Ï Türkmenistanyň balykçylygynyň önümçiligi artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň balykçylygynyň önümçiligi artýar

view-icon 7960
Türkmenistanyň balykçylygynyň önümçiligi artýar

Türkmenistanda balyklaryň dürli görnüşini ýetişdirýän balyk hojalyklarynyň we kärhanalarynyň birnäçesi işleýär. Olaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň ýaşaýjysy telekeçi Bahramjan Reýimow balyk önümlerini bolçulugyny dötretmek maksady bilen Afrika mermer lakga balygyny ýetişdirýär. Häzir ýapyk howdanlarda iki tonna golaý lakga balyk ýetişdirilýär.

Afrika mermer ýa-da kalariý lakgasy Ortaýer deňziniň sebitindäki süýji suwly ýerlerde we Afrika yklymynyň tebigy howdanalrynyň ählisinde diýen ýaly ýaşaýar. Kiçijik balyklar 5-6 aý içinde ýarym kilograma çenli iýmitlik balyk bolýar.

Türkmen balykçysy balyklaryň has köpeltmegi üçin ýene-de açyk howdanlaryň birnäçesini işe girizmegi maksat edinýär we telekeçi önümçiligi artdyryp, Afrika memrmer lakgasyny daşarky bazarlara eksport etmegi göz öňünde tutýar.