mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

«Beg ýüpek» kärhanasy önümleriniň görnüşini artdyrýar

view-icon 3242
«Beg ýüpek» kärhanasy önümleriniň görnüşini artdyrýar

Türkmenistanda ýerli çig maldan taýýarlanýan köp sapakly polipropilen ýüplügini öndüriji , Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Beg ýüpek» hojalyk jemgyýeti  dürli ölçegli saçaklary öndürip başlady.

Häzirkizaman nemes desgalary bilen enjamlaşdyrylan kärhanada esasan haly önümçiliginde toplumlaýyn ulanylýan ýüzlerçe tonna polipropilen ýüplük çykarylýar.

Ýakyn wagtda kärhananyň täze önümleri : desterhan-saçaklar we multifilament ýüplük eksporta ugradylyp başlanar. Çünki kärhananyň ISO 9001:2015, ISO 14001:2015, ISO 10002:2018 we ISO 45001:2018 halkara sertifikatlary bar. Häzirki wagtda onuň önümlerini Azerbaýjan, Türkiýe, Gazagystan we BAE ýaly ýurtlardan bolan müşderiler satyn alýarlar.

Kärhanada çykarylýan önümleriň görnüşini artdyrmak we daşary ýurtly iri kärhanalar bilen geleşik baglaşmak göz öňünde tutulýar.