Ï Daşoguz welaýatynyň ýüpekçileri jogapkärli möwsüme taýýarlykly girişdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynyň ýüpekçileri jogapkärli möwsüme taýýarlykly girişdiler

view-icon 74
Daşoguz welaýatynyň ýüpekçileri jogapkärli möwsüme taýýarlykly girişdiler

Daşoguz welaýatynda pile öndürijiler üçin örän wajyp işler garaşýar. Bu sebitde geçirilýän möwsümleýin oba hojalyk çäresiniň möhümligine geçen ýyl 7 müňden gowrak kärendeçiniň, 186 daýhan hojalygynyň, onlarça daýhan birleşikleriniň gatnaşmagy hem subutnamadyr.

Gymmatly çig maly öndürijiler ýüpek gurçugyny köpeltmekde baý tejribä eýedirler. Olar ýokary hilli ýüpek almak üçin ýüpek gurçugyny dogry iýmitlendirip, olaryň saklanýan ýeriniň ýylylygynyň oňaýly we çyglylygynyň saz bolmagyny möhüm hasap edýärler. Şeýle-de ýüpek gurçuklarynyň kesele garşy öňüni alyş çäreleriniň geçirilmegine, gurçuklaryň esasy iýmit çeşmesi bolan tut agajynyň hiline we ýapraklarynyň terligine, olaryň iýmitlendiriliş düzgünine aýratyn üns berilýär.

Piläniň taýýarlanylmagy üçin wajyp bolan şertleriň döredilmegi netijesinde ýüpekçiler bellenilen senede gymmatly çig maly 500 tonna mukdarynda taýyn edip ýurdumyzyň senagatynyň dokma önümlerine tabşyrmagy maksat edinýärler.

Dowamly geçirilýän çäreleriň kömegi bilen ýurdumyzyň demirgazyk sebiti ýüpekçiligiň ösmegi üçin gowy iýmitlik esas bolup durýar. Onuň tut agaçlarynyň ýerleşen meýdany müňlerçe gektar hasabynda ýöredilýär, şeýle-de hem ýylda oba hojalyga ýaramly we suw çeşmeleriniň bar ýerleri täze nahallar bilen doldurylýar.