Ï Türkmenistanyň Kanuny <br> Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny <br> Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hakynda

view-icon 12025
Şu Kanun hukuk bozulmalarynyň öňüni alyş ulgamynyň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär we onuň işleýşiniň umumy kadalaryny, hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň ýörelgelerini, esasy ugurlaryny, görnüşlerini we öňüni alyş taýdan täsir etmegiň usullaryny belleýär.

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Esasy düşünjeler

Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) hukuk bozulmasy – jenaýat ýa-da administratiw jogapkärçiligine çekilmegine getirýän hukuga garşy etmiş (hereket, hereketsizlik) bolup durýan jenaýat ýa-da administratiw hukuk bozulmasy;

2) hukuk bozulmalarynyň öňüni almak – hukuk bozulmalarynyň edilmegine ýardam edýän sebäpleri we şertleri ýüze çykarmaga hem-de aradan aýyrmaga, şeýle hem hukuk bozulmalarynyň ýa-da jemgyýete garşy özüňi alyp barşyň amala aşyrylmagyna ýol bermezlik maksady bilen, adamlara terbiýeçilik taýdan täsir etmäge gönükdirilen durmuş, hukuk, guramaçylyk, maglumat we beýleki häsiýetli çäreleriň jemi;

3) hukuk bozulmalarynyň öňüni alyş ulgamy – hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýektleriniň, hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga gatnaşýan şahslaryň we olaryň hukuk bozulmalarynyň öňüni almakda görýän çäreleriniň, şeýle hem hukuk bozulmalarynyň öňüni almak çygrynda işleri utgaşdyrmagyň we gözegçiligiň (monitoring) esaslarynyň jemi;

4) hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga gatnaşýan şahslar – şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak çygrynda öz hukuklaryny amala aşyrmagyň çäklerinde hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýektlerine kömek (ýardam) edýän raýatlar, jemgyýetçilik birleşikleri we beýleki guramalar;

5) durmuş taýdan hyzmat etmek çygrynda jemgyýetçilik birleşikleri we beýleki guramalar – durmuş taýdan hyzmat etmegi (durmuş-ýaşaýyş, saglygy goraýyş-durmuş, durmuş-psihologik, durmuş-terbiýeçilik, durmuş-hukuk we beýleki durmuş hyzmatlarynyň hödürlenilmegi) amala aşyrýan we hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga gatnaşýan jemgyýetçilik birleşikleri we beýleki guramalar;

6) jemgyýete garşy özüňi alyp baryş – fiziki şahsyň özüňi alyp barşyň we ahlagyň umumy kabul edilen kadalaryny, beýleki adamlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini bozýan, administratiw ýa-da jenaýat jogapkärçiligine getirmeýän hereketleri.

2-nji madda. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

3-nji madda. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň ýörelgeleri

Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak şu ýörelgeleriň esasynda amala aşyrylýar:

1) hukuk bozulmalarynyň öňüni almak amala aşyrylanda adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň ileri tutulmagy;

2) kanunylyk;

3) hukuk bozulmalarynyň öňüni almak amala aşyrylanda çemeleşmeleriň ulgamlylygynyň we bitewüliginiň üpjün edilmegi;

4) hukuk bozulmalarynyň öňüni almak babatda görülýän çäreleriň açyklygy, üznüksizligi, yzygiderliligi, öz wagtyndalygy, obýektiwligi, ýeterlikligi we ylmy taýdan esaslandyrylmagy;

5) hukuk bozulmalarynyň öňüni almak amala aşyrylanda ygtyýarlylyk;

6) adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegi üçin hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýektleriniň we olaryň wezipeli adamlarynyň jogapkärçiligi.

4-nji madda. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýektleri

1. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Baş prokuraturasy, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi, Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy hem-de beýleki döwlet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýektleri bolup durýarlar.

2. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýektleri öz işini şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen ygtyýarlyklarynyň çäklerinde amala aşyrýarlar.

5-nji madda. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň esasy ugurlary

1. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak şu esasy ugurlar boýunça amala aşyrylýar:

1) hukuga garşy kast etmelerden şahsyýeti, jemgyýeti we döwleti goramak;

2) hukuk bozulmalaryny duýdurmak;

3) hukuk bozulmalaryny etmäge meýilli adamlaryň öňüni alyş hasabyny ýöretmek ulgamyny ýola goýmak we ösdürmek;

4) jemgyýetçilik howpsuzlygyny, şol sanda ýol hereketiniň howpsuzlygyny we ulag howpsuzlygyny üpjün etmek;

5) terrorçylyga we ekstremizme garşy hereket etmek, terrorçylykly hyýanatçylygyň mümkin bolan obýektlerini, şol sanda infrastrukturanyň we ýaşaýyş üpjünçiliginiň aýratyn möhüm we (ýa-da) howply bolup biljek obýektlerini, şeýle hem adamlaryň köpçülikleýin bolýan ýerlerini goramak;

6) korrupsiýa garşy hereket etmek, onuň döremeginiň sebäplerini we şertlerini ýüze çykarmak hem-de aradan aýyrmak;

7) adam söwdasyna garşy hereket etmek;

8) bikanun migrasiýa garşy hereket etmek;

9) kämillik ýaşyna ýetmedikleriň gözegçiliksiz, garawsyz galmaklygyny, hukuk bozulmalaryny we jemgyýete garşy hereketlerini duýdurmak;

10) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna garşy hereket etmek;

11) hususy, döwlet we gaýry görnüşdäki eýeçiligi goramak we goraglylygy üpjün etmek;

12) ykdysady howpsuzlygy üpjün etmek;

13) maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek;

14) ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak;

15) ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek;

16) tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak, olaryň netijelerini ýok etmek we (ýa-da) iň pes möçbere getirmek;

17) jemgyýetçilik tertibini, şol sanda sport we beýleki köpçülikleýin çäreler geçirilende goramak;

18) ilatyň hukuk düşünjeliligini ýokarlandyrmak.

2. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň esasy ugurlaryny amala aşyrmak şular arkaly durmuşa geçirilýär:

1) durmuş häsiýetli jenaýatçylykly ýagdaýlary ýüze çykarmak, olara baha bermek we çaklamak;

2) hukuk bozulmalarynyň öňüni almagy hukuk taýdan düzgünleşdirmek;

3) hukuk bozulmalarynyň öňüni almak çygrynda döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamak;

4) hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýektleriniň hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga gatnaşýan şahslar bilen hukuk bozulmalarynyň öňüni alyş meseleleri boýunça özara arkalaşykly hereket etmekliginiň gurallaryny kämilleşdirmek;

5) jemgyýete garşy özüňi alyp barşa we hukuk bozulmalarynyň edilmegine, şol sanda durmuş, milli ýa-da dini agzalalygyň esasynda edilmegine ýardam edýän sebäpleri we şertleri ýüze çykarmak hem-de aradan aýyrmak;

6) hukuk bozulmalaryny etmäge meýilli adamlary ýüze çykarmak;

7) hukuk bozulmalaryndan ejir çeken ýa-da şeýle ejir çekmek töwekgelçiligine sezewar edilen adamlary we agyr durmuş ýagdaýyndaky adamlary ýüze çykarmak;

8) şu Kanunda bellenilen hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň görnüşlerini we öňüni alyş taýdan täsir etmegiň usullaryny ulanmak;

9) hukuk bozulmalaryny duýdurmak maksady bilen, administratiw, jenaýat, jenaýat iş ýörediş, jenaýat-ýerine ýetiriş we dessin-agtaryş häsiýetli hukuk bozulmalarynyň öňüni alşyň ýörite çärelerini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ulanmak;

10) hukuk bozulmalarynyň öňüni almak çygrynda gözegçiligi (monitoring) geçirmek;

11) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan gaýry çäreleri ulanmak.

3. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň şu maddanyň ikinji böleginiň 9-njy bendinde göz öňünde tutulan ýörite çäreleri Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki döwlet edaralarynyň wezipeli adamlary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ulanmaga ygtyýarly edilendir.

4. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga gatnaşýan şahslar şu maddanyň ikinji böleginiň 5-8-nji bentlerinde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň çärelerini şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen özlerine berlen hukuklaryň çäklerinde ulanýarlar.

