Ï Türkmenistanyň Kanuny <br> Türkmenistanyň Howa kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny <br> Türkmenistanyň Howa kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda

view-icon 12985
I. 2012-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Howa kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 6-njy madda; 2015 ý., № 2, 63-nji madda; 2016 ý., № 1, 8-nji we 67-nji maddalar; 2019 ý., № 2, 30-njy madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:

7-nji maddanyň ikinji böleginde:

birinji tesimi şu görnüşde beýan etmeli:

«Raýat awiasiýasynyň işi çygrynda döwlet dolandyryşyny ygtyýarly edara - «Türkmenhowaýollary» agentligi» ol baradaky Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan düzgünnama laýyklykda amala aşyrýar.»;

ikinji tesimde «Ygtyýarly edara» diýen sözleri «Raýat awiasiýasynyň işi çygrynda ygtyýarly edara» diýen sözlere çalşyrmaly; v18-nji maddanyň ikinji böleginde «Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň» diýen sözleri aýyrmaly;

22-nji maddanyň mazmunyny «1.» san bilen belgilemeli;

şu mazmunly bölegi goşmaly:

«2. Raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ylalaşyp, ilatyň saglygyny goramak, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak üçin epidemiýa garşy taýýarlyk çärelerini görmek boýunça milli awiasiýa meýilnamasyny işläp taýýarlaýar we tassyklaýar.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Aşgabat şäheri.
2020-nji ýylyň 22-nji awgusty.
№ 265-VI.