Ï Miwe kişdesini gaýtadan işlemäge girişdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Miwe kişdesini gaýtadan işlemäge girişdiler

view-icon 6002
Miwe kişdesini gaýtadan işlemäge girişdiler

Daşoguz welaýatynda miwe kişdesini öndürýän ýerli hususy kärhanalar bol hasyly gaýtadan işlemäge girişdiler.

Daşoguz welaýatynyň S. A. Nyýazow adyndaky etrabynyň “Şatlyk” geňeşliginde ýerleşýän, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Z. Döwletowa degişli miwe kişdesini öndürýän hususy kärhananyň işgärleri iki tonnadan gowrak alma kişdesini satuwa taýýarladylar.

Görogly etrabynda ýerleşýän hususy kärhana möwsümiň başynda ilkinji üç ýüz kilogram erik we ýüz elli kilogram alma kişdesini öndürdi. Ýöriteleşdirilen önümçiligiň ikisinde-de gerekli enjamlar, şol sanda miweleri ýuwýan, bölekleýän, guradýan, hilini kesgitleýji we miweleri ýokary hil derejesine laýyklykda kesmek, şänigini aýyrmak, miweleri guratmak, gaplamak üçin zerur bolan ähli enjamlar bar. Şeýle hem bu kärhanalarda taýýarlanan miwe kişdeleriniň hilini ýokarlandyrmagy üpjün edýän ösen tehnologiýalar ulanylýar.

Hususy kärhanalaryň her biri möwsümde 100 tonna çenli witaminli önüm öndürmäge ukyply.