II BAP. HUKUK BOZULMALARYNYŇ ÖŇÜNI ALMAK ÇYGRYNDA TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ WE HUKUK BOZULMALARYNYŇ ÖŇÜNI ALMAGYŇ SUBÝEKTLERINIŇ YGTYÝARLYKLARY. HUKUK BOZULMALARYNYŇ ÖŇÜNI ALMAGA GATNAŞÝAN ŞAHSLARYŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY

6-njy madda. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak çygrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary

Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak çygrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

3) döwlet maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny, tassyklanylmagyny we durmuşa geçirilmegini üpjün edýär;

4) hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýektleriniň özara arkalaşykly hereketini üpjün edýär we olaryň işini utgaşdyrýar;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

7-nji madda. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak çygrynda hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýektleriniň ygtyýarlyklary

1. Döwlet edaralary hukuk bozulmalarynyň öňüni almak çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler, hukuk bozulmalarynyň sebäplerini we olaryň edilmegine ýardam edýän şertleri ýüze çykarýarlar we olary aradan aýyrmak boýunça çäreleri görýärler, öňüni alyş çärelerini işläp taýýarlaýarlar we amala aşyrýarlar, döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar, jemgyýetde hukuk düşünjeliliginiň, hukuk medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna we kanunylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen hukuk bilimlerini ilat arasynda wagyz etmek boýunça işlere gatnaşýarlar, özara arkalaşykly hereket edýärler, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak çygrynda gözegçiligi (monitoring) geçirýärler, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

2. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi hukuk tertibiniň ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, jemgyýetçilik pikirini öwrenýär, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öňüni alyş taýdan täsir etmäge degişli raýatlary ýüze çykarýar hem-de olaryň hasabyny ýöredýär.

3. Türkmenistanyň Baş prokuraturasy hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçiligi hem-de hukuk goraýjy edaralaryň jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça alyp barýan işlerini utgaşdyrmagy amala aşyrýar.

4. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi kanun arkaly ygtyýarlygyna degişli edilen işler boýunça hukuk bozulmalaryny duýdurmak we öňüni almak üçin duýduryş-düşündiriş çärelerini, şeýle hem hukuk tertibine garşy gelýän hereketleriň edilmegine ýol berilmezligi boýunça işleri amala aşyrýar.

5. Türkmenistanyň Goranmak ministrligi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz garamagyndaky harby bölümlerde, harby edaralarda, kärhanalarda we harby okuw mekdeplerinde, şeýle hem fiziki we ýuridik şahslaryň arasynda terbiýeçilik, durmuş-hukuk işlerini amala aşyrýar, hukuk bozulmalaryň öňüni almak maksady bilen, harby düzgün-nyzamyň ýagdaýy barada maglumatlaryň toplanylmagy, seljerilmegi boýunça işleri geçirýär.

6. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy Türkmenistanyň Döwlet serhediniň düzgünini, serhet düzgünini we Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki düzgünini berjaý etmek bilen baglanyşykly hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça işleri geçirýär.

7. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň berjaý edilmegine, gümrük tölegleriniň dogry hasaplanylmagyna, olaryň doly we öz wagtynda tölenilmegine gözegçiligi amala aşyrýar, kontrabandanyň we beýleki gümrük kadalarynyň bozulmagynyň öňüni almak boýunça işleri geçirýär.

8. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy bikanun migrasiýa garşy hereket etmäge we Türkmenistanyň çäginde migrasiýa hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyny berjaý etmäge gönükdirilen çäreleri görýär.

9. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde hukuk bozulmalarynyň edilmegine ýardam edýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmak boýunça çäreleri görýärler, degişli döwlet edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde jemgyýetçilik tertibini gorap saklamaga, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga ýardam edýärler, ilata kanunçylygy düşündirmek boýunça işleri guraýarlar, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

8-nji madda. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga gatnaşýan şahslaryň hukuklary

1. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga gatnaşýan şahslaryň şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga gatnaşmaga hukugy bardyr.

2. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga gatnaşýan şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şu Kanunyň 12-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-nji, 7-10-njy bentlerinde göz öňünde tutulan öňüni alyş taýdan täsir etmegiň usullarynda, şeýle hem jemgyýetçilik tertibini goramak boýunça çärelere we beýleki durmuş ähmiýetli çärelere meýletin gatnaşmak, hukuk goraýjy edaralara we hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň beýleki subýektlerine ýardam etmek arkaly hukuk bozulmalarynyň öňüni almak çygrynda öz hukuklaryny amala aşyrýarlar.

