Ï Ýurdumyzda pagta ýygymy başlanar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda pagta ýygymy başlanar

view-icon 7126
Ýurdumyzda pagta ýygymy başlanar

Türkmen agrosenagat toplumynyň esasy oba hojalyk ekini bolan pagtanyň ýygymy başlanar. Bu möhüm möwsümiň başlanjak senesini Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 7-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 14-nji sentýabrda pagta ýygymyny başlamaga ak pata berdi. Hormatly Prezidentimiz hormatly ýaşululardan ýygymy “Bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. 

“Harmanyňyza bereket, merdana pagtaçy daýhanlar!” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ýurdumyzyň edermen pagtaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.