Ï Paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirilýär

view-icon 7
Paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirilýär

Şu gün paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik paýhasy bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilen Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Ak şäherimiz Aşgabat bu gün bedew batly ösüşleri, innowasion tehnologiýalar we iň gowy dünýä tejribesi ornaşdyrylan täze binalary bilen dostluk hem-de myhmansöýerlik ýörelgelerini ösdürýän şäher hökmünde halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenip geçilmegi paýtagtymyzyň halkara abraýyny has-da dabaralandyrýar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan köpugurly halkara sergi hem paýtagtymyzyň gazananlary bilen ýakyndan tanyşmak, täze işewürlik başlangyçlaryny ýola goýmak üçin amatly şertleri özünde jemleýär. 25 ýyldan bäri her ýyl geçirilýän köpugurly sergi şähergurluşyk, senagat, innowasiýalar ulgamlarynda ýurdumyzyň gazananlary, paýtagtymyzyň jemgyýetçilik, ykdysady, ylmy, medeni üstünlikleri bilen tanyşdyrýan iri çärä öwrüldi. Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guralýan çärä gatnaşmak isleýänleriň sanynyň ýylsaýyn artmagy daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň döwletimiziň ösüşlerine uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär. Köpugurly halkara sergä we maslahata 55 ýurtdan wekiller gatnaşýarlar. Munuň özi Diýarymyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesinde maýa goýumlar üçin oňyn şertleriň döredilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Bu foruma gatnaşýan daşary ýurt kompaniýalary, maliýe guramalary we maýadarlar geljegi uly taslamalary öwrenmek, hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin giň mümkinçiliklere eýe bolýarlar.

Söwda-senagat edarasynyň öňündäki meýdançada döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlar ýaňlandy. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, türkmen we daşary ýurtly işewürler, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak mermerli paýtagtymyzyň ösüşiň hem-de gözelligiň şäheri hökmünde at-abraýy barha artýar. Milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleri öňdebaryjy gurluşyk tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp gurulýan dürli maksatly desgalar we binalar ýokary durmuş şertlerini üpjün etmek bilen bir hatarda, paýtagtymyzyň täze, döwrebap keşbini emele getirýär.

Köpugurly sergä gatnaşyjylar halkara hyzmatdaşlyk üçin özara bähbitli işewürlik tekliplerini hödürleýärler. Şolaryň hatarynda gurluşyk, elektroenergetika, gaýtadan işleýän hem-de ýeňil senagat, dizaýn, şäher düzümini döwrebaplaşdyrmaga degişli ugurlar bar. Şeýle çemeleşmäniň esasy ugurlarynyň biri dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly innowasion ösüşi gazanmakdan ybaratdyr. Serginiň çäklerinde türkmen hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň 130-dan gowragy diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy.

Uly ekranda ak mermerli paýtagtymyzyň durmuş we ykdysady ulgamlarda ýeten derejesi görkezildi. Owadan görnüşde ýerleşdirilen köp sanly güller, bezeg baglary ýurdumyzyň baş şäherinde ekologik abadançylyga möhüm üns berilýändigini alamatlandyrýar. Bu ýerde Aşgabadyň keşbini emele getirýän ajaýyp binalaryň şekil nusgalaryna-da aýratyn orun berlipdir.

Paýtagtymyzyň şu günki döwrebap keşbi ýurdumyzyň gurluşyk-senagat toplumynyň ýeten derejesiniň aýdyň görkezijisidir. Gurluşyk pudagynda batly depginde dowam edýän özgertmeleriň, ýokary maýa goýum işjeňliginiň oňyn netijesini ak mermerli Aşgabadyň mysalynda görmek bolýar. Gurluşyk-senagat toplumyna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň diwarlyklarynda ýerli çig maldan taýýarlanylýan gurluşyk serişdelerine, durmuşa geçirilen taslamalara möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda hereket edýän önümçilik desgalarynyň durkuny täzelemek, döwrebaplaşdyrmak, eksport ugurly önümleri öndürýän, ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze zawod-kärhanalary gurmak babatda yzygiderli işleriň alnyp barylýandygyny bellemek gerek.

