Ï Türkmenistan serhetüsti kagyzsyz söwdany ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan serhetüsti kagyzsyz söwdany ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär

view-icon 4030
Türkmenistan serhetüsti kagyzsyz söwdany ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär

Türkmenistanyň Hökümetiniň BMG bilen bilelikde geçiren milli maslahat duşuşygynda ýurduň serhetüsti kagyzsyz söwda taýýarlyk derejesine baha berlişiniň netijelerine garaldy.

Duşuşyk Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman ýurtlary üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy (UNESCAP), şeýle hem BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň edarasy bilen bilelikde, Türkmenistanyň Daşary işler ministirligi we Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi tarapyndan geçirildi.

Duşuşyga gatnaşanlar serhetüsti kagyzsyz söwdanyň girizilmeginiň elektron söwda guraly hökmünde artykmaçlyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Adaty kagyz resminama dolandyryşyň elektron formata geçirilmegi söwda amallaryny çaltlaşdyrmaga we häzirki özara baglanyşykly dünýäde söwda çykdajylaryny azaltmaga ýardam edýär. Kagyzsyz söwda hökümetleriň gümrük gözegçiliginiň we söwda dolandyryş işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem sanly tehnologiýalara okgunlylyk bilen geçýän dünýäde söwda bäsdeşligini üpjün etmäge gönükdirilen tagallalarynyň möhüm ugruna öwrülýär.

“Türkmenistanyň karar kabul etmek üçin subutnamalar bazasyny ýokary derejede ulanýandygyny begenç bilen belläp geçýärin. 2022-nji ýylyň aprelinde bu ýurtda Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde serhetüsti kagyzsyz söwdany ýeňilleşdirmek baradaky Çarçuwaly ylalaşyga goşulmak baradaky kanun kabul edildi” diýip, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko belledi.

Öz gezeginde, ESCATO - nyň Söwda, maýa goýumy we innowasiýa bölüminiň müdiri Rupa Çanda COVID-19 pandemiýasynyň söwdany ýeňilleşdirmek we harytlaryň, esasanam ilkinji zerurlyk harytlarynyň üznüksiz hereketini üpjün etmek üçin sanlaşdyrmagy tizleşdirmek zerurlygyny ýokarlandyrandygyny aýtdy. Şu sebäpli söwdany has ýönekeýleşdirmek we özüne çekiji etmek üçin, söwdany ýeňilleşdirmek çärelerini we sanlaşdyrma işlemlerini durmuşa geçirmek işi hiç wagt häzirkisi ýaly möhüm bolan däldir.

Kagyzsyz söwda ulgamlary, oňa gatnaşýanlaryň haryt hereketiniň çaltlaşmagy we serhetden geçilende, bu iş dolandyryş söwda resminamalarynyň alyş-çalşygy bilen bagly bolanda, degişli edaralaryň olary işlemeginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hasabyna serişdelerini tygşytlamagyny üpjün edýär.

Maslahata gatnaşanlar hasabatyň maslahatlaryny teklip edilýän hereket meýilnamasyna laýyklykda durmuşa geçirmek barada pikir alyşmagy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.