mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Ýokary hasylyň girewi

view-icon 1623
Ýokary hasylyň girewi

Galla ekişine ýokary taýýarlykly girişen Mary welaýatynyň gallaçylary bu möhüm işiň depginini barha ýokarlandyrýarlar. Şu möwsümde ak ekin üçin bölünip berlen 170 müň gektar meýdanda oba hojalyk işleriniň giň toplumy amala aşyrylýar. Ekiş geçirilen meýdanlarda gallaçylar bada-bat çil çekmek we suwarmak işlerine girişýärler. Bu işleriň guralyşyna we hiline welaýat önümçilik birleşikleriniň, welaýat we etrap häkimlikleriniň hünärmenleri tarapyndan berk gözegçilik edilýär. Bejermek-abatlamak, ýag guýmak hyzmatlarynyň iş üstünde guralmagy, mehanizatorlaryň çalşykly işledilmegi hem tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegine we netijeli ulanylmagyna oňat ýardam edýär.

Sagdyn, ýokary gögerijilikli we toprak-howa şertlerine uýgunlaşan tohumlaryň saýlanyp alynmagynyň geljekki hasylyň bitginli bolmagynyň esasy şertidigine ekerançylar gowy düşünýärler. «Marygallaönümleri» önümçilik birleşiginiň taýýarlaýyş bölüminiň müdiri Maksat Kerimowyň gürrüň bermegine görä, şu möwsümde meýdanlaryň esasy bölegine «Ýolöten-1», «Ýolöten-3», «Hasylly», «Bereketli», «Watan» ýaly synagdan geçen tohumlar ekilýär. Şu möwsüm üçin 39 müň tonnadan gowrak tohumlyk däne taýýar edildi.