Ï Türkmenistanyň Kanuny <br>«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny <br>«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda

view-icon 10685
I. 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda kabul edilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 21-nji madda; 2014 ý., № 4, 153-nji madda; 2017 ý., № 1, 36-njy madda; 2018 ý., № 2, 55-nji madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:

3-nji maddanyň 6-njy bendinde «mugtlugy» diýen sözi «tölegsizligi» diýen söze çalşyrmaly;

4-nji maddanyň üçünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«3. Türkmenistanyň raýatlary üçin umumy orta bilim hökmanydyr.

Döwlet Türkmenistanyň raýatlary üçin döwlet bilim edaralarynda bilim maksatnamalarynyň özleşdirilmeginiň elýeterliligini kepillendirýär.

Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet we beýleki bilim edaralarynda tölegsiz we tölegli esasda bilim almaga hukugy bardyr.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri. 2020-nji ýylyň 22-nji awgusty.