Jemgyýetçilik birleşikleri we beýleki guramalar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak çygrynda döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, hukuk bozulmalarynyň edilmegine ýardam edýän sebäpleri we şertleri ýüze çykarmak, olaryň öňüni almak boýunça çäreleri işläp taýýarlamaga we geçirmäge gatnaşmak arkaly öz hukuklaryny amala aşyrýarlar.

9-njy madda. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýektleriniň we hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga gatnaşýan şahslaryň borçlary

1. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýektleri we hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga gatnaşýan şahslar hukuk bozulmalarynyň öňüni almagy amala aşyranlarynda şulara borçludyrlar:

1) hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň meselelerini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kanunçylygyny berjaý etmäge;

2) fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini berjaý etmäge;

3) eger ýaýradylmagy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen çäklendirilen bolsa, hukuk bozulmalarynyň öňüniň alynmagy amala aşyrylanda alnan maglumatlaryň ýaşyrynlygyny berjaý etmäge;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.

2. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga gatnaşýan şahslaryň öz hereketleri bilen hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýektleriniň we olaryň wezipeli adamlarynyň işine päsgelçilik döretmäge hukugy ýokdur.

III BAP. HUKUK BOZULMALARYNYŇ ÖŇÜNI ALMAGYŇ GÖRNÜŞLERI WE ÖŇÜNI ALYŞ TAÝDAN TÄSIR ETMEGIŇ USULLARY

10-njy madda. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň görnüşleri

1. Hukuk bozulmalarynyň umumy öňüni almak hukuk bozulmalaryny döredýän sebäpleri, hukuk bozulmalarynyň edilmegine ýardam edýän ýa-da olaryň edilmegini ýeňilleşdirýän şertleri ýüze çykarmaga we aradan aýyrmaga, şeýle hem raýatlaryň hukuk düşünjeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

2. Hukuk bozulmalarynyň hususy öňüni almak şu Kanunyň 19-njy maddasynyň ikinji böleginde görkezilen adamlara terbiýeçilik taýdan täsir etmäge, olaryň özüni alyp barşyna ýaramaz täsir edýän ýagdaýlary aradan aýyrmaga, şeýle hem hukuk bozulmalaryndan ejir çeken ýa-da şeýle ejir çekmek töwekgelçiligine sezewar edilen adamlara kömek bermäge gönükdirilendir. Hukuk bozulmalarynyň hususy öňüni almak hukuk bozulmalarynyň öňüni alşyň ýörite çäreleriniň ulanylmagy bilen amala aşyrylyp bilner.

11-nji madda. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almagy amala aşyrmak üçin esaslar

1. Hukuk bozulmalarynyň edilmegine ýardam edýän durmuş, ykdysady, hukuk we beýleki sebäpler hem-de şertler dörän halatynda hukuk bozulmalarynyň öňüni almak amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan hukuk bozulmalarynyň öňüni alşyň ýörite çäreleri şu Kanunyň 5-nji maddasynyň üçünji böleginde görkezilen hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýektleri we olaryň wezipeli adamlary tarapyndan hukuk bozulmalaryny ýa-da olaryň edilmegine ýardam edýän sebäpler we şertler, şeýle hem özüni alyp barşy hukuga garşy ýa-da jemgyýete garşy häsiýetli adamlar, ýa-da hukuk bozulmasyny etmegi niýet edinýän adamlar ýüze çykarylan halatynda ulanylýar.

3. Kazyýetiň çözgüdi ýa-da şu Kanunyň 5-nji maddasynyň üçünji böleginde görkezilen hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýektleriniň biriniň çözgüdi hukuk bozulmalarynyň öňüni alşyň ýörite çärelerini ulanmak üçin esas bolup durýar.

4. Hukuk bozulmalarynyň öňüni alşyň ýörite çärelerini ulanmagyň tertibi şu Kanunyň 5-nji maddasynyň üçünji böleginde görkezilen hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýektleriniň işini düzgünleşdirýän şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

12-nji madda. Öňüni alyş taýdan täsir etmegiň usullary

1. Öňüni alyş taýdan täsir etmek şu usullarda amala aşyrylyp bilner:

1) hukuk taýdan aň-bilim bermek we hukuk babatda habarly etmek;

2) öňüni alyş maksatly söhbetdeşlik;

3) hukuk bozulmalarynyň edilmegi üçin şertleri döredýän hereketlere ýol berilmezligi ýa-da jemgyýete garşy özüňi alyp barşyň dowam etdirilmegine ýol berilmezligi barada resmi duýduryşy yglan etmek;

