Ï Önümleriň görnüşleri artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Önümleriň görnüşleri artýar

view-icon 6573
Önümleriň görnüşleri artýar

Daşoguz şäheriniň Zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasy önüm görnüşleriniň üstüni täzeleri bilen doldurdy. Bu ýerde dokalmadyk matadan tikilen stamotologik öňlügiň önümçiligi özleşdirildi. Bu täze önüm diş bilen baglanyşykly dürli amallar we bejergiler, barlaglar ýa-da gözden geçiriliş pursadynda ulanmak üçin niýetlenendir.

Bu ýerde, şeýle hem, bejeriş-öňüni alyş ýardamy amala aşyrylanda, şol sanda, hirurgik çäreler geçirilende, amal, bejeriş we sargy otaglarynda ulanylýan 1,6 x 2 metrlik bir gezeklik düşek ýüzlerini spanbonddan öndürip başladylar. Şunuň ýaly düşek dürli ýokançlyklardan goragy gowulandyrýan antistatik we bakteriýalara garşy häsiýetlere eýedir.

Kärhananyň işgärleri müşderileriň isleglerine laýyklykda, lukmançylyk gips bintleriniň uzynlygyny 4 metre çenli uzaltdylar we reanimasiýa hem amal bölümleriniň işgärleri tarapyndan ulanylýan bir gezeklik steril amal halatlarynyň, şeýle hem uly we kiçi hirurgik çäreleri ýerine ýetirýärkä, lukmanyň kesel ýokmagyndan doly goragyny üpjün edýän hirurgik geýimleri öndürip başladylar.

Daşoguz şäheriniň Zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasynyň önümi ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda ulanylýan ýokary tehnologiýaly iri pudaklaryň biridir. Ýakynda kärhananyň önümleri hiliniň ýokarylygy we görnüşiniň köpdürliligi bilen daşary ýurtly sarp edijileriň-de ünsüni özüne çekdi.