklaryny ir döwürlerde läbik wulkanlarynyň atylyp çykan ýerlerinden agtarmalydygyny ýüze çykardy. Häzirki wagtda günbatar Türkmenistanyň wulkanlarynyň ählisiniň töwereginde ülkäniň tebigy baýlyklarynyň çalt depginlerde özleşdirilmegi tötänden däldir.

***

Balkandan kölüň kenaryna çenli

Hatarynda tanymal arheolog H. Ýusubow, paleontolog A. Nigarow bolan ylmy topara gatnaşýanlar, Hazar döwlet goraghanasynyň hünärmenleri we „Agama“ alpinistler klubynyň agzalary özboluşly Garabogaz kölüniň gazaply kenarlarynyň ereginden 2000 kilometrden gowrak ýol geçdiler.

Ozboluşly gözel, ýöne az öwrenilen we syrly bu ülkä—Balkan welaýatynyň syýahatçylyk mümkinçiligini öwrenmek maksady bilen guralan topar barada taslamanyň ýolbaşçysy Oleg Güýçgeldiýew şeýle gürrüň berýär.

-Hemişe aýratyn gazaply hasaplanan çölde üýtgeşik açyşlar boldy. Hazar ýakasy binagärlik ýadygärliklerine baý bolmasa-da, her bir depe, her gözel jülge ýada baýyr taryhy wakalardan doly eken. Ekspedisiýa wagty joşgunly gadymyýet, galagoply Orta asyrlar barada ýatlamalr döredýän gadymy adamlaryň ýaşan ýerleri, gadymy neolit eýýamynyň gurallary, taryhy we tebigy ýadygärlikler täzeden öwrenildi we bellige alyndy.


Ekspedisiýa Uly Balkanyň günorta çetinde, geçen asyryň başynda rus alym –arheology A. Okladnikowyň tapan we ýazyp beýan eden gowaklaryndan başlandy, 10000 ýyl mundan ozal pederlerimiz şol ýerlerde ýaşapdyrlar. Ol Damdam çeşme we Jebel gowaklaryndan (1, 2) ilkidurmuş adamlarynyň kremniden ýasan gurallaryny, şeýle hem has giçkiräk döwre degişli, bişirilen toýundan ýasaln zatlary tapypdyr. Goraghananyň içindäki Gubaseňňir dag gerşiniň ýapgydyndaky gadymy adamlaryň ýaşan ýeri bolan neolit eýýamyna degişli beýleki bir Gaýly gowagy hem üýtgeşik tapyndylar mekany boldy. Gubaseňňiriň demirgazyk-gündogar dag şahasynda rus alymlary gadymy şaý-seplerini tapypdyrlar. Häli-häzire çenli syýahatçylar bu ýerlere aýratyn üns berýärler.

Toparymyz Balkanabatdan çykan dessine rus goşunlarynyň kiçeňräk galasynyň ýerleşen ýeri bolan Daşrabat çeşmesine bardy, ýerli gojalaryň aýtmagyna görä, ol ýerde has gadymy, heniz öwrenilmedik gala ýerleşipdir. Toparymyz şo taýdan demigazyga - Çilmämmetgum çöllük düzlüginden ýerli ilatyň zyýarata köp barýan ýeri Gözli ata öwlüýäsine tarap ugrady. Soňra biz Akgyr erezine, ondan aňryk gündogara we gündogar-günorta, Gökdere obasyna tarap ugradyk. Şol obanyň töweregindaki örän gyzykly tebigy ýadygärlikleri öwrenip, biz demirgazyga, Awlamyş guýusyna, ondan soň Tüwür obasynyň üstünden Garabogaz kölüniň günorta-gündogar kenaryna tarap ýola düşdük. Syýahatyň soňky gününi Garabogaz kölüniň töweregini öwrenmäge bagyşladyk.