4) öňüni alşyň hasabyny ýöretmek;

5) hukuk bozulmalarynyň edilmegine ýardam edýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmak hakynda teklipnama bermek;

6) öňüni alyş gözegçiligi;

7) durmuşa uýgunlaşdyrmak;

8) durmuşyň adaty şertlerine gaýtadan uýgunlaşdyrmak;

9) durmuş taýdan dikeltmek;

10) hukuk bozulmalaryndan ejir çeken ýa-da şeýle ejir çekmek töwekgelçiligine sezewar edilen adamlara kömek bermek.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan öňüni alyş taýdan täsir etmegiň usullarynda hukuk bozulmalarynyň öňüni almaklygy öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şu Kanunyň 4-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilen hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýektleriniň wezipeli adamlarynyň amala aşyrmaga hukugy bardyr.

13-nji madda. Hukuk taýdan aň-bilim bermek we hukuk babatda habarly etmek

Hukuk taýdan aň-bilim bermek we hukuk babatda habarly etmek maksady bilen, hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýektleri ýa-da hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga gatnaşýan şahslar adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, jemgyýetiň we döwletiň hukuga garşy kast etmelerden goralmagyny üpjün etmäge gönükdirilen maglumatlary raýatlaryň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň dykgatyna ýetirýärler. Görkezilen maglumatlar bilim, terbiýeçilik, maglumat, guramaçylyk ýa-da usuly häsiýetli dürli çäreleriň ulanylmagy arkaly ýetirilip bilner.

14-nji madda. Öňüni alyş maksatly söhbetdeşlik

Öňüni alyş maksatly söhbetdeşlik hukuk bozulmalarynyň hususy öňüni alşyň çäreleri ulanylýan adama onuň jemgyýetiň, döwletiň öňündäki ahlak we hukuk jogapkärçiliginiň, jemgyýete garşy özüni alyp barşyny dowam etdirmeginiň durmuş we hukuk netijeleriniň düşündirilmeginden ybaratdyr.

15-nji madda. Hukuk bozulmalarynyň edilmegi üçin şertleri döredýän hereketlere ýol berilmezligi ýa-da jemgyýete garşy özüňi alyp barşyň dowam etdirilmegine ýol berilmezligi barada resmi duýduryşyň yglan edilmegi

1. Hukuk bozulmalarynyň edilmegi üçin şertleri döredýän hereketlere ýol berilmezligi ýa-da jemgyýete garşy özüňi alyp barşyň dowam etdirilmegine ýol berilmezligi barada resmi duýduryş hukuk bozulmalarynyň hususy öňüni alyş çäreleri ulanylýan şahsyň jenaýat ýa-da administratiw jogapkärçiligine çekilmegi üçin esaslar bolmadyk halatynda oňa yglan edilýär we şeýle hereketlere ýol berilmezligi ýa-da jemgyýete garşy özüňi alyp barşyň dowam etdirilmegine ýol berilmezligi barada resmi duýduryşda ýerine ýetirilmegi hökmany bolan talap beýan edilýär.

2. Hukuk bozulmalarynyň edilmegi üçin şertleri döredýän hereketlere ýol berilmezligi ýa-da jemgyýete garşy özüňi alyp barşyň dowam etdirilmegine ýol berilmezligi barada resmi duýduryşyň berilmeginiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň we beýleki döwlet edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilýär.

3. Hukuk bozulmalarynyň edilmegi üçin şertleri döredýän hereketlere ýol berilmezligi ýa-da jemgyýete garşy özüňi alyp barşyň dowam etdirilmegine ýol berilmezligi barada resmi duýduryşda beýan edilen talap ýerine ýetirilmedik halatynda, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda resmi duýduryş yglan edilen şahs jogapkärçilige çekilip bilner.

16-njy madda. Öňüni alşyň hasabyny ýöretmek

1. Öňüni alşyň hasabyny ýöretmek hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýektleriniň işiniň maglumat üpjünçiligi üçin niýetlenendir.

2. Öňüni alşyň hasabyny ýöretmek, şol sanda awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamlarynyň ulanylmagy bilen hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýektleri tarapyndan öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

3. Öňüni alşyň hasaby ýöredilende Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, öňüni alyş hasabynda duran adam barada şahsy maglumatlaryň ýaşyrynlygy üpjün edilýär.

