Ï Mekdep harytlary bazarynyň çägi giňelýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mekdep harytlary bazarynyň çägi giňelýär

view-icon 4631
Mekdep harytlary bazarynyň çägi giňelýär

Türkmen telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän yarytlar bilen bäsleşýän mekdep eşikleridir aýakgaplaryndan başlap okuw esbaplaryna çenli harytlaryň görnüşini artdyrmakda saldamly goşantlaryny goşýarlar.

Köp ugurly «Eziz Erkin» hojalyk jemgyýeti okuwçylar üçin şarikli ruçkalary, şeýle hem kanselýar faýllary, skotçlary we A4 belgili kagyzlary öndürmegi özleşdirdi. 

«Gündogar şöhlesi» hojalyk jemgyýeti Student Pack и Business Pack ýörüte toplumlaryň öndürmegi ýola goýdy, onda dürli reňkli we görnüşli, amatly polietilen gaplara salnan on ruçka bar. Öndürilýän önümleriň möçberi we hili içki bazaryň talaplaryny kanagatlandyrmaga hem-de harydyň bir bölegini eksporta ibermäge mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzdaky internet-dükanlar söwda ulgamyny sanlaşdyrmagyň umumy ýörelgesiniň çäklerinde mekdep okuwçylary üçin dürli harytlary teklip edýärler. 

Mekdep esbaplaryny satyn almakda we eltip bermekde alyjylara amatly hyzmatlary hödürleýän dükanlaryň sany söwdanyň şu ugruny işjeň özleşdirýän türkmenistanly telekeçileriň tagallasy bilen ýylsaýyn artýar.