22.09.2025
4881
Türkmen talyplarynyň ylmy işleri «WSDG 2025» halkara bäsleşiginde iň ýokary baýraga mynasyp boldy
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) gazanmak boýunça «World Sustainable Development Goal Challenge» (WSDG 2025) halkara bäsleşiginde uly üstünlik bilen çykyş etdiler.
22.09.2025
4709
Türkmenistanda hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy: gündizlerine maýyl, gijelerine salkyn
22 – 28-nji sentýabry aralygynda ýurdumyzda maýyl howa garaşylýar. Gijelerine howanyň temperaturasynyň +12 gradusa çenli peselmegi mümkin. Ýurdumyzyň käbir sebitlerinde az-kem ýagyş ýagmagy mümkin.
22.09.2025
5657
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 435 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy.
22.09.2025
4733
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
22.09.2025
4700
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň baýram edilýän günlerinde bellenilýän doglan günüňiz mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, onuň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeleriňiziň, parahatçylyk we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri hem-de daşary syýasatyňyzyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
21.09.2025
6010
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Nýu-Ýorka ugrady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
21.09.2025
8512
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler geljegiň röwşen ýollaryny gurmagyň mizemez binýadydyr
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, täze taryhy eýýamda halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.
21.09.2025
6157
Türkmen samboçylary Duşanbe şäherinde geçirilýän Dünýä Kubogy ýaryşynyň birinji gününde bäş medal gazandylar
Täjigistanyň Duşenbe şäherinde başlanan Dünýä Kubogy ýaryşynyň ilkinji gününde türkmenistanly samboçylar 5 medal – 2 altyn, 2 kümüş we 1 bürünç medala mynasyp boldular.
21.09.2025
4970
«Ahal» futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky ýaryşy Hindistanyň çempionyndan üstün çykyp, ýeňiş gazanmakdan başlady
«Ahal» toparynyň futbolçylary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynda «С» toparçadaky ilkinji duşuşykda Hindistanyň «Mohun Bagan» toparyny 1:0 hasabynda ýeňip, ýaryşa üstünlikli başladylar.
21.09.2025
4031
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana we Premýer-ministri Nikol Paşinýana hem-de ýurduň ähli halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.