Ï Daşoguzda şäher we oba hojalygynyň suw üpjünçiliginde howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça okuw geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguzda şäher we oba hojalygynyň suw üpjünçiliginde howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça okuw geçirildi

view-icon 1582
Daşoguzda şäher we oba hojalygynyň suw üpjünçiliginde howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça okuw geçirildi

Daşoguz şäherinde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikde durmuşa geçirýän «Türkmenistanda milli uýgunlaşma meýilnamalaşdyryşy ösdürmek» we «Ençeme haýyr görmek üçin Aral deňziniň töwereginde ýokary tebigy gymmatlykly ýer serişdelerini hem-de ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» taslamalarynyň çäklerinde üç günlük seminar guraldy. Taslama suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak we goramak meseleleri boýunça ugurdaş hünärmenleriň ukyp-başarnygyny güýçlendirmäge gönükdirildi.

Okuwa Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň we Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkimlikleriniň, «Daşoguzagyzsuw», «Ruhubelentsuwhojalyk», «Türkmenbaşysuwhojalyk», «Daşoguzsuwhojalyk», «Hanýapsuwhojalyk», «Boldumsazsuwhojalyk», «Akdepesuwhojalyk», «Lebapsuwhojalyk» «Berzensuwaryşulgamy» önümçilik birleşikleriniň, «Suwgözegçilik» Döwlet gullugynyň, Suw hojalygy döwlet komitetiniň, Türkmen döwlet «Türkmentaslama» ylmy-barlag institutynyň, Aral deňzini halas etmek Halkara gaznasynyň (IFAS) Müdirýetiniň Daşoguz bölüminiň we «Amyderýa» guramasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Oňa gatnaşanlar howanyň üýtgemeginiň suw serişdelerine, oba hojalyk ekinlerini suwarmak düzgünlerine täsirini we fermerler derejesinde suw sarp edilişini düzgünleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen oba hojalyk institutyna baryp görenlerinden soň, oňa gatnaşyjylar oba hojalygyny awtomatlaşdyrmakda ulanylýan multimediýa programmalary we «CLAAS» kompaniýasynyň hödürleýän oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak üçin öňdebaryjy çözgütleri bilen tanyşdylar.

Bu okuw Döwletara utgaşdyryjy suw hojalygy iş toparynyň Ylmy-maglumat merkezi (DUSHT-nyň YMM) we AHEHG-nyň Durnukly ösüş boýunça döwletara topary bilen Ylmy-maglumat merkezi bilelikde guran nobatdaky seminarydyr.