Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Awstriýa- Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Awstriýa- Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy geçirildi

view-icon 68
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Awstriýa- Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy N.Berger bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň iki ýurduň arasynda medeni dialogy, özara düşünişmegi we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýetini nygtadylar.

Şeýle hem, Wena balyny geçirmek ýaly bilelikdäki medeni başlangyçlaryň Türkmenistan bilen Awstriýanyň halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakdaky möhüm orny bellenildi.