mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanly iş eşiklerini öndürijiler ykdysady gazanylanlaryň sergisine gatnaşýarlar

view-icon 2060
Türkmenistanly iş eşiklerini öndürijiler ykdysady gazanylanlaryň sergisine gatnaşýarlar

Aşgabatda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi işe başlady.

Ýurdumyzyň köpsanly guramalary we ýerli haryt öndürijiler Söwda-senagat edarasynyň meýdançasynda öz diwarçalaryny ýerleşdirdiler. «Made in Turkmenistan» belgi bilen iş eşiklerini çykarmaga ýöriteleşen hususy kompaniýalar bilen bir hatarda «TARLAN» söwda belgisi bilen howa şertlerini we hünär aýratynlygyny göz öňünde tutup, iş eşikleriniň dürli görnüşlerini öndürýän tikinçilik kärhanasy hem öz önümlerini sergide goýupdyr.

Kärhana berk, çyg geçirmeýän, oda we yssa çydamly iş, sport, lukmançylyk we beýleki eşikleri öndürýär.

– Kompaniýamyz ýerli bazarda iki ýyl bäri işläp gelýär – diýip, «TARLAN» kärhanasynyň direktory Parahat Baýramow gürrüň berýär. – Şu döwürde biz guramalaryň, gurluşyk firmalaryň, restoranlaryň ençemesi bilen hyzmatdaşlyk etdik. Iş eşikleriniň dürli görnüşlerini öndürenimizde biz anyk talaplardan we ZG,TH kadalaryna laýyklykda iş tabşyryjylaryň önümçilik şertlerinden ugur alýarys. Biziň öndürýän iş eşiklerimiz berkligi bilen tapawutlanýar, olar işgärleri sowukdan, ygaldan, gün şöhlesinden we beýleki daşky ýaramaz ýagdaýlardan goraýar. 

Oňaýly we mehaniki täsirden doly derejede goraýan iş eşikleri arassa ýa-da garyşyk materiallardan, mysal üçin, gabardinden taýýarlanylýar. Bu syk matanyň gowy gigiýenik häsiýetleri bar, uzak gün amatlylygy üpjün edýär we onda dokma tozany bolmaýar. Esasy düzümi poliester bolan iş eşikleriniňem hyrydary ýetik. 

«TARLAN» kompaniýasynyň giň görnüşli önümleri müşderileriň ünsüni çekýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň paýtagtynda ýerleşýän tikinçilik kärhanasy önümçiligiň möçberini artdyrmagy göz öňünde tutýar we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinde ýerleşýän guramalar bilne hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär.