08.05.2026
Şu gün paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Netijeli geçen duşuşyk ýokary döwlet derejesinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde nobatdaky möhüm ädim bolup, iki ýurduň uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.