Uzaga çekmedik syýahatymyzyň dowamynda taryhda belli bolan ýerler we şol ýerlerde bolan taryhy wakalar bilen tanyşdyk. Meselem, Gözli ata öwlüýäsinden daş bolmadyk ýerde tapylan kiçeňräk bina öwrenildi, şo taýda arheolog H. Ýusubowyň çaklamasyna görä, hywaly esgerler jaýlanypdyr. Gonamçylyk gözel ýerde ýerleşýär, ol ýerli ilatyň hem-de Gazagystandan we Özbegistandan gelýän myhmanlaryň arasynda gelim-gidimli ýerdir. Ol nireden peýda bolduka? Şunuň bilen baglylykda, Orta asyrlarda Balkanyň eteginde ýaşan türkmen taýpalarynyň ruhy baştutany weli Gözli ata ýada Uzyn Hasan ýatlanylýar. 102 ýaşly dana goja hywaly Sufýan hanyň goşunyna garşy göreşde türkmen tire-taýpalaryny jebisleşdirýär. Waka ХVI asyryň 20-nji ýyllarynda bolýar. Şonda duşmanlar türkmen goşunlarynyň ýeňse tarapyndan gelip, häzirki wagtda „Galmyk kesen“ (türkmenler demirgazykdan gelýän duşmanlaryň baryna „galmyklar“ diýipdirler) diýlen ýerden aşak inýär. Akgyr ereziniň çetinde biz ýene bir taryhy ýere baryp gördük. Bu ýerde ulgamy ýeke duran tekizlik bilen birleşýän 13 metrlik burun bar eken, oňa ýerli çopanlar Howply burun ýada Çotak diýýärler. Hywaly taryhçy Abulgazynyň ýazmagyna görä, Gözli atanyň mekanynyň golaýynda bolan söweşden üç gün soň Hywa hanyna salgyt tölemekden ýüz dönderen türkmen tireleri hut şu ýere çekilipdirler. Buruny güýçli diwar bilen ýapan türkmenler Hywa hanynyň goşunyndan mertlerçe goranydyrlar, diwaryň bölekleri häli-häzire çenli saklanyp galypdyr.

Kölüň günorta-gündogarynda pajygaly wakalaryň ençemesiniň, şol sanda, massaget we türkmen tire-taýpalarynyň garaşsyzlyk ugrunda göreş bolandygyny bellemek gerek. Taryhdan belli bolşy ýaly, pars şasy Kiruşyň goşuny şa zenan Tomirisden (Tumardan) ýeňlenden soň özüni tutup, ýene onlarça ýyldan massagetleriň üstüne sürünýär. Rowaýatlarda aýdylyşyna görä, Kiruşyň agtygy Dariý II-niň ýolbaşçylygyndaky ahemenidler goşuny pederlerimiziň ýaşan topragynda ýönekeý çopan Syraga duşýar, onuň bir özi Dariniň goşunyny ýeňmegi ýüregine düwýär.

Massagetli çopan miladynyň V asyrynda duşman goşunyny suwsuz-sölsüz şu ýerler getirip, öz halkyny duşmandan halas edýär. Şol wakadan ençeme asyr geçen soňam Akgyr ereziniň günorta çetindäki Çopan depä çykyp, Dariniň goşunynyň çölden aşyp, suwsuz jülgede wepat bolan ýerine syn edeniňde, şol wakany göz öňüne getirmek kyn däl.


Garabogaz kölünden günorta-gündogara ulgam bolup uzalyp gidýän Ärsary baba dagy-da ХVI asyrda bolup geçen wakalaryň şaýady, şonda türkmen serdary Ärsary öz gyzyny Eýran şasynyň dikmesine bermekden ýüz öwrüp:“ Ol meniň gyzyma däl-de, halkyma är boljak bolýar“-diýýär. Awlamyş guýysynyň ýanynda ol maşgalasy bilen daga çekilýär, emma duşmanlar ony tutup, jezalandyrypdyrlar. Bu ýerde türkmenleriň ençeme asyr bäri sarpalaýan gonamçylygy bar. Bu ýere ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan zyýaratçylar gelýärler.

