mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

«Gundogdy» HK-sy aeroportlary gurýar

view-icon 1928
«Gundogdy» HK-sy aeroportlary gurýar
«Gundogdy» HK-sy aeroportlary gurýar
«Gundogdy» HK-sy aeroportlary gurýar
«Gundogdy» HK-sy aeroportlary gurýar
«Gundogdy» HK-sy aeroportlary gurýar
«Gundogdy» HK-sy aeroportlary gurýar
«Gundogdy» HK-sy aeroportlary gurýar
«Gundogdy» HK-sy aeroportlary gurýar
«Gundogdy» HK-sy aeroportlary gurýar
«Gundogdy» HK-sy aeroportlary gurýar
«Gundogdy» HK-sy aeroportlary gurýar
«Gundogdy» HK-sy aeroportlary gurýar
«Gundogdy» HK-sy aeroportlary gurýar
«Gundogdy» HK-sy aeroportlary gurýar
«Gundogdy» HK-sy aeroportlary gurýar
«Gundogdy» HK-sy aeroportlary gurýar
«Gundogdy» HK-sy aeroportlary gurýar
«Gundogdy» HK-sy aeroportlary gurýar
«Gundogdy» HK-sy aeroportlary gurýar
«Gundogdy» HK-sy aeroportlary gurýar

«Gündogdy» hususy kärhanasy Jebelde (Balkan welaýaty) Halkara aeroportuň gurluşygyna girişdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bu telekeçilik düzüminiň gurýan üçünji aeroport toplumydyr. Potratçy gurama Türkmnebadayň Halkara aeroportunyň gurluşygyna gatnaşdy, Kerki şäherindäki (Lebap welaýaty) aeroprt toplumyny başdan aýak bina etdi. Jebeldäki täze howa gämiler gonalgasy Türkmenistanyň howa ulaglarynyň ösen ýerüsti düzümleriniň döredilmeginiň dowamy bolar.

Balkan welaýatyndaky täze aeroprt «2012-2030-njy ýyllara Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň milli maksatnamasynyň» çäklerinde gurulýan bäşinji infrastruktura binasy bolar. Şu taslama laýyklykda türkmen paýtagtynda we ýurduň sebitlerinde howa gämileriniň täze gonalgalary guruldy, häzir hereket edýän aeroportlaryň, terrminallaryň durky täzelendi, aerodrom gulluklary kämilleşdirilýär.

Jebelde 275 gektar meýdanda ýolagçy we ýük terminallary, dispetçer punkty, halas ediş we ýangyşa garşy göreş gulluklarynyň binalary, 3200 metr uçuş-gonuş zolagy we 6 uçara hem-de 4 dikuçara niýetlenen duralga gurlar, golaýyndaky ýerler abadanlaşdyrlar. Netijede Balkan wealýatynyň bu aeroporty agramy çäklendirilmedik, kän ýükli we ýokary derejeli uçarlary kabul edip biler, bu bolsa täze awiakompaniýalary çekmäge we ýük tarifleri bilen işlemäge mümkinçilik berer. Jebeldäki täze aeroporta senagat taýdan ösen Balkan welaýatynyň üstünden geçýän sebit we sebitara ulag ýollarynyň wajyp bölegi hökmünde ähmiýet berler.

«Gundogdy» HK – raýat awiasiýasynyň infrastruktura desgalaryny işe girizmekde ýetik tejribesi bolan ýeke-täk telekeçilik düzümidir. Ýöne ol diňe soňky ýyllarda bu ugra ýörüteleşdi. Hususy kompaniýa 2009-njy ýyldan bäri ýurduň durmuş binalarynyň birnäçesini – Balkanabatda kitaphana, Serdar şäherinde howdanly we 3 müň adam niýetlenen sport toplumyny. Awazada 200 öýli ýaşaýyş jaýlar toplumyny, Balkanabat we Bereket şäherlerinde inženerçilik ulgamlaryny gurdy, Türkmenbaşy şäherinde Runuýet köşgüniň hem-de beýleki binalaryň durkuny täzeledi. Şunuň üçinem ol türk, hytaý, arap, ukrain kompaniýalarynyň gatnaşan bäsleşiklerinde üç gezek üstünlik gazandy.

Häzirki wagtda «Gundogdy» HK-sy öz taslama topary dürli tehniki kuwwatlyklary bolan, hünärine ökde işçilerdir inženerlerlerden we beýleki zerur hünärmenlerden üpjün, gurluşyk kärhanasydyryr.

Jebeldäki aeroport toplumy howa gämileriniň ähli görnüşini kabul etmäge mümkinçilik berýän ýerüsti enjamlar bilen üpjün ediler.

«Gundogdy» HK –sy Jebeldäki aeroprot toplumyny 2024-nji ýylda ulanmaga bermegi göz öňünde tutýar.