Ï Şalynyň bol hasyly kemala getirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şalynyň bol hasyly kemala getirildi

view-icon 4747

Lebap welaýatynda şalynyň bol hasyly kemala getirildi. Welaýat boýunça şu ýyl jemi 10 müň 200 gektar ýerde şaly ekilip, onuň her gektaryndan 46,47 sentner, jemi bolsa 47 müň 400 tonna şaly hasylyny almak meýilleşdirilýär.

Welaýatda şaly ekiljek meýdanlaryň öňünden kesgitlenilmegi, bu möhüm işe tejribeli daýhanlaryň çekilmegi, hysyrdyly zähmeti talap edýän bu ekine möwsümiň bütin dowamynda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg edilmegi, şalynyň bol hasylynyň kemala gelmegine ýardam etdi.

Welaýatda şaly oragyna ykjam taýýarlyk görüldi. Ýakyn wagtlarda girişiljek şaly oragynda işlediljek kombaýnlaryň hem-de şaly kabul ediş nokatlarynyň abatlaýyş we taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu çäreler welaýatyň zähmetsöýer şalyçylarynyň jogapkärli möwsümi üstünlikli geçirip, arzyly maksatlaryna ýetjekdiklerine ynam döredýär.