Ýurdumyzyň demirgazyk-günbatarynyň tebigy gözellikleri diňe bir syýahatçy myhmanlary geň galdyrmasa gerek. Begarslandag diýlen ýerde biz hek maddalaryndan emele gelen geň landştafa gabat geldik, ol Zemindäki däl-de, eýsem Aýdaky manzara meňzeýärdi. Bu ýerdäki kiçeňräk tebigy suw ýygnanýan ýerde-kakda hatda iýul aýam janly-jandarlar üçin ýygnanan suw bar eken. Orta Aziýada olara “wadi“ diýýärler. Garabogaz kölüniň günorta şahasy hasam owadan eken. Gözli ata daglary, melemtil, kä ýereleri gyzyl-ak-çal reňkli Akgyr erezi we giçki hek eýýamynda (mundan 60-65 million ýyl ozal) bütewi deňiz çökündilerinden emele gelen magdanlaryň beýleki galyndylary hem reňbe-reň öwüşginleri bilen göreni haýran edýär. Ýerli ilatyň kömegi bilen biz Sakkar ýol diýen ýerde olardan-da gadymy we düýpgöter üýtgeşik tebigy galyndylara duş geldik. Gökdere obasynyň golaýynda uzynlygy 3 kilometr inçe zolakda biz käte iki we üç gatlakly äpet daşa dönen hek-çäge çökündisine gabat geldik. Geologlaryň aýtmagyna görä, bu daşlar dünýä ummanynyň gurap, ozalky deňiz düýbüniň tektoniki ýokary galmasyndan kemala gelipdir. Bir wagtlar olaryň asmandan inenligi barada jedellerem bolupdy, ýöne alymlar olaryň çökündiniň beýleki gumundan berkligini, bu ýerlerden tapylan maddalaryň giçki hek eýýamyna degişli bolup, olaryň Zeminde onlarça million ýyl ozal dörändigini subut etdiler.


Obanyň golaýynda Gökýokuş diýlen ýerde ýene bir gadymy daşa duşduk; ol has-da geňdi, özem juda uludy—boýy iki metre golaýdy. Kemal ata çeşmesiniň golaýyndaky düýe agylyndaky daşa dönen magdanlar-da geň şekili bilen bizi haýran etdi, olar çeşmäniň kenarynda sazaklardyr akyp ýatan suw bilen birlikde irki eýýamlaryň döwrüni ýatladýardy. Bu adam aýagy seýrek düşýän ýerde haýwan-jandarlaram özüni erkin duýýardylar. Gulandag ereziniň töwereginde biz dag goçlarynyň sürüsine, süýji suwly çeşmäniň gözbaşynda keýikleriňdir barslaryň aýak yzlaryna gabat geldik. Kenarýaka jeňňellerde käkiliklere, Garagandyk diýen ýerde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen deňiz bürgütleriniň 10 sanysyna duş geldik. Bu ajap ýerlerd olary bimaza edýän zatlaryň bolmazlygy we ot-iýmiň ýeterlik bolmagy tebigaty halaýanlara guşlara we beýleki ýabany haýwanlara, jandarlara ýabany şertlerde olara syn etmäge mümkinçilik berer.


Onsoňam, ýerli ilatyň hoşmeýilliligi, myhmansöýerligi barada-da aýtmalydyrys. Goşoba, Gökdere, Tüwer, Awlamyş obalarynda—baran obalarymyzyň ählisinde bizi mähirli garşylap, sahawtly tagamlar bilen garşy alyp, degerli maslahat berýärdiler, kömek edýärdiler. Bize arassa düýe çalyny hödür edýärdiler, ýolbeletleri, şol ýerlerdäki ajaýyp ýerler, tebigy ýadygärlikler barada gürrüň berýärdiler. Sebitiň etnografik, taryhy we ekologik syýahaty özünde jemleýän „oba syýahatçylygyny“ ösdürmäge ägirt uly mümkinçiligi bar.

***



Aýdere- Sumbar jülgesiniň haýran galdyryjy girelgesi bolup, ol ýerde Köpetdagyň iki ýana çekilen belent gaýalarynyň arasynda Magtymguly şäheri ýaýylyp ýatyr. Eger-de Garaýolçy baýrynyň depesinden Magtymguly şäheriniň töweregine syn etseň, onda ol ýerleriň durşuna baýyrlyk bolup ýatanlygy göze ilýär.

Ýöne bu manzaryň iň üýtgeşigi Aaýderedir. Bu kiçeňräk baýyrlaryň beýikligi bir metrden sekiz metre çenli bolup, olaryň düzüminde duz galyndylarynyň möçberi juda köp bolansoň, olarda hiç zat ösmeýär. Bu ýerlere mahsus bolmadyk ýiti sarymtyl-gögýmtil görnüş olary hyýaly bir zat edip görkezýär. Şeýle üýtgeşik “gaýry planetalara mahsus landştaft” diňe Türkmenistanda duş gelýär.


