Hyzmatdaşlyk
27.04.2024
70
Ankarada Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi
2024-nji ýylyň 25-26-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmelere gatnaşmak maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ankara şäherine iş sapary amala aşyryldy.
27.04.2024
70
Türkmenistanyň BSG-na agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2024-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
25.04.2024
1226
ESCAP-yň 80-nji mejlisiniň çäklerinde ugurdaş çäre geçirildi
2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Bangkok şäherinde geçirilýän Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň «BMG-niň Aral deňziniň sebiti boýunça Ýörite maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Karanamasy boýunça ugurdaş çäre geçirildi.
24.04.2024
1471
German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy müdiri bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy müdiri Mihael Harmsyň arasynda duşuşyk geçirildi.
24.04.2024
387
Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça Döwlet sekretary bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemeronyň arasynda duşuşyk geçirildi.
24.04.2024
1806
Türkmenistanyň Waşingtondaky Ilçihanasy beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli küşt boýunça ýaryş geçirdi
2024-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Waşingtondaky Ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň ömrüni we mirasyny bellemek üçin ajaýyp meýdança öwrülen küşt boýunça ýaryş gurady. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Türkiýäniň, Russiýa Federasiýasynyň, Gruziýanyň we Belarusiýanyň diplomatlary gatnaşdylar.
24.04.2024
1663
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde EKOSOS-yň Forumyna gatnaşdy
2024-nji ýylyň 22-24-nji apreli aralygynda Maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ösüşi maliýeleşdirmek babatynda geljekki çäreler boýunça EKOSOS-yň forumyna gatnaşdy.
23.04.2024
1576
Türkmenistanyň DIM-de birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişlik dabarasy geçirildi
2024-nji ýylyň 23-nji aprelinde Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş meseleleri boýunça Döwlet sekretary Lord Kameronyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ikitaraplaýyn resminama gol çekişlik dabarasy geçirildi, taraplar hususan-da aşakda görkezilen resminamalara gol çekdiler:
23.04.2024
1363
Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň mejlisi
2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde Rumyniýanyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň binasynda Awtoulag boýunça türkmen-rumyn bilelikdäki komissiýasynyň üçünji mejlisi we Ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýanyndaky «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy G.Akmamedow ýolbaşçylyk etdi.
20.04.2024
2048
Tbiliside Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi
2024-nji ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” we “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasyny gurnady.