Ï Pomidor eksporty artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pomidor eksporty artýar

view-icon 5396
Pomidor eksporty artýar

Türkmenistan ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän pomidorlaryň eksportyny iki esse artdyrdy. Deslapky maglumatlara görä, ýylyň başyndan bäri Russiýa Federasiýasyna we beýleki ýurtlara 75 müň tonna pomidor ugradyldy. Ol geçen ýylyň degişli döwründäkiden iki essä golaý artykdyr. Tükmen ekerançylary sentýabr-dekabr aýlarynda daşary ýurtly alyjylara ýene-de 20-25 müň tonna önüm ibermegi göz öňünde tutýarlar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň oba hojalyk bölüminiň maglumatlaryna görä, ýurdumyzda ýetişdirilen pomidor içerki bazaryň talaplaryndan birnäçe esse köp boldy. Diýmek, ýakyn wagtda Türkmenistan miwe-gök önümleriniň iri eksportçysy bolup biler.

Türkmen pomidory daşary bazarlarda gowy bäsleşip bilýär. 2021-nji ýylda Türkmenistanyň bu bazarda öňdäki orunlara çykmagy haýran etdi. Türkmen ekarançylarynyň önümleri Russiýa Federasiýasynda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Owganystanda islegli haryda öwrüldi. Geçen ýyl türkmen topragynda ýetişdirilen pomidor ilkinji gezek Dubaýa (BAE) iberildi.

Ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini pugtalandyrmakda Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynyň telekeçileri tapawutlanýarlar. Şol ýerlerde iri gök-ekarançylyk hojalyklarynyň aglaba bölegi ýerleşýär. Häzirki wagtda hususy hojalyklaryň onlarçasy 670 gektar ýyladyşhanalarda gök ekinleri ýetişdirýärler.

Ekarançylar pomidordan başga-da galla ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirdiler. Galla önümleriniň alty müň tonna golaýy daşary ýurtly alyjylara iberildi. Eksporta önüm ugratmaga ymtylýan telekeçiler şu ýyl eýýäm ýüzlerçe tonna künji tohumyny, pisse, jöwen, noýba, ýorunja satdylar. Mäş ekilýän meýdanlaryň möçberi artdy. Şu ýyl ilkinji gezek 2,3 müň tonna mäş ýygnaldy. Häzir gök we bakja ekinleri 38 müň gektar meýdana ekildi, telekeçilerimiz şol ýerlerde hyýar, bolgar burçy, käşir, garpyz, gawun, ýertudana we banan ýetişdirýärler. Türkmen gök önümlerine ajaýyp tagamy üçin GDA bazarlarynda ýokary baha berýärler.

Miweli baglaryň ekilýän meýdany-da ýylsaýyn artýar. Häzirki wagtda bagçylyk hojalyklary 14 müň gektar meýdandan agdyk ýerden 37 müň tonna miwe ýygnamagy göz öňünde tutýarlar.