4. Öňüni alşyň hasaby ýöredilende hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýektleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda maglumat alyşmagy pudagara ýüz tutmalar arkaly, şol sanda pudagara elektron resminama dolanyşygynyň ulgamynyň ulanylmagynda elektron görnüşinde amala aşyrýarlar.

17-nji madda. Hukuk bozulmalarynyň edilmegine ýardam edýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmak hakynda teklipnama bermek

1. Hukuk bozulmalarynyň edilmegine ýardam edýän sebäpler we şertler ýüze çykarylan halatynda, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarly edilen hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýekti degişli kärhanalara, edaralara, guramalara we wezipeli adamlara hukuk bozulmalarynyň edilmegine ýardam edýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmak hakynda ýerine ýetirilmegi hökmany bolan teklipnama berýär.

2. Kärhanalar, edaralar, guramalar we wezipeli adamlar hukuk bozulmalarynyň edilmegine ýardam edýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmak hakynda berlen teklipnama bir aý möhletde garamaga we teklipnamany beren hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýektine görlen çäreler barada ýazmaça görnüşde habar bermäge borçludyrlar.

18-nji madda. Öňüni alyş gözegçiligi

Öňüni alyş gözegçiligi öňüni alşyň hasabynda duran adamyň özüni alyp barşyna we onuň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklendirilmeleri berjaý edişine gözegçilik etmekden ybaratdyr.

19-njy madda. Durmuşa uýgunlaşdyrmak

1. Durmuşa uýgunlaşdyrmak agyr durmuş ýagdaýyndaky adamlara olaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagyna ýardam etmäge, şeýle hem zähmet we durmuş taýdan ugrukdyrylmagyna kömek bermäge gönükdirilen çäreleriň toplumydyr.

2. Durmuşa uýgunlaşdyrmak boýunça çäreler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda agyr durmuş ýagdaýyndaky adamlaryň şu toparlary babatda ulanylýar:

1) gözegçiliksiz we garawsyz galan kämillik ýaşyna ýetmedikler;

2) azatlykdan mahrum etmek bilen baglanyşykly bolmadyk jezasyny çekýän adamlar;

3) sergezdançylyk ýa-da gedaýçylyk bilen meşgullanýan adamlar;

4) terbiýeçilik täsirli mejbury çäreleriň ulanylmagyna sezewar edilen kämillik ýaşyna ýetmedikler;

5) belli bir ýaşaýan ýeri bolmadyk adamlar;

6) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan adamlaryň beýleki toparlary, şol sanda neşekeşlikden, arakhorlukdan, toksikomaniýadan ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan bejerişi we dikeldişi geçen adamlar, şeýle hem öz howpsuzlygyny özbaşdak üpjün etmäge ukypsyz adamlar, olaryň öz razylygy bilen.

3. Durmuşa uýgunlaşdyrmak şular arkaly amala aşyrylýar:

1) durmuşa uýgunlaşmaga mätäç adamlara, şeýle hem neşekeşlikden, arakhorlukdan, toksikomaniýadan ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan bejerişi we dikeldişi geçen adamlara iş orunlary hödürleýän kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň işini höweslendirmek;

2) durmuşa uýgunlaşmaga mätäç adamlara, şol sanda agyr durmuş ýagdaýyndaky adamlara durmuş taýdan hyzmat etmek çygrynda jemgyýetçilik birleşiklerinde we beýleki guramalarda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda durmuş hyzmatlaryny bermek;

3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet durmuş kömegini bermek;

4) jemgyýetçilik birleşiklerini durmuşa uýgunlaşmaga mätäç adamlara ýardam etmek üçin çekmek.

20-nji madda. Durmuşyň adaty şertlerine gaýtadan uýgunlaşdyrmak

Durmuşyň adaty şertlerine gaýtadan uýgunlaşdyrmak azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çäresini çeken we (ýa-da) gaýry jenaýat-hukuk täsir ediş çärelerine sezewar edilen adamlary jemgyýete gaýtadan utgaşykly goşmak maksady bilen, öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýektleri we hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga gatnaşýan şahslar tarapyndan amala aşyrylýan durmuş-ykdysady, terbiýeçilik, hukuk häsiýetli çäreleriň toplumydyr.

21-nji madda. Durmuş taýdan dikeltmek

1. Durmuş taýdan dikeltmek agyr durmuş ýagdaýyndaky adamlaryň ýitiren durmuş gatnaşyklaryny dikeltmek boýunça çäreleriň jemidir.

