30.06.2026
3703
Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Müdirliginiň wekili bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Müdirliginiň Ählumumy döwürleýin syn boýunça sebitleýin geňeşçisi Pawlo Býalikiň arasynda duşuşyk geçirildi.
30.06.2026
3769
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ýurtda diplomatik wezipesini tamamlaýan BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
30.06.2026
3368
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Awstriýa- Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy N.Berger bilen duşuşygy geçirildi.
30.06.2026
4818
Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi
Türkmenistanyň medeniýet we sungat äleminiň wekilleri 23 – 26-njy iýun aralygynda Özbegistanyň Namangan şäherinde geçirilen III halkara mukam forumyna gatnaşdylar. ÝUNESKO bilen Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça Yslam guramasynyň (ISESCO) howandarlygynda ýola goýlan bu giň gerimli çäre dürli ýurtlardan bolan hünärmenleri, sungat işgärlerini we ýerine ýetirijileri bir ýere jemledi.
30.06.2026
4718
«Maşgala durmuşyndan sahnalar: Eje» atly sahna oýnunyň görkezilişi uly üstünlige eýe boldy
A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda fransuz dramaturgy Florian Zelleriň «Maşgala durmuşyndan sahnalar: Eje» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi bolup, ol tomaşaçylara diňe bir täsirli psihologik dramany däl, eýsem möwsümiň iň ýatdan çykmajak teatr wakalarynyň birini peşgeş berdi.
30.06.2026
2166
Türkmenistan we Hytaý ýokary hünär bilimi ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýärler
5-26-njy iýun aralygynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsiniň wekilleri «Merkezi Aziýa-Hytaý: önümçilik, okuw, ylym we tejribe ulgamynda hyzmatdaşlyk» atly foruma gatnaşmak üçin Hytaýyň Urumçy şäherine iş saparyny amala aşyrdylar.
30.06.2026
7711
Türkmen türgenleriniň Özbegistanda geçirilen Aziýa çempionatynda gazanan ýeňişleri
Özbegistan Respublikasynyň Fergana şäherinde geçirilen guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda türkmen türgenleri 9 medal gazandylar. Ýygyndy topardan ildeşlerimiz 3 sany altyn we 6 sany bürünç medala mynasyp boldylar.
30.06.2026
4647
Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde «Oguz söýgüsi» atly sahna oýny görkezildi
Türkmenistanyň Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda iň meşhur sahna eserleriniň biri bolan «Gorkut ata» eposy esasynda sahnalaşdyrylan «Oguz söýgüsi» atly sahna oýnunyň görkezilişi boldy.
30.06.2026
6057
Begenç Karaýew – alym we diplomat
Begenç Saparowiç Karaýewiň dostlary we tanyşlary ony, köplenç, degişme bilen fransuz alymy Rene Dekart ýa-da nemes alymy Gotfrid Leýbnis bilen deňeşdirýärler.
29.06.2026
4698
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.