10.10.2025
4783
Paýtagtymyzyň saglygy goraýyş düzüminiň binýady berkidilýär
Paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň “Garadaşaýak” ýaşaýyş toplumynda gurlan döwrebap saglyk öýüniň açylyş dabarasy Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralan giň gerimli çäreleriň üstüni ýetirdi.
10.10.2025
4467
Mary welaýatynda döwrebap hassahana ulanmaga berildi
Şu gün Mary etrabynyň Täze güýç geňeşliginiň çäginde 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe ajaýyp sowgat boldy.
10.10.2025
4541
Türkmenistanyň Efiopiýadaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Addis Abebada şäherinde Türkmenistanyň Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyndaky täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Ankara şäheri) M.Işangulyýew bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Protokol müdirliginiň başlygy hanym Aziza Geleta Dessalegne ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
10.10.2025
4566
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli talyplaryň arasynda döredijilik bäsleşigi yglan edildi
Türkmen döwlet medeniýet instituty Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlap, «Hemişelik Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen at bilen publisistik makalalaryň bäsleşigini geçirýändigini yglan etdi.
10.10.2025
3005
Türkmenistan – Özbegistan: hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Özbegistanyň we Türkmenistanyň wekilleriniň duşuşygy boldy.
10.10.2025
2534
Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen elektrik energiýasyny üpjün etmekde we innowasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýardyr
Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen elektrik energiýasyny üpjün etmek babatynda bähbitleriň ylalaşylmagyna we innowasiýa ulgamynda anyk hyzmatdaşlyga açykdyr.
10.10.2025
4192
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Baş syýasy sekretary bilen duşuşyk barada
2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Baş syýasy sekretary Datuk Seri Şamsul Iskandar Mohd Akiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi.
10.10.2025
3141
Türkmenistan Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesiniň ösüşiniň möhüm peýdasy bardygyny belledi
Türkmenistan Hazar deňziniň gündogar kenarýakasynyň ugry boýunça Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesiniň döredilmeginde uly geljegi görýär.
10.10.2025
5147
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Belent maksatlara ruhlandyrýan, ajaýyp ösüşleriň hem-de köpugurly özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň toýly günlerinde Size «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli Sizi türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, agzybir halkymyzyň mundan beýläk hem abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, içeri we daşary syýasatymyzyň üstünliklere beslenmegi ugrunda alyp barýan beýik başlangyçlaryňyzda uly rowaçlyklary arzuw edýärin.
10.10.2025
4284
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakalara beslenýän toýly günlerinde uly ruhubelentlikde bellenilýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, halkymyzyň bagtyýarlygy, asudalygy, sagdyn durmuşy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň abraý-mertebesiniň has-da belende galmagy ugrunda alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriňiziň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.