Ï Şaly oragyna taýýarlyk görülýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şaly oragyna taýýarlyk görülýär

view-icon 4707

Daşoguz welaýatynda 2022-nji ýylyň şaly hasylyny ýygnamaga ýöriteleşdirilen tehnikalaryň ençemesi çekiler. Şaly oragynda «John Deere» we «Claas» kysymly ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň azyndan 120-si işlediler. Ulaglaryň 160-sy ýygnalan hasyly daşar.

Bu ýyl şalynyň ýokary hasylly «Müňbaşy», «Nöküs-2», «Аlenga» ýaly görnüşleri ýetişdirildi. Daşoguz welaýatynda şaly ekilen 8100 gektar meýdandan 35000 tonna hasyl ýygnamagy niýet edinýärler. Bu ekin S.Türkmenbaşy etrabynyň ýöriteleşdirilen iki hojalygy: «S.А.Nyýazow» daýhan birleşginde 4750 gektar, «27-nji oktýabr» daýhan birleşginde hem 3350 gektar meýdanda ýetişdirilýär.

Ýetişdirilen hasyly saklamak we ony arssalamak üçin etrapda ýokary tehnologiýaly kärhana işleýär.

Döwlet tarapyndan oba hojalyk önümlerini öndürijileriň goldanylmagy, pudagyň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy sebitde şalyçylygyň yzygiderli ösdürilmegine ýardam edýär.