Türkmenistanyň paýtagty häzirki zaman, okgunly ösýän şäheriň — geljegiň şäheriniň täsin nusgasyny özünde jemleýär. Onda gözellik, oňaýlylyk, binagärligiň öňdebaryjy gazananlary, inženerçilik-tehniki gazanylanlar, milli binagärligiň gadymdan gelýän däpleri sazlaşykly utgaşýar. Şunuň bilen baglylykda, merjen şäherimiz Aşgabatda giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýurdumyzyň we daşary döwletleriň öňdebaryjy kompaniýalarynyň işjeň gatnaşýandygyny nygtamak gerek. Daşary ýurtlardan sergä gatnaşyjylaryň hatarynda “Bouygues Türkmen”, “Gap Inşaat”, “Rönesans”, “Çalyk Enerji”, “Daewoo”, “Altkom”, “Interbudmontaž” ýaly ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlyk edýän kompaniýalary bar. Olar baş şäherimizi özgertmek boýunça birnäçe taslamalary üstünlikli amala aşyrýarlar.

Oba hojalyk we azyk pudaklaryndan başlap, ýaşaýyş jaýlaryny, döwrebap senagat kärhanalaryny gurmak, gurluşyk serişdelerini öndürmek bilen meşgullanýan ýurdumyzyň telekeçileridir haryt öndürijileri öz mümkinçiliklerini görkezýärler. Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny goldamagy we höweslendirmegi netijesinde olaryň sany ýylsaýyn artýar. Häzirki wagtda türkmen gurluşykçylary tarapyndan bina edilýän desgalar zerur bolan ähli kommunikasiýalar bilen üpjün edilýär, degişli düzümler ösdürilýär. Welaýat merkezleriniň keşbi hem gözümiziň alnynda özgerýär. Ak mermerli paýtagtymyzda ajaýyp binalar, durmuş ulgamyna degişli desgalar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, önümçilik kärhanalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär.

“Ajaýyp gurluşyk”, “Rysgally zähmet”, “Röwşen”, “Ýedi-Ýer”, “Altyn Nesil”, “Ojar Aziýa” ýaly hususy kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri öz diwarlyklarynda durmuşa geçirilen hem-de geljekde amala aşyryljak taslamalary görkezýärler. Bu hususy düzümler paýtagtymyzda, welaýatlarda durmuş, önümçilik desgalarynyň ençemesini bina etdiler. Häzirki wagtda işewürligi üstünlikli ösdürmek üçin has amatly şertler döredildi. Bu ugurda milli kanunçylyk kämilleşdirilýär, maýa goýum işi höweslendirilýär. Bu babatda Diýarymyzyň örän baý tebigy serişdeleri, geografik taýdan amatly ýerleşmegi giň mümkinçilikleri açýar.

Hususy gurluşykçylaryň sergi diwarlyklarynda Aşgabatda amala aşyrylan taslamalar bilen bir hatarda, Arkadag şäherinde gurlan we gurulýan desgalaryň şekilleriniň öz beýanyny tapmagy bu döwrebap şäheriň türkmen kärhanalarynyň ösmegi, tejribe toplamagy üçin uly mümkinçilikleri hödürleýän meýdança öwrülendigini görkezýär. “Ak bulut”, “Ak tam”, “Eziz doganlar”, «Derýaplastik”, “Şanly bedew”, “Galkynyş plastik” ýaly türkmen kompaniýalary kafelleri, asma petikleri, ýerli çig mal serişdeleri ulanylyp taýýarlanylýan başga-da köp sanly gurluşyk serişdelerini hödürleýärler. “Türkmen Enjam”, “Ak hümmet”, “Arçaly Dünýä” we “Eşret mahabat” ýaly kärhanalar gurnama işlerini ýerine ýetirmek, dürli maksatly desgalar üçin enjamlary getirmek boýunça hyzmatlary bilen tanyşdyrýar.

Ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň halkara ekologik talaplara laýyk gelýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu ugurda paýtagtymyz Aşgabatda, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde we welaýatlarymyzda gurlup ulanmaga berilýän dürli maksatly binalardyr desgalary, döwrebap seýilgähleri görkezmek bolar. Bu asylly işler daşky gurşawy goramagyň döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridigine aýdyň şaýatlyk edýär. Giň gerimli gözden geçirilişe bagçylyk, şäher gurşawyny abadanlaşdyrmak boýunça birnäçe hususy kärhanalar gatnaşýar. Şolaryň hatarynda “Saýaly jülge”, “Bossan Concept”, “Roza gül” ýaly kärhanalar bar.