2. Agyr durmuş ýagdaýyndaky adamlary durmuş taýdan dikeldiş Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şular arkaly amala aşyrylýar:

1) durmuş, hünär we hukuk kömegini bermegiň tertibini düşündirmek;

2) psihologik kömegini bermek;

3) ýitirilen (zaýalanan) resminamalary, durmuş taýdan peýdaly gatnaşyklary dikeltmäge ýardam etmek.

3. Agyr durmuş ýagdaýyndaky adamlara durmuş taýdan hyzmat etmek çygrynda jemgyýetçilik birleşikleri we beýleki guramalar Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen tertipde durmuş taýdan dikeldiş babatda kömek berýärler.

22-nji madda. Hukuk bozulmalaryndan ejir çeken ýa-da şeýle ejir çekmek töwekgelçiligine sezewar edilen adamlara kömek bermek

Hukuk bozulmalaryndan ejir çeken ýa-da şeýle ejir çekmek töwekgelçiligine sezewar edilen adamlara kömek bermek hukuk bozulmalarynyň netijelerini iň pes möçbere getirmek ýa-da hukuk bozulmalaryndan ejir çeken bolunmagynyň töwekgelçiligini peseltmek maksady bilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda görkezilen adamlara olaryň razylygy bilen hukuk, durmuş, psihologik, lukmançylyk we beýleki goldawy bermäge gönükdirilendir.

23-nji madda. Hukuk bozulmalarynyň hususy öňüni alyş çäreleri ulanylýan adamlaryň hukuklary

Hukuk bozulmalarynyň hususy öňüni alyş çäreleri ulanylýan adamlaryň şulara hukuklary bardyr:

1) olar babatda hukuk bozulmalarynyň hususy öňüni alyş çäreleriniň ulanylmagynyň esaslary we sebäpleri, şeýle hem olar babatda ulanylýan hukuk bozulmalarynyň hususy öňüni alyş çäreleriniň şertleri we häsiýeti barada maglumatlary almak;

2) görkezilen adamlar babatda hukuk bozulmalarynyň hususy öňüni alyş çäreleriniň ulanylmagy bilen baglylykda, hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýektleri tarapyndan ýygnalan we görkezilen adamlaryň hukuklaryna we azatlyklaryna gös-göni täsir edýän maglumatlar bilen tanyşmak, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa;

3) hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýektleriniň we olaryň wezipeli adamlarynyň, şeýle hem hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga gatnaşýan şahslaryň hereketlerine (hereketsizligine) we çözgütlerine Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şikaýat etmek.

24-nji madda. Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň gözegçiliksiz, garawsyz galdyrylmagynyň we olaryň arasynda hukuk bozulmalarynyň öňüni almak

Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň gözegçiliksiz, garawsyz galdyrylmagynyň we olaryň arasynda hukuk bozulmalarynyň öňüni almak şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

IV BAP. HUKUK BOZULMALARYNYŇ ÖŇÜNI ALYŞ ULGAMYNYŇ IŞLEÝŞINIŇ GURAMAÇYLYK ESASLARY

25-nji madda. Hukuk bozulmalarynyň öňüni alyş ulgamynyň işleýşi

1. Hukuk bozulmalarynyň öňüni alyş ulgamynyň işlemegi hukuk bozulmalarynyň öňüni almak çygrynda döwlet maksatnamalarynyň esasynda amala aşyrylýar.

2. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak çygrynda döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýektleriniň çykdajylaryny maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

26-njy madda. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek

Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek görkezilen çygyrda alnyp barylýan işleri utgaşdyrmak arkaly amala aşyrylýar.

27-nji madda. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň maglumat üpjünçiligi

1. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak çygryndaky işler barada maglumatlar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilýär.

2. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň maglumat üpjünçiliginiň, onuň köpçülige aýanlygynyň we açyklygynyň maksatlary üçin hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýektleri we hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga gatnaşýan şahslar tarapyndan bellenilen tertipde Internet torunda ýörite saýtlar döredilip bilner, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, döwlet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň resmi saýtlary ulanylyp bilner.

V BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

28-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

29-njy madda. Şu Kanunyň herekete girmegi

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Aşgabat şäheri.
2020-nji ýylyň 22-nji awgusty.
№ 259-VI.