Bu daglar gaty üýtgeşik: olar eräp akan tegelek görnüşli,reňki goýy gülgüne ýada çal, aga ýakyn reňkli bolup, ýagyş ýaganda üýtgeýär, howanyň çyglylygyna görä üýtgäp, älemgoşar reňkleri öwüsýär...Bu ajaýyp ýer tebigatyň diňe özüne mälim oýny üçin döredilen sahna bezegine meňzeýär.

Aýderäniň eňňitlerinde, hamala, bu ýere tötänleýin düşen ýaly seýrek duş gelýän ösümlik, “gaýry planetalara mahsus landştafta” bize has ýakyn Zemini röwüş berýär.



“Aý manzary” Nikolaý Rerihiň suratlaryny ýada salýar: sary baýyr, onuň aňyrsyndaky çal gaýalaryň depesinde alysdaky dagyň mawy zolagy, soňra dag depesindäki ak ümür zolagy, onuň depesinde bolsa, gök asman... görünýär. Ömründe äleme syýahat edip, näbelli planaeta gadam basmagy bir gezek arzuwlamadyk adamy tapmak kyn bolsa gerek. Ozallar şeýle hyýaly kosmonawtlar ýada astronawtlaramal etse, häzirki döwürde bolsa, älem syýahatçylary wysal edip bilýärler. Ýöne olaram köp däl. Emma Aý manzaryna syn etmek üçin Zeminden uçup gitmegiň geregi ýok. Munuň üçin günbatar Türkmenistana gelip, Sumbar jülgesindäki Sünt-Hasardag goraghanasyna barmak ýeterlik. Jülgäni demirgazykdan Sünt, Hasardag we Yssyk, günortadan olardan pesräk Monjukly gaýalary goransoň, bu taýy üýtgeşik subtropik howaly ýer bolupdyr.


Suwbar jülgesiniň howasy üýtgeşik ýakymly, ýumşak, otlardyr gülleriň mylaýym ysy ornan jana tenekar arassa howasy, owadan dereleridir jülgeleri bar. Bu sebitiň howasy yssy bolsa-da, jöwzaly däl, gyşy ýumşak gelýär. Jülgä gar düşenok diýseňem boljak, ol diňe dag depelerinde , özem Köpetdagyň gaýalaryndakyndan has az mukdarda saklanyp galýar.


Bu toprakda arpa, çowdary we gowaça ekse bolar, almalaryň sowuga çydamly görnüşleridir ýyly howany halaýan injir miweläp, kiçiräk palmalar ösýär. Sumbaryň ýokarky böleginiň dag akymlaryndan suwarylýan gapdal jülgelerinde, aýratynam Aýdere jülgesinde baglardyr gyrymsy ösümliklr gür ösýär, olaryň arasynda ýabany miweli baglar-da kän. Dagdan, çynar, kerkaw, zirk, itburun, şeýle hem alma, armyt, hoz , ýabany üzümdir böwürslen, ülje we injir, alça çyrmaşyklar bilen örtülip, gür,käte geçmesi kyn jeňňel bolup gidipdir. Gaýalardan ýokary galsaň, badam ösýän kiçeňräk tokaýlar duşýar, Gün şöhlesiniň gowrak düşüp, aýazdan goraglyrak ýerlerinde nar agajy gabat gelýär. Arça dag depelrinde seleňläp otyr. Mineral we kükürtli wodorod suwlary bilen tanalýan Parhaý çeşmesi-de bu ýerde. Onuň suwy ençeme keseli bejermekde we öňüni almakda peýdalydyr. Kürüždeý obasynyň töweregi-de kert gaýalary, gök öwüsýän çemenzarlyklary ençeme çeşmesi bilen gözeldir.


Sumbar we çendir jülgelerinde keramatly ýerler köpdir, her ýyl ol ýerlere zyýaratçylaryň müňlerçesi barýar. Bu toprakda özboluşly üýtgeşik arheoleogik ýadygärlikler, şol sanda gadymy adamlaryň durmuşy, ölüp-ýiyip giden haýwanlary awlaýan pursatlaryny beýan edýän gaýa suratlary çekilen ýerler hem bar.