Ýaşaýyş-durmuş üçin amatly şertleri döretmek Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş toplumlarynyň gurulmagyna, olarda “akylly” öý we innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň we Hytaýyň “Unilumin Group” kompaniýasynyň innowasion enjamlary, sanly tehnologiýalary sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döredýär. Birnäçe kärhanalar sanly ulgamy ornaşdyrmak, önümçilikler üçin dürli programma çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça hyzmatlary bilen tanyşdyrýar. Döwrebap aragatnaşyk ulgamynyň döredilmegi häzirki döwürde şäherleriň durnukly ösüşiniň esasy şertleriniň biridir. Aragatnaşyk ministrliginiň diwarlygynda ýurdumyzyň bitewi sanly giňişligini döretmekde gazanan üstünlikleri öz beýanyny tapýar.

Paýtagtymyzyň medeni-durmuş, söwda-dynç alyş ulgamynda iş alyp barýan işewürleriň diwarlyklary gözden geçirilişiň aýratyn bölegini emele getiripdir. Şolardan “Şerbet market”, “Milli market”, “Halk market” ýaly halkyň gündelik sarp edýän önümlerini üpjün edijileri, “Altyn”, “Magat”, “Kebapçy”, “Toý mekany”, “Bahar” ýaly restoranlar torlaryny görkezmek bolar.

Halkara sergä gatnaşýan “Aýbölek” mebel kärhanasynyň diwarlygynda öý we iş ýerleri üçin dürli mebeller görkezilýär. Gök-bakja, dürli azyk önümlerini öndürýän kärhanalar hem azyk bolçulygyny döretmek babatda alyp barýan işleri bilen tanyşdyrýar. Şolaryň arasynda “Täze Aý”, “Erteki” hususy kärhanalarynyň, “Hasar”, “Ýigit” hojalyk jemgyýetleriniň diwarlyklarynyň ýany köp adamly boldy. “Parahat”, “Türkmenistan Сoсa-Сola Bottlers”, “Ýüpekçi”, “Goşa çynar” ýaly kärhanalar tomus paslynda uly islege eýe bolan alkogolsyz içgileri, miwe suwlaryny hödürleýär.

Diýarymyzda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri, takyk bilimleri özleşdirmekleri üçin ähli şertler bar. Telekeçiler okatmagyň öňdebaryjy we netijeli usullaryna esaslanýan bilim merkezlerini esaslandyryp, kämil bilimli, ösen aň-düşünjeli ýaş nesliň kemala getirilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Gözden geçirilişe gatnaşýan hususy bilim merkezleri daşary ýurt dillerini, arifmetikany, kompýuter we programmirlemäni öwrenmek üçin hödürleýän çuňlaşdyrylan okuwlary bilen tanyşdyrýar. Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak boýunça hödürlenilýän mümkinçiliklere bagyşlanan diwarlyklar ýaşlar üçin has-da özüne çekijidir.

Halkara sergide dokma we elde dokalan döwrebap haly önümleri, halk senetçiligi bilen meşgullanýan hususy telekeçileriň diwarlyklaryna hem möhüm orun berlipdir. Sergide döwrebap ýeňil awtoulaglaryň, gurluşyk pudagynda, jemagat hojalygynda ulanylýan ýöriteleşdirilen tehnikalaryň dürli görnüşleri bilen tanyşmak bolýar.

Umuman, köpugurly halkara sergi öňdebaryjy şähergurluşyk konsepsiýalary, Garaşsyzlyk ýyllarynda ak mermerli paýtagtymyzyň ýeten derejesi bilen ýakyndan tanyşmaga, döwlet edaralarynyň, senagat pudagynyň, innowasion önümçiligiň wekilleri bilen önümçilik we hyzmatlar ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga amatly şertleri döredýär.

“Ak şäherim Aşgabat” atly köpugurly halkara serginiň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň “Global dialog arkaly iş ýüzünde durmuşa geçirmek: durnukly, inklýuziw we “akylly” şäherler” atly ýokary derejeli halkara “tegelek stol” maslahaty geçirildi. Onda şäherleri ösdürmegiň häzirki zaman ýörelgeleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde şäherleşme meýilleri ýurtlaryň çäklerinden çykyp, ählumumy derejä eýe bolýar. Şäher gurşawynyň ösüş derejesi ýurtlaryň maýa goýum babatda özüne çekijiligine, ykdysadyýetleriň durnukly ösüşine we howanyň üýtgemegi bilen bagly wehimlere uýgunlaşmagyna täsirini ýetirýär. Şäherler ösdügiçe, olar halkara hyzmatdaşlygyň, tehnologiýalary alyşmagyň, durnukly ösüşiň täze nusgalaryny ilerletmegiň merkezi hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýarlar. Tutuş dünýäde bolşy ýaly, Merkezi Aziýada hem täzeçil gurluşyk taslamalarynyň, “akylly” şäher konsepsiýasynyň amala aşyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şunda innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan we amatly ekologiýa ýagdaýy döredilen şäher gurşawlaryny döretmek boýunça milli çemeleşmelere üns çekildi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda şähergurluşyk babatda iri möçberli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň bu ugurda toplan tejribesi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Köpetdagyň ajaýyp künjeginde kemala gelen, ekologik taýdan arassa, owadan şäherleriň arasynda orun alan Aşgabat şäheri, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýeten sepgitlerini görkezýär. Şunda çykyş eden daşary ýurtly myhmanlar durnukly ösýän şäherleri ösdürmekde, amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmekde Türkmenistanyň durmuşa geçirýän işlerine ýokary baha berdiler. Bu işler Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli şähergurluşyk başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli ilerledilmeginiň oňyn netijesi bolup durýar.

Günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzdaky “Olimpiýa” myhmanhanasynda ýurdumyzyň döwlet, hususy kärhanalarynyň, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, beýleki halkara guramalaryň, daşary döwletleriň diplomatik wekilhanalarynyň, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň gatnaşmagynda “Ak şäherim Aşgabat” maslahatynyň “Durnukly, “akylly” we global goşulyşýan paýtagt şäheriniň kemala gelmegi” atly plenar mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Aşgabady uzak möhletleýin esasda ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryna garaldy. Çykyş edenler Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň nyşany bolan Aşgabat şäheriniň 145 ýyllygy we baýramçylyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) döredijilik şäherleriniň toruna, bu guramanyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilmegi, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň agzalygyna kabul edilmegi onuň ýokary halkara derejesini görkezýär.

Bellenilişi ýaly, şäher gurluşygy ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Watanymyzyň baş şäherini ösdürmek meseleleri “Aziýanyň merjen şäheri” diýlip ykrar edilen şäherimiziň okgunly ösüşinde öz beýanyny tapýar. Hemmetaraplaýyn ösen şäheriň ähli aýratynlyklaryny özünde jemleýän paýtagtymyzyň durmuş infrastrukturasy yzygiderli ösdürilýär, binagärlik toplumlarynyň üsti täze binalar we desgalar bilen ýetirilýär. Täze taryhy döwrümiziň ähli ýyllarynda bolşy ýaly, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hem paýtagtymyzda dürli maksatly desgalaryň, ýaşaýyş toplumlarynyň birnäçesiniň ulanmaga berilmegi meýilleşdirildi. Şol gurluşyklaryň köpüsiniň ýerli gurluşykçylar tarapyndan amala aşyrylmagy diýseň buýsandyryjydyr. Munuň özi Watanymyzyň döredijilik we ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanýandygynyň görkezijisidir. Gurulýan binalarda döwrebap sanly ulgamlary, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir. Şäherde döwrebap ýaşaýyş toplumlary, medeni we sport desgalary, önümçilik desgalary, ylmy-tehnologik çözgütlere esaslanýan döwrebap durmuş düzümi kemala getirilýär. Maslahatyň dowamynda paýtagtymyzyň häzirki zaman, durnukly, ýaşaýyş üçin amatly, ynamly ösýän şäher hökmünde halkara hyzmatdaşlyga, maýa goýumlara hemişe açykdygy aýratyn nygtaldy.

Maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de daşary döwletleriň öňdebaryjy gurluşyk, önümçilik kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Olarda gyzyklanma bildirilýän ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň ikinji gününde “akylly” şäherleri, senagat we gurluşyk toplumlaryny ösdürmek, geljegiň şäherleri üçin öňdebaryjy energetika hem-de sanly ulgamlar boýunça ýöriteleşdirilen mejlisler geçiriler. “Ak şäherim Aşgabat” atly XXV köpugurly halkara sergi we maslahat Aşgabat şäheriniň gününde öz işini tamamlar.

***

“Ak şäherim Aşgabat” atly XXV köpugurly halkara serginiň we maslahatyň çäklerinde resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Ýaponiýanyň «Muroosystems Corporation» kompaniýasynyň arasynda resminama; Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Singapur Respublikasynyň «Bitdeer Technologies Group» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Singapur Respublikasynyň «Mitsubishi Heavy Industries Asia Pacific, Pte. Ltd.», Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corporation Machinery Inc.» we Türkiýe Respublikasynyň «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýalarynyň arasynda «Garabogazkarbamid» zawody üçin bejeriş we tehniki hyzmat ediş boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek barada Ähtnama; «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «Hong Kong Richie Sweet Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama; Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Inros Lackner SE» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «Shantui Construction Machinery Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «Sinotruk Hong Kong Capital Holding Limited» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.