Ï Ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin

view-icon 4612

Daşoguz welaýatynyň ekerançylary sebitiň toprak-howa şertlerinde has netijeli seçgi işlerini, gowy hilli tohumlary saýlap almagyň galladan ýokary hasyl almakda esasy şertleriň biri hasap edýärler.

Bu ýerde «Sähraýy», «Juwan», «Berkarar», «Garaşsyzlyk» we beýleki ýokary hilli ýerli tohumlyk galla esasy üns berilýän bolsa-da, olaryň hasyllylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen gallanyň sortlaryny artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Şu ýyl bu ýerde ekilen gallanyň güýzlük sortlaryndan başga-da, tejribe hökmünde gallanyň orta möhletlerde ýetişýän «Alekseýewiç«, ortaça irki, ýokary hasylly «Gylçyksyz-100» sortlary ekildi. Beýleki birnäçe sortlar bilen birlikde şu russiýaly galla sorty Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynda ýerleşýän ylmy-önümçilik synag merkeziniň tejribe meýdançasynda synagdan geçirildi. Ýerli hünärmenler olara hasyllylyk, guraklyga, dürli kesellere durnuklylyk görkezijileri boýunça baha berdiler. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, «Gylçyksyz-100» sorty ýokary hasylly, aňzaga we guraklyga, yssa çydamly ekindir. Göz öňünde tutulan häsiýetlere görä, köp un berýär. Onuň ekiş döwri welaýatda geçirilýän ekiş döwrüne gabat gelýär.

Ortaça möheltde ýetişýän ýokary hasylly «Alekseýewç» naýbaşy bugdaý aýaza durnukly we gowy tagamyny saklap bilýän sortdur. Dürli kesellere has durnuklydyr.

Sebitde daşoguzly seçgiçileriň döreden bugdaýyň täze «Döwletli» sortuny köpçülikleýin ekişe taýýarlamak boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar, ol esasy görkezijileri babatda sebitde ýetişdirilýän iň gowy galla sortlaryna laýyk gelýär, onuň sümmüliniň gurluşynyň aýratynlygy bolsa ekini guşlardan has ygtybarly goraýar.