Ï Möhüm möwsüme taýýarlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Möhüm möwsüme taýýarlyk

view-icon 4655

Murgap jülgesiniň ekerançylary gowaça meýdanlarynda gowacanyň bitginli hasylyny kemala getirmegi başardylar. Kemsiz ideg edilen gowaçaly meýdanlarda ak hanalar köpçülikleýin açylyp başlandy.

Mary welaýatynda 165 müň gektara gowaça ekildi. Onuň 15 müň gektaryna gowaçanyň inçe süýümli, 150 müň gektaryna bolsa orta süýümli görnüşleri ekilip, 365 müň tonna «ak altyny» tabşyrmak meýilleşdirilýär.

Ekerançylar bilen bir hatarda “Marypagta” önümçilik birleşiginiň düzümine girýän 9 sany pagta arassalaýjy kärhanalaryň binalary we çäkleri bejerilip, timarlanyp pagta hasylyny kabul etmäge kemsiz taýýar edildi. Kärhanalaryň enjamlaryny düýpli bejeriş-abatlamak, elektrik, suw üpjünçilik, tehniki we ýangyn howpsuzlyk ulgamlarynyň ygtybarly işini üpjün etmek bilen bagly çäreler geçirildi.

Welaýat boýunça pagta hasylyny kabul etjek 35 sany harmanhana we olardaky pagta basyrylýan meýdançalar, işlediljek ýükleýji mehanizmler we enjamlar doly taýýarlyk ýagdaýyna getirilýär. .

Kabul ediş harmanhanalara gelýän hasylyň hilini barlamak işini kämil enjamlar bilen abzallaşdyrylan ýörite barlaghanalarda, Türkmendöwletstandartlary Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri alyp bararlar.

Ýygymda ulanyljak 467 kombaýn, şol sanda 308 sany ýokary öndürijilikli “John Deere” we Özbegistanda öndürilen “MХ 1,8” kysymly iki hatarly tirkeg kombaýnlarynyň 159 sanysy ýygym möwsümine taýýar edilip goýuldy.