Ï Döredijilik bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döredijilik bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi

view-icon 5530
Döredijilik bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi
Döredijilik bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi
Döredijilik bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi
Döredijilik bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi

Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli "Bagtyýarlyk döwri – ylham çeşmesi" atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bäsleşigi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşi, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşygynyň milli merkezi hem-de “Garagum” žurnalynyň redaksiýasy bilelikde guradylar.

Bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinden döredijilikli zehinli ýaşlar çagyryldy. Gözden geçirilşe ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, harby gullukçylar, dürli ugurlaryň we hünärleriň wekilleri gatnaşdylar.

Bäsleşige gatnaşanlar Watanymyzyň ösüşi, üstünlikleri we gazananlary, baý we şöhratly taryhy, milli medeniýeti, ata-babalarymyzyň gymmatly mirasy barada ýazylan goşgulary ýa-da hekaýalary bilen çykyş etdiler.

Netijede bäsleşige gatnaşanlaryň 17-si öňe saýlandylar.

Olaryň hatarynda ýokary okuw mekdepleriň 10 talyby: Atamyrat Ýazweliýew (Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty), Nurgözel Ýazberdiýewa, Ilmyrat Babaýew (Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti), Nury Sakçyýew (S.A. Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersiteti), Süleýman Haýdarow (Türkmen döwlet medeniýet instituty), Çeper Nazargylyjewa, Nowçagul Annaýewa (D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty), Ogulnyýaz Allaberdiýewa (Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika instituty), Sülgün Myratgeldiýewa (Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersiteti), Halyl Akyýew (S. Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty) bar.

Bäsleşikde harby gullukçylaryň ikisi: Ygtyýar Ulukow (Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy) we Kakajan Çaryýarow (Türkmenistanyň Goranmak ministrligi) ýeňiş gazandy.

Başgada dürli hünärli ýaşlaryň 5-si ýeňiji boldy. Bular Parahat Bazarow (tehnik, “Deniz” myhmanhanasy, Awaza milli syýahatçylyk zolagy), Şatlyk Jepbarow (mugallym, Murgap etrabynyň 3-nji orta mekdebi, Mary welaýaty), Hemra Durdyýew (Ak Bugdaý etrabynyň 12-nji orta mekdebiň müdiriniň bilim işleri boýunça orunbasary, Ahal welaýaty), Hatyja Rejebowa (ýazyjy, “Garagum” žurnaly), Bagtygül Tekäýewa (S. A. Nyýazow adyndaky etrabynyň ýaşaýjysy, Daşoguz welaýaty).

Bäsleşigiň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Ýeňijileriň her birine Gahryman Arkadagymyzyň "Ömrümiň manysy" atly kitaby sowgat berildi.

Döredijilik gözden geçirilişini guraýjylaryň sözlerine görä, oňa gatnaşyjylaryň işleri hakykatdan hem üns berilmäge mynasypdyr. Şonuň üçin hem, emin agzalaryna baha bermek aňsat bolmady. Bäsleşigiň geçirilmegi häzirki döwrümiziň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaşlar üçin tükeniksiz we esasy ylham çeşmesidigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Çünki ýaşlar baradaky alada ýurdumyzda ileri tutulýan ugurdyr.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň döredijilik eserler bilen “Garagum” žurnalynyň sahypalarynda tanşyp bolar.