***

Uly Balkanyň gowaklary

Uly Balkanda gowak azdyr, ol hem esasan giçki hek karbonat gatlaklary bilen baglanşyklydyr. Dag ulgamynyň günbatar eňňidinde uzynlygy 100 metr bolan Düz Mergen kese gowak olardan has bellisidir. Onuň agzy kert gaýanyň diwaryndadyr. Girelgesinden soň uzynlygy 40 metre, depesi 5 metre golaý giň zal bar. Gowagyň indiki uzynlygy 60 ini 20 metrden 40 metre çenli beýleki bölegine gädikden geçip barmaly. Beýleki bir Dam-dam çeşme gowagy ondan birnäçe kilometr gündogarda ýerleşýär. Onuň tagça şekilli 8 metre golaý girelgesi hek gatlaklarynyň arasyndadyr. Onuň geçmişde adamlar üçin gaçybatalga bolan bolmagam mümkin. Balkan dagynyň günorta çetinde geçen asyryň başynda rus alymy arheolog A. Okladnikow pederlerimiziň 10000 ýyldan hem köp wagt ozal ýaşan gowagyny tapypdyr we ony ýazyp beýan edipdir. Dam-dam çeşme (1, 2) we Jebel gowaklarynda ol ilkidurmuş adamlarynyň ulanan kremniden ýasalan zähmet gurallaryny, şeýle hem has giçkiräk döwre degişli syrçaly gaplary tapypdyr. Goraghananyň çägindäki Gubaseňňir gerşiniň eňňidindäki neolit eýýamyndan galan beýleki bir belli Gaýly gowagy hem geň zatlaryň tapylan ýeri boldy. Gubaseňňiriň demirgazyk-gündogar eteginde rus alymy gadymy şaý-sepleri hem tapypdyr. Häli –häzire çenli bu ýer syýahatçylaryň halaýan ýeridir.


Onuň demirgazyk eňňidinde Çöketli burun gowagy hem özüne çekijidir. Onuň agzyna barmak öte kyn, çünki ol 200 metrlik kert gaýanyň orta böleginde ýerleşýär. Onuň agzynyň ini 20 metre golaýdyr. Bu kese gowak umumy uzynlygy onlarça metr bolan iki bölekden ybarat. Onuň birinji böleginiň beýikligi 30 metre golaýdyr. Ondan beýikligi 20 metre golaý, ini 30 metrden gowrak ikinji bölege ýapgyt dar gädik bar. Diwarlaryndan syrygyp akmadan emele gelen iri ala sudurly, ýumşak öwüşginli sarymtyl mermer oniks oňa geň röwüş berýär. Türkmenistanda hünärmenleriň köpüsine we speleologiýanyň muşdaklaryna mälim bolmadyk beýleki tebigy köwleriň hem bolmagy mümkin.

Biz Türkmenistanyň daglaryndaky diňe iri gowaklara—tebigy bilimleriň hakyky ýerasty muzeýlere baryp gördük. Olar eýýäm gowy öwrenilen bolsa-da, hazirem uly gyzyklanma döredýär. Olary guramaçylykly syýahatçylykda giňden ulansa boljak. Bu özboluşly tebigy köwlere baryp, daşlar şalygynyň söz ýetmez gözelligini görmegiňem aýratyn lezzeti bar.


Eger-de dynç alýanlar iň gadymy siwilizasiýanyň yzlaryny we taryhy ýadygärlikleri görmek isleseler, onda Maşady-Misserianyň gadymy ýadygärliklerine syýahatçylyk toparlaryny gurap bolardy. Bu ýerde Х-ХIII asyryň kaşaň binalary— gadymy binagärleriň guran göreni haýran edýän minaralary, köşkleriň galyndylary, üýtgeşik arhitekturaly mawzoleýleri bar. Olara Bugdaýly obasyndan başlanýan 35-40 km gumak tekiz ýol barýar.

Bu sebitde syýahatçylary gyzyklandyryp biljek ýene bir ýer bar, olam günbatar Köpetdagyň iň çetki şahy—Gäwürli jülgesidir, ol ýerde neogen eýýamyndan galan gumdaşlar gatlagynda dünýä derejesindäki tebigy paleontologik ýadygärlik—gadymy düýäniň aýak yzlary saklanyp galypdyr. Onuň 2,5 million ýyl ýaşy bar. Günbatar Türkmenistanyň patlawuklary we Hazar ýakasynyň beýleki gözel ýerleri diňe bir alymlara taryhyň we geologiýanyň syrlaryny açmaga ýardam berýän goraghana bolman, eýsem düşünjäňi artdyrýan syýahatçylyk zolagy hem bolup biler.