Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda şanly senedir.

2025-nji ýylyň 19-njy fewralynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iş duşuşygy geçirildi. Oňa türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa gatnaşdy.

2025-nji ýylyň 17-18-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran şäherinde geçirilen Üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy.

2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda Döwlet magaryf uniwersitetinde çäre geçirildi.

2025-nji ýylyň 17-19-njy fewraly aralygynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň Tokio şäherine iş sapary amala aşyryldy.
